Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen prokurory parahorlugy boýun aldy


Para alyp we berip duran adamlary şekillendirýän surat.
Para alyp we berip duran adamlary şekillendirýän surat.

Türkmenistanyň Baş prokurory “käbir ministrlikleriň, pudak edaralarynyň we welaýat häkimlikleriniň aýry-aýry işgärleriniň parahorluk edýändiklerini” boýun aldy. Baş prokuror Amanmyrat Hallyýew bu barada anna güni geçirilen Ministrler kabinetiniň giňişleýin mejlisinde beren hasabatynda aýtdy.

Emma Türkmen telewideniýesinde bu temadan görkezilen materialda Baş prokuror anyk haýsy ministrlikleriň, pudak edaralarynyň we welaýat häkimlikleriniň parahorluk edýändikleri, parahorlugyň möçberi we bu aýyplamalaryň nämä esaslanýandygy barada takyk maglumat bermedi.

Şeýle-de, türkmen resmisi bu agzan hadysasy sebäpli nähilidir bir degişli çäreleriň görlüp-görülmändigi ýa-da munuň bilen baglylykda jenaýat işleriniň gozgalandygy ýa-da gozgalmandygy barada hiç bir zat aýtmady.

Görülmeli anyk çäreler barada aýdylmady

8-nji ýanwarda geçirilen hökümet maslahatynda Baş prokuroryň hasabatynyň yzy bilen prezident G.Berdimuhamedow hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryndan korrupsiýa garşy göreşmek boýunça “çäreleri güýçlendirmegi” talap etdi.

Berdimuhamedow “ýolbaşçylyk edýän ugrunda parahorluk ýagdaýlary ýüze çykarylan ähli ýolbaşçylaryň eýeleýän wezipesinden boşadyljakdygyny hem-de kanuna laýyklykda jenaýat jogapkärçiligine çekiljekdigini aýtdy” diýip, resmi metbugat maglumat berýär. Emma ýurduň baştutany bu babatda nähilidir bir görülmeli anyk çäreler ýa-da bu ugurda, aýdylyşy ýaly, haýsydyr bir ”ýol kartasyny”, ýagny etmeli işleriň ugruny kesgitlemek boýunça hiç hili goşmaça maglumat ýa-da teklip hödürlemedi.

Gepiň gerdişine görä bellesek, G.Berdimuhamedow hökümet maslahatlarynda korrupsiýa garşy göreşiň möhümdigine gaýta-gaýta ünsi çekip, parahorlukda tutulan resmilere garşy “berk çäreleriň görüljekdigini” hem tekrarlaýar.

Korrupsiýa garşy ilkinji kanun

2014-nji ýylda, ýurduň taryhynda ilkinji gezek, “Korrupsiýa garşy hereket etmek hakynda” ýörite kanun hem güýje girizildi. Bu kanunyň “... [K]orrupsiýa bilen bagly hukuk bozulmalaryna ýardam eden sebäpleri we şertleri aradan aýyrmagyň we olaryň netijelerini ýok etmegiň hukuk we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýändigi” Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň websaýtynda bellenilýär.

Şol bir wagtda, resmileriň bu ugurdaky çykyşlaryna we kabul edilýän kanunlara garamazdan, Türkmenistan parahorlugyň derejesi boýunça halkara guramalarynyň hasabatlarynda ýylyň-ýylyna korrupsiýanyň iň ösen ýurtlarynyň arasynda agzalýar.

Parahorluga garşy çykýan “Transparency International” guramasynyň 2014-nji ýyldaky hasabatynda Türkmenistanyň korrupsiýanyň derejesi boýunça dünýäde iň ýaramaz ýurtlaryň hataryndadygy aýdylyp, ol 175 ýurduň arasynda 169-njy, ýagny iň ýaramaz ýerleriň birinde ýerleşdirilipdi.

XS
SM
MD
LG