Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet Krym meselesinde ýazgarylýar


Krym tatarlarynyň biznes merkezine reýd edilýändigini görkezýän wideo
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:57 0:00

Krym tatarlarynyň biznes merkezine reýd edilýändigini görkezýän wideo

Ýewropa parlamenti Strasburgda uly köplük bolup bir rezolýusiýany kabul etdi. Bu rezolýusiýada Orsýet Ukrainadan 2014-nji ýylda basyp alan Krym ýarymadasynda ýerli krym tatarlaryna çemeleşişi sebäpli resmi suratda ýazgarylýar.

Bu barada Germaniýanyň "Ýaşyllar" partiýasynyň Ýewropa parlamentindäki agzasy Reinhard Butikofer 4-nji fewralda Azatlyk Radiosyna şeýle diýdi: "Meniň pikirimçe, basylyp alnan Krymyň territoriýasynda adam hukuklarynyň ýagdaýyna ünsi çekmek üçin parlamentiň bir rezolýusiýada agyz birikdirmegi dogry we ýaraşykly iş. Ors hüjüminde turuwbaşdan yzarlanan aýratyn-da krym tatarlary boldy. Olaryň halk tarapyndan saýlanan wekillerine ukrain kanunlarynyň esasynda ýerine ýetirmeli wezipelerini berjaý etmek gadagan edildi".

Rezolýusiýa "Krymyň ýaşaýjylaryna, aýratyn-da krym tatarlaryna garşy adam hukuklarynyň ozal görlüp-eşidilmedik derejede bozulmagyny berk ýazgarýar". Onda şeýle hem Orsýet halkara guramalaryna we adam hukuklaryna gözegçilik edýän toparlara Krym regionynda "bökdençsiz elýeterliligi" üpjün etmäge çagyrylýar.

Tatarlaryň sany

"Biz krym tatarlarynyň parlamenti Mejlise, tutuş krym tatar jemagatyna, şeýle hem ähli ukrainlere raýdaşlyk bildirýäris. Bular Ukrainanyň toprak bütewüligini açyk goldaýandyklary üçin agyr ýagdaýda. Men Ors Federasiýasyny we Krymyň de-fakto häkimiýetlerini Birleşen Milletler Gurmasynyň garaşsyz ekspertlerine, Ýewropa Geňeşine, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň milli azlyklar boýunça komissaryna bökdençsiz elýeterlilik bermäge çagyrýaryn" diýip, Gollandiýanyň Sosial demokratik partiýasynyň wekili Kati Piri aýtdy.

1944-nji ýylda sowet häkimiýetleri tarapyndan Krymdan köpçülikleýin sürgün edilip, yzlaryna dolanmaga 1980-nji ýyllarda rugsat edilen tatarlaryň sany Krymda häzir 240 müň çemesi. Olar ilatyň takmynan on prosentini düzýär.

"Aslynda Orsýetiň edýäni - krym tatarlaryny gysyş astynda saklamagy dowam etdirmek. Ilatyň bu bölegine giňden ynamsyzlyk bildirilýär. Biz Ýewropa Parlamentiniň raýdaşlyk bildirmegini juda möhüm diýip hasap edýäris we bu pikire hemmämiziň goşulýandygymyza begenýäris" diýip, Butikofer aýdýar.

Aktiwistler

Krym tatarlarynyň aglaba köplügi Orsýetiň regiony özüne birikdirmegini ykrar etmediler.

Dartgynlygyň has-da artmagyna getiren – öten güýz krym tatarlarynyň ýolbaşçylygyndaky aktiwistleriň Krym bilen Ukrainanyň beýleki bölekleriniň arasyndaky ýoly baglap, ýarymada ýük daşalmagyny togtatmagy boldy. Şeýle hem kimligi näbelli aktiwistler Krymy elektrik togy bilen üpjün edýän liniýa ençeme gezek zyýan ýetirdiler.

Krym tatar aktiwistleri özleriniň ýarymadada adam hukuklarynyň bozulmagyna we krym tatarlarynyň gürüm-jürüm edilmegine ünsi çekmek isländiklerini aýdýarlar. Olaryň aýtmagyna görä, gürüm-jürüm bolan tatarlary Orsýetiň howpsuzlyk güýçleri ogurlapdyr.

