Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ismaýilowa PEN baýragy bilen sylaglanýar


Hadija Ismaýilowa
Hadija Ismaýilowa

Azerbaýjanly derňeýji žurnalist Hadija Ismaýilowanyň Bakuwyň türmesinde saklanýanyna indi bäş aý dolup, tussaglygyň altynjy aýy başlandy. Hadija çap eden korrupsiýa degişli maglumatlary üçin häzir özünden ar alynýandygyny aýdýar. Hadija 5-nji maýda söz azatlygy boýunça Amerikanyň PEN Merkeziniň abraýly baýragy gowşurylar. Şol bir wagtda, halkara jemgyýetçiligi Hadijanyň we özüniň graždanlyk aktiwligi üçin tussag edilendigi çaklanylýan beýleki adamlary boşatmaga çagyrdy.

5-nji maýda Nýu-Ýorkda geçirilýän dabaraly çärede Amerikanyň PEN Merkezi häzir tussaglykda saklanýan azerbaýjanly derňeýji žurnalist Hadija Ismaýilowa özüniň abraýly baýragy bolan PEN/Barbara Goldsmith Erkin Döredijilik üçin diýen baýragyny gowşurar.

Şol günüň özünde-de Ismaýilowanyň Bakuwyň türmesindäki tussaglygynyň altynjy aýy başlanar. Ismaýilowa özüniň ýiti makalalary üçin häzir özünden ar alynýandygyny aýdýar.

PEN-iň Goldsmith baýragy “Tussaglykda, aýratyn agyr şertlerde saklanýan wyždan awtorlaryna her ýyl gowşurylýar” diýip, guramanyň ýaýradan beýanatynda bellenilýär. Hadija soňky aýyň özünde Azerbaýjanda dürli basyşlara, jenaýatçylykda aýyplap, dowamly yzarlamalara sezewar edilen ýüzlerçe graždan aktiwistleriniň diňe biridir.

Azatlyk Radiosynyň Azeri gullugy bilen işleşýän Ismaýilowa 2014-nji ýylyň dekabrynda “adamy öz janyna kast etmäge mejbur etmekde” aýyplanyp, tussag edildi. Ismaýilowanyň şikaýatçysy Tural Mustafaýew ondan bäri öz arzasyny yzyna alyp, prokurorlara özüniň şikaýat dawasyndan yza çekilýändigini resmi taýdan mälim etdi.

Bu aralykda, azeri sud resmileri žurnaliste täze – salgyt galplyklaryna degişli we hapa pullary ýuwmak aýyplamalaryny ýöňkediler.

Ismaýilowa we onuň tarapdarlary bu aýyplamalary inkär edýärler. Olar bulary žurnalistiň prezident Ylham Alyýewiň, onuň maşgala agzalarynyň we ýokary derejeli resmileriň amala aşyrdy diýilýän korrupsiýa işleri babatynda ýazan makalalary sebäpli ar almak üçin edilengini öňe sürýärler.

Ismaýilowa ýöňkelýän aýyplamalar “bir toslama – olaryň hakykat bilen hiç hili ilteşigi ýok” diýip, Azatlyk Radiosynyň Azeri gullugynyň direktory Kenan Alyýew 4-nji maýda Nýu-Ýorkda gurnalan BMG-niň Azat metbugat çäresinde çykyş etdi.

Ol sözüni dowam etdirip: “Onuň [Hadijanyň] tussag edilmeginiň öň ýany prezidentiň ýokary derejeli resmileriniň ençemesi ony ABŞ-nyň haýryna içalylyçylyk etmekde aýypladylar. Hadija diňe korrupsiýa işlerini derňäni üçin günäkär. Azeri häkimiýetleriniň, islendik adamyny sem edip biljekdiklerine ynanýandyklary üçin, Hadija häzir tussaglykda saklanýar” diýdi.

38 ýaşly Hadija bildirilýän esasy aýyplamalar boýunça entek sud edilenok. Onuň deslapky tussaglykdaky möhleti hem häzire çenli iki gezek uzaldyldy. Emma fewral aýynda geçirilen ýapyk sud diňlenişiginde ol “töhmet ýöňkemek” aýyplamalary esasynda günäli tapylyp, oňa 2,500 azeri manady möçberinde ($2,400) jerime salyndy.

Ismaýilowa tussaglykda wagty öz aklawçysynyň üsti bilen çap eden beýantlary üçin hem oňa garşy dissiplinar çäreler görüldi.

Ismaýilowanyň işine Azerbaýjanda 2014-nji ýylyň ortalarynda graždan jemgyýetçiliginiň üstüne edilip başlanan basyşyň bir bölegi hökmünde garalýar. Aktiwistler ýörite sanaw düzüp, onda häzir Azerbaýjanda başga-da 100-e golaý žurnaliste we aklawça syýasy matlaplydygy aýdylýan aýyplamalaryň ýöňkelýändigini mälim etdiler.

Bu sanawy düzmäge işjeň gatnaşan adam hukuklaryny goraýjy öňdebaryjy aktiwistler Leýla we Arif Ýunus 2014-nji ýylyň iýulyndan bäri tussaglykda saklanýarlar.

Soňky aýlaryň dowamynda azeri resmileri Azatlyk Radiosynyň Azeri gullugynyň Bakuwdaky edarasyna reýd geçirip, ony ýapdylar; şeýle-de hökümete degişli däl günbatar guramalarynyň-da ençemesi ýapyldy.

“Freedom House” guramasynyň barlaglar boýunça wise-prezidenti Arch Puddington Azerbaýjan “syýasy repressiýalar babatda ýakasyny tanadýar” we “jemgyýetçilik toparlaryny ýapyp, elmydama-da täze habarlaryň çykmagyna sebäp bolýar” diýip, mart aýtynda belledi.

Şol bir wagtda-da Baku Azerbaýjanda ilkinji gezek Ýewropa oýunlaryny geçirmegi planlaşdyrýar. Amerikanyň PEN Merkezi bu çärä gözegçilik edýän Halkara Olimpiýa komitetine ýüzlenip, Azerbaýjanyň adam hukuklaryny bozmalaryny ýazgarmaga we Ismaýilowanyň azatlyga goýberilmegine çagyryş etmegini sorady.

Human Rights Watch guramasy hem Ýewropa ýurtlaryna ýüzlenip, “hökümeti tankytlany üçin tussag edilen adamlar azat edilýänçä” öz ýokary derejeli wekillerini Bakuwa – Ýewropa oýunlaryna ibermezlige çagyrdylar.

5-nji maýda PEN baýragy bilen ýene-de dramaturg Tom Stoppard we Fransiýanyň “Charlie Hebdo” atly neşiri sylaglanar.

XS
SM
MD
LG