Türkmenistanda geljekde korrupsiýa, parahorluga we beýleki ýaramaz ýagdaýlara garşy berk göreş alnyp baryljagy aýdylýar.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni geçiren hökümet maslahatynda ýurduň baş prokurorynyň beren hasabatyny diňläp, korrupsiýa meselesinde «ýüz görmezden, adamyň haýsy wezipede işleýändigine garamazdan, geljekde hem berk göreş alnyp baryljagyny» aýtdy.
«Bu ugurda günäkär adamlaryň hiç biri temmisiz galaryn ýa-da jogapkärçilikden syparyn öýdüp pikir etmesin» diýip, türkmen lideri Ministrler kabinetiniň agzalaryna, häkimlere we ýolbaşçylara ýüzlenip aýtdy.