9-njy maý ýeňiş baýramy golaýlaşdygyça, paýtagtda gara we mämişi çyzykly georgiý lentalaryna duş gelse bolýar. Ýeňiş gününiň öňüsyrasynda georgiý lentalarynyň paýtagtda peýda bolmagy o diýen täzelik bolmasa-da, şu ýyl olar geçen ýyldakylara garanyňda has köp göze ilýär. Özi-de öten ýyllar bu lentany aglaba etniki ruslar dakynan bolsalar, häzir türkmenleriň döşlerinde hem bu lentalary görmek bolýar.
Bu lentalary awtoulaglarda, hatda käbir awtobuslarda hem görse bolýar. Köçeden geçip barýan adamlaryň arasynda çep döşlerinden georgiý lentasyny asyp ýörenleri hem bar.
Döwlet edara-kärhanalarynyň käbirlerinde hem georgiý lentalaryna duş gelse bolýar. Paýtagtdaky Daşary ykdysady we aragatnaşyk bankynda müşderilere hyzmat edýän penjireleriň ählisinde georgiý lentalary asylypdyr.
Käbir orta mekdepleriň okuwçylarynda we mugallymlarynda hem bu lentany görmek bolýar. Ylaýta-da, ors dili bölümi bolan mekdeplerde munuň ýaly ýagdaý köp duşýar. Mysal üçin, paýtagtyň 55-nji, 48-nji mekdeplerinde şeýle ýagdaý göze dürtülýär.
Bu okuwçylara lentalary ene-atalary alyp beripdirler. Mekdebe okuwçylaryň georgiý lentaly gelmeklerine mekdep ýolbaşçylary hiç hili reaksiýa bildirmeýärler. Mugallymlaryň käbirleriniň aýtmaklaryna görä, bu lentalary gadagan edýän ýa-da rugsat berýän görkezme ýok.
Rus ilçihanasy
Şol bir wagtda-da gürrüňi gidýän georgiý lentalary paýtagtda Russiýanyň ilçihanasy tarapyndan paýlanýar. Ilçihanada aýdylyşyna görä, bu aksiýa boýunça her bir adama bir lenta mugt berilýär. Bu lentalary diňe rus ilçihanasyndan alyp bolýandygyny, başga ýerden olary tapyp bolmaýandygyny hem ilçihananyň resmileri mälim edýärler.
Russiýanyň ilçihanasynda hem georgiý lentalarynyň çalt gutarýandygy aýdylýar. Şu gün ir bilen Russiýanyň ilçihanasynyň öňünde 15-20 adam georgiý lentasyny almaga nobata durdular. Georgiý lentasynyň haçan getiriljekdiginiň näbellidigini ilçihanananyň işgäri habar bereninden soň, adamlar ol ýerden gitdiler.
Georgiý lentasy 1769-njy ýylyň 26-njy noýabrynda Ýekaterina II tarapyndan döredilýär. Rus-türk urşy mahaly döredilen bu lenta Georgiý Pobedonosesiň ady dakylýar. Soňky döwür Russiýada bolsa bu lentalar 1941-45-nji ý.ý. urşy bilen baglanyşdyrylýardy. Şol bir wagtda-da, Ukrainadaky ýaragly krizis sebäpli häzir bu lentalar dünýäniň köp ýurtlarynda rus harby agressiýasy, ors şowinizmi we separatizm hem-de uruş hereketleri bilen baglanyşdyrylýar.
Belläp geçsek, Türkmenistanda Beýik ýeňşi alamatlandyrýan resmi ulanylýan lenta hem bar. Bu lenta o diýen giň ýaýran däl. Ony käbir köpçülikleýin çäreler geçirilýän ýerlerde ýa-da telewideniýede görmek bolýar. Bu lenta georgiý lentasyndaky gara çyzygyň ýerine ýaşyl çyzygyň çekilmegi bilen tapawutlanýar.