Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

'Agressor ýurt': Kiýewiň daşyndaky güýçler bilen, Putin hökümeti içerki frontda hem söweşýär


Pskow.
Pskow.

Moskwanyň Ukraina goşuna sürmeginiň ilkinji gününde, häkimiýetleriň raýat jemgyýetine edilýän basyşlary güýçlendirmegi bilen, Russiýanyň 53 rus şäherinde urşa garşy guralan demonstrasiýalarda 1800-den gowrak adam tussag edildi. Emma ýurtda urşa garşy döreýän täze hereket gowşamakdan geçen, barha güýçlenjege meňzeýär.

Aktiwist Nikita Çirkow Russiýanyň Ukraina çozan güni Sankt-Peterburgyň köçelerine "Uruş ýok" diýen ýazgyly kiçijik bellik bilen çykdy. Birnäçe adam deňinden geçende oňa baş atsa, beýlekileri ýöne ýylgyryp geçdi. Emma bary-ýogy sekiz minut soň polisiýa peýda boldy we, hamala koronawirus çäklendirmelerini bozandygy üçin, ony polisiýa bölümine alyp gitdi.

Ol Azat Ýewropa/Azatlyk radiosynyň Demirgazyk.Hakykaty bölümine beren interwýusynda Ukraina goldawyny we prezident Wladimir Putiniň syýasaty bilen ylalaşmaýandygyny aýtmaga özüni borçly duýandygyny gürrüň berdi.

"Putin babatynda özümde gorky we ýigrenç duýýaryn" diýip, Çirkow aýtdy. "Men Ukrainada ýaşaýan garyndaşlarym we dostlarym üçin gorkýaryn. Nämälimlikden gorkýaryn. Mundan soň Russiýada nämeler bolar? Meniň üçin bu uruş akylyndan azaşan diktator bilen bile agressiw bir ýurtda ýaşaýandygymy aňladýar."

Çirkow, syýasy repressiýalara gözegçilik edýän hökümetden aýry OVD-Info habar gullugynyň maglumatyna görä, 24-nji fewralda ýurduň 60 şäherinde urşa garşy açyk pikirini aýdany üçin tussag edilen 1831 orsýetliniň diňe biri.

Ýurduň demirgazyk-günbatar şäheri Pskowda Wladimir Kapustinski Oktýabr meýdançasyna çykyp, "Ok atma, tüpeňleme" diýen manydaky ýazgyny göterip durdy. Bary-ýogy birnäçe minutdan peýda bolan polisiýa işgäri ondan resminamalaryny görkezmegini haýyş etdi.

Ol ofiser Ukrainada barýan uruş baradaky pikiri soralanda, "Meniň aýtjak zadym ýok" diýip jogap berdi.

Kremliň urşa garşy gönükdirilen protestleri tutuş ýurt boýunça gyssanmaç basyp ýatyrmagy 2020-nji ýylyň awgustynda tas ölüm halyna salnan oppozisiýa lideri Alekseý Nawalnynyň zäherlenmesinden soň ýygjamlaşan repressiýalaryň üstüni ýetirip, rus jemgyýetiniň üstünden gurulýan döwlet gözegçiliginiň täze bir derejesine görkezýär.

"Häkimiýetler nurbatlary has berkitmek we dissidentleri yzarlamak isleýär" diýip, Tatarystanyň paýtagty Kazanda ýaşaýan syýasy analitik Ruslan Aisin aýdýar. "[Döwlet]" diňe güýçlenjege meňzeýän anti-uruş hereketine garşy garşy göreşer. Taryh uruş badyhowalygynyň gaty basym peselýändigini görkezýär."

Liberal “Yabloko” partiýasynyň Pskow bölüminiň başlygy Lew Şlossberg hem häkimiýetleriň bildirjek “reaksiýasyna” garaşdy.

