Sosial torlar, şol sanda Facebook, Instagram, Twitter Türkmenistanda petikli galýar. Ulanyjylar bu torlardan peýdalanmak üçin VPN ulanmaly. Ýöne VPN-ler hem petiklemeler üçin doly çözgüt däl. Azatlyk Radiosynyň habarçysy Türkmenistanyň bir ýokary okuw jaýynda mugallymlardan sosial torlara girmezlik barada dilhatynyň alynýandygyny habar berýär.
Şu günler häkimiýet wekilleri paýtagt Aşgabatda ýerleşýän Medeniýet institutynyň mugallymlaryna dilhaty ýazdyrmak işleri bilen meşgullanýarlar. Dilhatynyň mazmunynda mugallymlar özleriniň sosial torlardan, şol sanda Instagramdan hem-de Facebookdan peýdalanmajakdyklary barada wada bermeli.
Azatlygyň habarçysyna görä, şeýle çäreleriň ýurduň beýleki ýokary okuw jaýlarynda hem alnyp barylýandygy barada güýçli çaklamalar bar.
Mugallym özüniň berýän mejbury wadasynda hatda IMO messenjerinden hem peýdalanmazlyk barada jogapkärçiligi öz üstüne almaly.
“IMO messenjerine ýazylmaga rugsat berilýär, ýöne surat we wideo ugratmaly däl” diýip, ýagdaýdan ýakyndan habarly bir paýtagt ýaşaýjysy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna maglumat berdi.
“Elektron hat ulanmak teklip edilýär” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Azatlygyň habarçysyna görä, diňe bir sosial tor çäklendirmeleri däl, eýsem, tutuş Internet soňky iki gün bäri berk çäklendirilýär.
“Internet resmi taýdan işleýär. Ýöne hemme zat düýpli petiklenýär. Hiç zat ýükläp bolmaýar. Elektron poçtany häzirlikçe diňe SIM kart (mobil internet göz öňünde tutulýan bolmagy mümkin – red.) arkaly açyp bolýar. Ýöne surat ugradyp bolmaýar” diýip, bir Internet ulanyjysy Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.
Türkmen hökümeti onsuz hem Interneti ýyllarboýy berk gözegçilikde saklaýar, ýöne soňky aýlarda häkimiýetleriň onlaýn giňişligi çäklendirmek işleri has-da güýçlendi: VPN ussalaryna häkimiýetler tarapyndan basyş edildi, hatda käbir raýatlar VPN ulanmazlyk barada Gurhandan ant içmäge-de mejbur edildi.
Türkmen häkimiýetleriniň soňky wagtlarda has-da güýçlendirýän Internet çäklendirmeleri Merkezi Aziýa sebitinde we Russiýada häkimiýetleriň sosial torlara gözegçiligi güýçlendirýän wagtlaryna gabat gelýär.
Washington Post neşiriniň 7-nji noýabrda “Merkezi Aziýa liderleri sosial media gözegçiligi güýçlendirmek isleýärler. Russiýanyň tilsimi ýol görkezýär” ady bilen çap eden makalasynda sebitde ýoň bolup barýan sosial media çäklendirmelerine üns çekilýär.
Maglumata görä, 3-nji noýabrda Özbegistanda Telegram, Facebook, Instagram, YouTube we beýleki käbir sosial media saýtlary birden petiklenipdir. Bu petikleme ýurtda täze Internet kanunçylygy bilen baglanyşdyrylýar. Kanunçylyga görä, özbek häkimiýetleri sosial media läheňlerinden ulanyjy maglumatlarynyň ýurt içinde saklanylmagyny talap edýär. Ýöne petikleme, neşiriň ýazmagyna görä, gysga wagtyň içinde ýatyryldy we sosial torlar täzeden dikeldildi.
Waşington Posta görä, bu waka Merkezi Aziýa ýurtlarynda Internet azatlyklaryny çäklendirmek boýunça bar bolan meýillerden habar berýär.
“Iri tehnologiýa kompaniýalary bilen aradaky göreş Merkezi Aziýa hökümetleriniň Günbatar täsirinden barha ikirjiňlenip, muňa derek olaryň sebite degerli maý goýýan Hytaý ýaly ir döwletlere eýerýän wagtlaryna gabat gelýär. Merkezi Aziýa Internete gözegçilik etmekde özüniň öňden gelýän ýarany Russiýanyň tilsimlerini hem yzarlaýar” diýip, Waşington Post ýazýar.
“Gynansak-da, biz iki aganyň arasynda [gysylyp galdyk]” diýip, Waşington Post Almatydaky Digital hukuklar boýunça merkeziň müdiri Ruslan Dairbekowy sitirleýär.
“Bir agamyz – Hytaý: ol ýerden sanly gözegçilik ulgamlary ýaly tehnologiýalar eksport edilýär. Beýleki agamyz – Russiýa: ol sebitde örän iri oýunçy, ol ýerden kanunçylyk tärleri eksport edilýär...” diýip, sanly hukuk merkeziniň direktory sözüniň üstüni ýetirýär.
Türkmenistanda Interneti toruny düzgünleşdiriji kanunçylyk 2014-nji ýylyň dekabrynda kabul edildi. Ýöne 2017, 2019 we 2020-nji ýyllarda bu kanuna täze üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi.
Gazagystanda 2021-nji ýylyň sentýabrynda Internet toruny düzgünleşdirmek boýunça teklip edilen täze kanun taslamasy iri sosial media kompaniýalarynyň ýurduň çäginde şahamça açmagyny talap edýär. Kanun taslamasyna görä, bu talaby berjaý etmedik sosial saýtlar Gazagystanda petiklenmek howpy bilen ýüzbe-ýüz bolar.
Türkmenistanda raýatlaryň onlaýn hereketini yzarlamak üçin sanly gözegçilik ulgamlary, şol sanda VPN hyzmatlarynyň petiklenmegi bilen bir hatarda, bu ugurda jogapkärçiligi raýatyň öz üstüne atmak, şol sanda olara VPN ulanmazlyk barada kasam kabul etdirmek, dilhaty ýazdyrmak ýaly usullardan hem peýdalanylýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.