Garaşsyz “Nowaýa gazeta” gazetiniň öňde baryjy derňew žurnalisti Anna Politkowskaýa 2006-njy ýylyň 7-nji oktýabrynda Moskwadaky öýünde atylyp öldürilende Nataşa Zotowa heniz dokuzynjy synpda okaýardy.
Proteste goşulan türgenleriň arasynda basketbolçy Alena Leuçanka, erkin typmak boýunça milli tälimçi Mikalaý Kazeka, uzak aralyga ylgaýan ýewropa çempiony Wolha Mazuronak, milli woleýbol toparynyň agzasy Artur Udrys we olimiýada, dünýä, ýewropa çempionatlarynda medal alan başga-da köp adam bar.
Orsýetiň “Parnas” liberal syýasy hereketiniň Wladimir şäherindäki ýerli kordinatoryAnna Galinkina ýaňy-ýakynda awtobus duralgalarynda Stalin döwrüniň gizlin polisiýa gullugynyň ofiserleriniň hormatyna asylan bezegli portretleri görüp, aň-taň bolupdyr.
Siriýa, Ukraina, Demirgazyk Koreýa, orslaryň ABŞ-daky prezidentlik saýlawlaryna goşulyşandygy baradaky gürrüňler, Orsýetiň Ýewropany böljek bolşy, sanksiýalar, sanksiýalara berilýän gaýtawullar, siber hüjümler...
Ramzan Kadyrow, Ilýa Ýaşin Çeçenistanyň jedelli ýolbaşçysy baradaky öz raportyny Moskwada metbugat ýygnagynda jemgyýetçilige ýetirmezinden birnäçe sagat öň çap etmek bilen, liberal oppozision syýasatçydan öňürtdi.
Ýewropa parlamenti Strasburgda uly köplük bolup bir rezolýusiýany kabul etdi. Bu rezolýusiýada Orsýet Ukrainadan 2014-nji ýylda basyp alan Krym ýarymadasynda ýerli krym tatarlaryna çemeleşişi sebäpli resmi suratda ýazgarylýar.
Ukrainada ”Malaýziýa howaýollaryna” degişli MH17 ugry boýunça howa giňişliginden barýan ýolagçy uçarynyň urlup ýykylmagy bilen bagly pajygaly wakalara eýýäm bir ýyl doldy.
Ýewropa ýurtlary daşary ýurtlardaky rus döwlet emläklerini arbitraž sudunuň karary esasynda doňdurdylar. Rus synçylary muny Günbataryň Orsýete garşy başlan «gibrid urşunyň» bir bölegi hökmünde häsiýetlendirýärler.
Moldowan parlamentiniň spikeri Andrian Kandu üç bankdan 1 milliard çemesi dollaryň ýitirim bolşy baradaky gapma-garşylykly audit hasabatynyň doly tekstini çap etdi.
Azerbaýjanly žurnalist Hadija Ismaýilowanyň Bakuwyň türmesinde saklanýanyna indi bäş aý doldy. Hadija çap eden korrupsiýa degişli maglumatlary üçin häzir özünden ar alynýandygyny aýdýar.
Ukrainada ýurduň 20-nji asyrdaky kommunistik mirasyndan saplanmak maksadyna gönükdirilen kanunlaryň toplumy kabul edildi. Moskwa muňa nägilelik bildirýär.
Ýewropa Bileleşigi ÝB-niň daşary syýasat başlygy Fredrika Mogherininiň sözçüsiniň Gazpromuň tanymal lobbisti bilen nikaly bolmagynda bähbit çaknyşygyny görmeýändigini aýdýar.
26-njy oktýabrda Ukrainada geçiriljek saýlawlarda Ýewropa ösüş liniýasyny saýlap alan täze barlyşyk emele geljege meňzeýär. Häzir Ukrainanyň ors milletli raýatlary-da Putiniň golastyndaky Orsýete ynamsyz garaýarlar.
Ysmaýylowa nebite baý ýurtda garaşsyz žurnalistlere we adam hukuklaryny goraýjy aktiwistlere ençeme aýlardan bäri edilýän basyşlardan gürrüň açýar.
Azerbaýjanyň hökümeti raýat jemgyýeti guramalarynyň we hususy eýeçilikdäki medianyň garşysyna erjellik bilen çäre görýär; «tankydy metbugatly bolmak, görnüşinden, Azerbaýjanyň milli bähbitlerine gabat gelmeýän bolarly».
Çehiýa, Wengriýa, Polşa we Slowakiýa - bularyň hersi Orsýetiň Ukrainadaky agressiýasyna gaýtargy bermekde öz liniýasyna eýerýär we olaryň bölünişigi Ýewropanyň aýgytly hereket etmek ukybyny gowşadýar.
Ýene-de ýükle