"Bu ýerde harby ýagdaýyň girizilmegi üçin hakyky bir mümkinçilik bar - garaşsyz metbugat gadagan edildi, syýasy partiýalar ýapyldy, saýlawlar ýatyryldy" diýip, ol öz çakyny aýtdy. "Bu ýerde halkyň, partiýalaryň ýa-da toparlaryň syýasy garaýyşlaryna garalmazdan, başgaça pikirlenýänleriň ählisine garşy doly basyş görkeziler. Urşuň syýasy agressiýasyndan soň biz ýurt içini hem repressiýanyň gaplap alandygyny göreris" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Sankt-Peterburgyň öňki kanun çykaryjysy, liberal Maksim Reznik rus halkyny "huntanyň zamun alandygyny" aýtdy. "Biz bu ýagdaýda huntanyň jenaýatlary hakynda dymyp bilmeris. Sebäbi dymmagymyz bizi olaryň jenaýatyna şärik eder... Biz täze hakykat bilen ýüzbe-ýüz bolýarys" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Alekseý Nurullin
Alekseý Nurullin

Döwlet habar beriş serişdelerine gözegçilik edýän Roskomnadzor 24-nji fewralda ähli habar beriş serişdelerine, jerime salynmak ýa-da petiklenmek howpy astynda, uruş barada diňe resmi hökümet çeşmeleri esasynda maglumat bermek duýduryşyny berdi.

Federal Derňew komiteti hem şol günüň özünde ilata urşa garşy demonstrasiýalara gatnaşmazlyk duýduryşyny berdi we "jenaýat ýazgysynyň bolmagynyň negatiw netijeleriniň boljakdygyny we olaryň durmuşlaryna ýaramaz täsir etjekdigini" ýatlatdy.

Emma muňa garamazdan, 25-nji fewralda Russiýa urşa garşy protestler dowam etdirildi.

Moskwada ýaşaýan žurnalist we aktiwist, bir gün öň ilkinji bolup ýurt boýunça urşa garşy demonstrasiýa çykmaga çagyran we şu sebäpli polisiýa tarapyndan tussag edilen Marina Litwinowiç Facebookda urşa garşy hereket listowkalary we şygarlary ýaýratmak, diwarlara ýazgy ýazmak, ýazgyly eşik geýmek, ýazgyly ýa urşa garşy nyşanly sumka götermek we beýlekiler ýaly goşmaça çäreler bilen baýlaşdyrylmaly diýip ýazdy.

“Nowaýa gazetanyň” 25-nji fewraldaky sany rus we ukrain dillerinde çykaryldy. Gazetiň redaktory, 2021-nji ýylda Parahatçylyk boýunça Nobel baýragyna mynasyp bolan iki žurnalistiň biri Dmitri Muratow “muny özleriniň Ukrainany duşman ýa-da ukrain dilini duşmanyň dili hasaplamaýandyklary üçin edendiklerini, özleriniň hiç wagt beýle pikir etmejeklerini" ýazdy.

"Diňe orsýetlileriň urşa garşy hereketi bu planedaky ýaşaýyşy halas edip biler“ diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Ýurduň dürli sebitlerindäki ýerli kanun çykaryjylaryň 200-den gowragy ruslaryň Ukraina edýän hüjümini ýazgarýan açyk hata gol çekdi.

"Biz her bir adamy agressiýa gatnaşmazlyga we ony goldamazlyga çagyrýarys" diýip, hatda aýdylýar. "Haýyş edýärin, dymmaň: bu uruş diňe köpçülikleýin ýazgarylmagy bilen togtadylyp biler”.

Ýazyjylar, kinorežissýorlar, aktýorlar, žurnalistler bilen birlikde, onlarça öňdebaryjy medeni işgär. "Rus raýatlarynyň bu urşa ýok diýmegine çagyryp”, açyk hata gol çekdi.

Ýarym milliondan gowrak adam "Russiýada urşa garşy hereketiň başlanandygyny yglan edip, Change.org petisiýasyna gol çekdi we urşy ýazgardy.

"Urşa garşy hereketiň bir bölegine öwrüliň. Urşa garşy çykyş ediň" diýip, petisiýada aýdylýar.