Aktiwistler tarapyndan basyş astyna düşen ukrain hökümeti noýabr aýynda söwda gabawyny resmileşdirdi.

Orsýet tarapyndan Krymda oturdylan häkimiýetler soňky günlerde ýerli tatarlara edýän gysyşlaryny has-da artdyrdylar.

2-nji fewralda Feodosiýa şäherinde ir ertir birnäçe adam Elzara Abduljelilowanyň gapysyny kakyp, özleriniň Orsýetiň Federal migrasiýa gullugynyň işgärleridigini, "pasport kontrollygy" üçin gelendiklerini aýdypdyrlar.

"Gepleşik üçin"

Abduljelilowa krym tatarlarynyň milli lideri, ukrain parlamentiniň deputaty Mustafa Jamilowyň gyzy. Ors häkimiýetleri Jamilowa bäş ýyllap Kryma barmagy gadagan etdiler.

Abduljelilowa Azatlyk Radiosyna gelen adamlaryň "gepleşik üçin" ogly Eroly äkitjek bolandyklaryny aýtdy. Ýöne adwokaty telefonda oňa resmileriň bu işi etmäge hukugunyň ýokdugyny aýdanyndan soň, olar onuň ogluny alyp gitmändirler.

"Biziň garaýşymyzça, olaryň bu işi etmäge kanuny bazasy ýok. Ýöne ofiserleriň biri 'Mustafa Jelilowyň garyndaşlaryny ele salmak üçin başga ýol taparys' diýen eken" diýip, Mejlisiň başlygynyň orunbasary Nariman Jelýal Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Ýanwarda hem Jemilowyň aýaly Safinar prokurorlyga çagyrylyp, soraga çekildi. Krym tatar häkimiýetleri şol gün ýarym adanyň Jankoý etrabynda oýleriň "köpçülikleýin dökülendigini" habar berdiler. Bular ýaly öý dökmeler 28-nji ýanwarda Lenin etrabynda-da boldy. 29-njy ýanwarda hem polisiýa Krymyň paýtagty Simferopolyň Yslam medeni merkeziniň üstüne döküldiler.

Reýd

Üstümizdäki ýylyň başyndan bäri Orsýetiň Federal howpsuzlyk gullugnyň agentleri krym tatar Mejlisiniň ençeme agzasynyň öýlerini dökdüler.

1-nji fewralda "SimSitiTrans" kompaniýasynyň Simferopoldaky merkezine reýd edildi. Bu kompaniýa Krym tatarlarynyň bütindünýä kongresiniň prezidentiniň orunbasary Lenur Islýamowyň kakasynyňky. Islýamow ýarymadanyň garşysyna girizilen ýük gabawyny koordinirläp, aktiwistlere sözçülik eden adam.

Islýamow Azatlyk Radiosyna şeýle diýdi: "Bu basyş indi iki ýyl bäri dowam edýär. Ol 'ýumşak' sahnadan berk sahnalara geçýär. Olar dürli bahanalar bilen meniň ähli zadymy aljak bolýarlar. Olar maňa elleriniň ýetmejegini bilýärler. Şol sebäpden meniň gowşak taraplarymy gözleýärler".

Krymda tatar dilinde gepleşik beren ATR telekanalynyň eýesi Islýamowyň garşysyna Krym ýarymadasynda geçen noýabrdan bäri tussag etmek barada resmi order bar. ATR Krymda 2015-nji ýylyň aprel aýynda gepleşiklerini ýatyrmaga mejbur edildi.

Islýamow: "Goý, olar islän zatlaryny alsynlar" diýip, sözüniň üstüni ýetirýär. "Goý, olar biziň öýlerimizi, mal-mülkümizi alsynlar. Men muňa ähmiýet beremok. Biz bu zatlary gaýtaryp alarys. Yzymyza dolanyp bilen mahalymyz bu zatlaryň hemmesini alarys. Bu gaýtam biziň güýjümizi artdyrýar".

XS
SM
MD
LG