Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

'Hiç bir iş susdurylanyňa degmez': Belarusly türgenler barha kän Lukaşenka garşy çykýar


Maryna Arzamasawa
Maryna Arzamasawa

Proteste goşulan türgenleriň arasynda basketbolçy Alena Leuçanka, erkin typmak boýunça milli tälimçi Mikalaý Kazeka, uzak aralyga ylgaýan ýewropa çempiony Wolha Mazuronak, milli woleýbol toparynyň agzasy Artur Udrys we olimiýada, dünýä, ýewropa çempionatlarynda medal alan başga-da köp adam bar.

Belarusda Aleksandr Lukaşenkany ýeňiji diýip yglan eden dawaly saýlawdan soň başlanan köpçülikleýin nägilelikleriň arasynda tanymal medeniýet ussatlary, teatr režissýorlary, sazandalar, hatda ýurduň söýgüli ýazyjysy, Nobel baýragynyň eýesi hem oppozisiýa goşuldy.

Indi bolsa türgenler we tanymal sport şahslary Lukaşenkanyň gödeňsi basyp ýatyrmalaryna garşy çykýar we onuň täze saýlaw geçirmekden ýüz öwürmegini tankyt edýär.

Belarusyň 350-e golaý türgeni we sport jemgyýetiniň beýleki agzalary 9-njy awgustda geçirilen ses berişligiň bikanun hasaplanmagyny, "syýasy tussaglaryň" we köpçülikleýin demonstrasiýalarda tussag edilenleriň ählisiniň boşadylmagyny talap edýän açyk hata gol çekip, Lukaşenka garşy çykdy.

Eýsem sen nädip halkyň, raýatlaryň hasabyna ýaşap bilersiň, nädip olary goldaman saklanarsyň?
Maryna Arzamasawa

Bu hatyň täsinligi girdejisi döwlete bagly we gazanan üstünlikleri Lukaşenkanyň 26 ýyllyk dolandyryşy wagtynda milli buýsanç, hökümet propagandasynyň esasy elementi bolan ýokary derejeli toparyň arasyndaky boýun egmezligi, tabyn bolmazlygy görkezmeginde we oňa gol çekýänleriň sany barha köpelýär.

Lukaşenkanyň özem höwesjeň sportçy we bu onuň öňe sürlen edenli adam keşbiniň merkezi boldy.

"Adamyň 21-nji asyrda Ýewropanyň merkezinde ýaşap, öz pikirini aýtmagyna ýol berilmezligi akyla sygmajak zat" diýip, açyk haty gol çekenleriň biri, orta aralyga ylgaýan dünýä çempiony Maryna Arzamasawa aýdýar. "Biz işden kowulmakdan başlap, komandalardan çykarylmaga çenli islendik zada taýyn. Bularyň hiç biri indi beýle wajyp däl. Hiç bir iş seniň susdurylanyňa degmez" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Proteste goşulan iň tanymal türgenleriň arasynda basketbolçy Alena Leuçanka, erkin typmak boýunça milli tälimçi Mikalaý Kazeka, uzak aralyga ylgaýan ýewropa çempiony Wolha Mazuronak, milli woleýbol toparynyň agzasy Artur Udrys we olimiýada, dünýä, ýewropa çempionatlarynda medal alan başga-da köp adam bar.

Bu açyk hat sport işgärleriniň Lukaşenka bilen barha kän gapma-garşy bolýandyklaryny we howpsuzlyk güýçleriniň saýlawdan soňky protestlere ýowuz daramagyndan dörän lapykeçligi görkezýän ýeke-täk alamat däl.

Wiktoria Azarenka
Wiktoria Azarenka

Belarusyň tanymal tennisçileri, şol sanda ozal dünýäde birinji bolan Wiktoriýa Azarenka sosial ulgamlarda pikirlerini aýdyp, saýlaw netijelerine garşy protestlere goldaw bildirdi ýa-da zorlugy bes etmeklige çagyrdy.

Futbol ýyldyzy Ilýa Şkuryn şu aýyň başynda Lukaşenka häkimiýet başynda näçe uzak galsa, şonça wagt hem milli ýygyndyda oýnamajakdygyny mälim etdi.

Belarusyň futbol federasiýasy 24-nji awgustda ähli topara hat iberip, oýunçylaryň "syýasy propagandadan" saklanmagyny talap etdi. Bu hatda, Olimpiýa sporty hökmünde, futbol "ähli syýasy, dini, etniki, jynsy we beýleki meselelerde bitarap bolmaly" diýilýär.

Bu hat birnäçe oýunçy hökümete garşy protestleri goldaýan yşaratlary edeninden ýa-da şygarly eşikleri geýeninden soň geldi. Minsk Krumkaçi toparynyň agzalary 23-nji awgustda "Biz halk bilen!" diýen şygarly futbolka geýip, meýdança çykdy.

Futbol federasiýasynyň syýasy bitaraplyga çagyryşy köp synçyny geň galdyrdy, sebäbi bu gurama 6-njy awgustdan bäri Lukaşenkanyň saýlaw beýanatyny, "Bir Belarus / Biz boýun egmeris" sözüni häştag belgisi bilen çap etdi.

Belarus, 25-nji aprel, 2020.
Belarus, 25-nji aprel, 2020.

Mundan başga, hökümetiň ýagdaýy kadaly edip görkezmek tagallalaryny goldamak üçin, janköýerleriň gatnaşmagynda oýnalýan futbol oýunlary koronawirus pandemiýasynyň ýaýraýan wagtynda doly güýjünde dowam etdirildi. Lukaşenkanyň özi bolsa, bu keseliň howp-hataryny peseldip, arak içmek, meýdan işinde işlemek ýa gyzgyn hammamda oturmak ýaly zatlaryň oňa arkaýyn em bolup biljekdigini aýdyp, il ortalaýyn çykyş etdi.

Belarusyň ýeňil atletika federasiýasynyň prezidenti, öňki parlament deputaty Wadzim Dzewýatowski 21-nji awgustda öz Facebook hasabynda "Lukaşenka meniň prezidentim däl !!!!!" diýip ýazdy.

Dzewýatowski ertesi güni žurnalistler bilen söhbetdeşlikde prezidente ozal beren goldawy barada durup geçip, "Meniň öňki pozisiýam ýalňyşlykdy. Men özümi aldaýardym" diýdi.

Protestleri goldaýanlaryň arasynda iň azlyk eden sport wekilleri Lukaşenkanyň iň söýgüli güýmenjesi, buz hokkeýi bilen meşgullanýan türgenler boldy.

Arzamasawa Azatlyk radiosy bilen söhbetdeşlikde "Hokkeý aýratyn bir mesele" diýdi.

"Biz hokkeý oýunçylaryna näçeräk töleg tölenýändigini diňe çaklap bileris. Ýöne bu gün olar bukulýarlar we dymýarlar. Eýsem sen nädip halkyň, raýatlaryň hasabyna ýaşap bilersiň, nädip olary goldaman saklanarsyň?" diýip, dünýä çempiony Maryna Arzamasawa aýtdy.

Makala gysgaldylyp çap edildi.

XS
SM
MD
LG