"Russiýada häkimiýetleriň eden-etdiligini kabul etmeýän, döwleti we Russiýanyň halklaryny öz jenaýat guralyna öwüren adamlara garşy durýanlaryň bardygyny we hemişe boljakdygyny bütin dünýä görkezmek üçin bolmanda bir zat ediň."

Ýöne bu hili çagyryşlaryň özüne çekijidigini ýa-da ýokdugyny görmek galýar.

Russiýada köp adam Putiniň Ukrainany basyp almak baradaky kararyny goldaýar, käbirleri Kremliň ukrain hökümetini rus dilinde gürleýänlere garşy "genosid" amala aşyrýan "faşistler" hökmünde häsiýetlendirip aýdýan ýalan sözlerine ynanýar.

"Gör, näçe çaga ýetim galdy!" diýip, 24-nji fewralda Başgyrtystanyň paýtagty Ufada özüni diňe Raýa diýip atlandyrmagy soran pensioner aýtdy. "Internetde okaýanlaryňyzyň ýarysy ýalan. Sowet döwründe men günbatar Ukrainada boldum ... olar hatda şol wagtlaram bizi rus dilinde gürländigimiz üçin ýigrenýärdiler... Ol ýere dynç almaga gidemde gördüm, Baltika ýurtlarynda-da edil şonuň ýalydy. Sowet döwründe Russiýa olara gaty köp zat berdi."

Ufada ýaşaýan öňki serhetçi, özüni Azat diýip tanadan pensioner bolsa, "eger-de 2014-nji ýylda harby operasiýa barada karar kabul edilen bolsa, köp adamyň ömrüni halas ederdi" diýdi.

Mundan başga, protest bildirmek isleýänleriň köpüsi soňky ýyllardaky tutda-baslyklar sebäpli kyn ýagdaýa düşdi.

Ukrainanyň golaýynda, Don boýundaky Rostow şäherinde bedenterbiýe mugallymy bolup işleýän Ýuliýa Morozowa Azat Ýewropa/Azatlyk radiosyna 24-nji fewralda urşa garşy protestlere gatnaşmakçy bolandygyny, emma dostlarynyň özüni saklandygyny aýtdy. Protestlere gatnaşandygy üçin ol eýýäm iki gezek administratiw türme tussaglygyna höküm edildi we üçünji tussaglykda özüne jenaýat aýyplamalarynyň bildiriljekdigini aýadýar. Şol bir watgda, onuň aýal dogany, garry ejesi we beýleki garyndaşlary häzir Kiýewde ýaşaýar.

"Şu wagt gaty utanýaryn"diýip, ol AÝ/AR-a aýtdy. "Özümi gaty biçäre duýýaryn we bu ýagdaýda meniň edip biljek zadym ýok. Men [Putin] kazyýet jogapkärçiligine çekilýänçä ýaşar we ýazgarylar diýip umyt edýärin."

Kazanly aktiwist Dina Nurm Idel.Hakykaty neşirine "agressiw ýurduň raýaty bolmak ahlak taýdan gaty kyn" diýdi.

"Biz öz ýolbaşçylarymyzy saýlamaýşymyz ýaly, bu bu urşy-da saýlamadyk" diýip, ol aýtdy. "Ýöne bu harby agressiýa üçin özümizi jogapkär hasaplaýarys. Soňky on ýylda protestler rehimsizlik bilen basylyp ýatyryldy we köp adam häzir urşa garşy çykyş etmegiň jerimeden başga zada alyp geljegine ynanmaýar... Şol bir wagtyň özünde, biz häzir ozal dyman adamlaryň hem köpüsiniň sesini eşidýäris"diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

(Bu maglumat AÝ/AR-nyň Rus gullugynyň, Demirgazyk.Hakykatynyň, Sibir.Hakykatynyň we Idel.Hakykatynyň hyzmatdaşlygynda taýýarlandy.)

XS
SM
MD
LG