Tatarystanyň Naberežnyýe Çelny şäherindäki hususy mekdebiň howlusynda bir täsin heýkel bar: Uzyn oturgyçda oturan Stalin, hamala, geçip barýanlary gapdalynda oturmaga we gürleşmäge çagyrýana meňzeýär. Oturyşyndan çen tutulsa, ol öz söhbetdeşine gulak asýana ýa-da oňa bir zatlary sabyr-kanagat bilen düşündirýäne çalym edýär. Emma hakykatda oňa beýle gylyk-häsiýetler düýpden mahsus däldi.
Russiýada Staliniň ýüzden gowrak ýadygärligi bolup, olaryň köpüsi Putiniň ýurt dolandyran 24 ýylynyň dowamynda guruldy. Ýöne Naberežnyýe Çelnyndaky ýadygärlik ilatyň yzynda galdyran mirasy ýurtdaky durmuşa şindem görnetin täsir edýän Staline bolan geň-enaýy gatnaşygyny has gowy özünde jemleýär. Kreml bu gatnaşygy özüniň milletçilikli we harbylaşdyrylan döwletlilik programmasyny öňe sürmek üçin ulanýar, analitikleriň köpüsi muny iş ýüzündäki neo-stalinçilik diýip atlandyrýarlar.
"Şu günki Russiýada “Lenin” diňe bir Mawzoleý, muzeýden başga zat däl -diýip, ozalky rus işewüri, 2003-nji ýylda, YUKOS derbi-dagyn edileninden soň Ysraýyla giden Leonid Newzlin ýazýar. - Emma “Stalin” biziň gündelik durmuşymyz bolup durýar. Görnüşinden, häzirki režim Stalin babatynda belli bir karara gelmedi, bu meselä golaýlaşmaýar, ol onuň üçin howply diýlip hasap edilýär.
Ýöne bu beýle däl. Putin režiminiň Stalin, stalinçiler, stalinçilik babatynda kesgitlenen, gaty berk garaýşy bar. Ol, birinjiden, režimiň gözbaşlary, gelip çykyşy bilen baglanyşykly. KGB/GPU/WÇK Staline pikir we amaly iş hökmünde garşy bolup bilmez; Stalin olaryň howandary, ykbaly, terjimehaly. <…> "Stalin" ilatyň stalinleşdirme prosesine çekilmeginde, täze stalinçilige gatylmagynda ulanylýan ýörite operasiýalaryň biri bolup durýar... Biz medeni we ruhy taýdan henizem stalinçilik jemgyýeti bolup galýarys."
Tatar aktiwisti Ruslan Aýsin Stalini “Sowet giňişligini tabyn etmek, bir galyba salmak, mümkin bolan ähli baglanyşyklary gyrmak bilen jemgyýetçilik aragatnaşygyny bozmak üçin ähli zady eden aýylganç manipulýator” diýip atlandyrýar. Biz şu hili stanlinçilik mirasy, gorky-howatyr, atomarlyk, tabynlyk we beýleki jemgyýetçilik nogsanlyklary bilen, olaryň agdyklyk edýän jemgyýetinde ýaşaýarys. "
“Eşitmesem näme?”
KGB-niň, döwlet howsuzlyk komitetiniň işgäri Alekseý Solowýow 1991-nji ýylda Uzak gündogaryň Smolenka obasyna ugrady. Ol bu ýere stalinçilik repressiýalarynyň pidalary bolan we bu obanyň golaýyndaky tokaýda tapylan köpçülikleýin mazarlarda jaýlanan adamlar baradaky arhiw ýazgylaryny öwrenmek üçin geldi. Şol ýyllarda bu hili derňewler seýrek bir zat däldi, ýöne olar hiç haçan giň gerimli herekete öwrülmedi.
"Mesawy gürrüň edip, tokaýyň içinden haýaljakdan ýöräp barýardyk. Birden erän buz, gar gatlaklarynyň aşagyndaky çöken ýerlere gözümiz düşdi - diýip, häzir 92 ýaşan Solowýow ýatlaýar. - Ilki sekiz sany çöken ýeri sanadyk, soň olaryň sany ýigrimä çenli baryp ýetdi. Bir çöken ýeriň golaýyna baramyzda, gana boýalan towşan derisini gördük. Tilki çeýnän bolarly. Deriniň gapdalynda bir süňk hem bar eken. Ýöne ol towşan süňküne meňzemeýärdi. Ony alyp, ekspertiza barlagyna iberdik, adam süňki bolup çykdy.” Derňewçiler birnäçe aýyň içinde 1937–1938-nji ýyllarda jezalandyrylyp öldürilen adamlaryň azyndan 2500 jesedini öz içine alýan 50 sany köpçülikleýin mazarlygy tapdylar. Hünärmenleriň çaklamalaryna görä, bu tokaýda jaýlanan adamlaryň umumy sany 8000-den az bolmaly däl.
Alekseý Solowýow bu ýerlerdäki köpçülikleýin mazarlar baradaky gürrüňi 1980-nji ýylda, öz adynyň aýdylmazlygyny soran öňki döwlet howpsuzlyk işgäri bilen bolan söhbetdeşlikde eşidendigini aýtdy.
“Meniň söhbetdeşim hassa, surnugan adama meňzeýärdi we ondan eşiden zatlarym depe saçymy düýrükdirýärdi. Ol özüniň indi ýaşajak wagtynyň gaty azalandygyny we bu maglumatlary meniň bilen paýlaşmagynyň, şol ýyllarda bolan aýylganç wakalar barada gürrüň bermeginiň zerurdygyny aýtdy.”
Ol adam "halk duşmanlaryna" garşy çykarylan ölüm jezasy hökümlerini elin ýerine ýetiripdir: "Baýramçylyk günleri diýmeseň, biz her gije diýen ýaly türmede adam atýardyk" diýip, ol aýtdy. Olar her gün SSSR-iň Çita sebitindäki NKWD müdirliginiň başlygy Horhorin tarapyndan gol çekilen tussag sanawyny, atylmaly adamlaryň sanawlaryny alypdyrlar (Soň Horhoriniň özi hem tussag edilip, 1939-njy ýylyň martynda bendilikde öldi).
"Ölüme höküm edilenler özlerine çykarylan hökümden habarsyzdy - diýip, Alekseý Solowýow gürrüň berýär. - Ýörite üçlük olaryň işlerine özleriniň gatnaşdyrylmazlygynda, gaýybana ýagdaýda seredýärdi we çykarylan karar ölüme höküm edilen adama aýdylmaýardy. Türme garawullary öldüriljek adamy ýarym ýerzemine alyp gelýärdi. Ölüme höküm edilen adam jeza kamerasyna giren badyna jellat, jezany ýerine ýetiriji sapançasyny onuň kelleçanagyna çenäp, ýeňsesinden atyp öldürýärdi. Meniň söhbetdeşim adamlaryň jaýlanan ýerlerini aýdyp bilmedi, ol muny bilmeýän eken" diýip, Solowýow gürrüň berdi.
"Men şu golaýlarda, Smolensk zibilhanasyndan uzak bolmadyk bir ýerde ýadygärligiň bardygyny eşitdim, ýöne özüm ol ýere baryp görmedim" diýip, obanyň ýaşaýjysy Ýelena Sedowa aýtdy. “Bu ýerde adamlar atyldymy? Wah, eşitmesem näme?" diýip, 22 ýaşly ýerli ýaşaýjy haýran galýar.
Şol bir wagtda, KGB-nyň öňki işgäri Alekseý Solowýow şu günki günde Staliniň reabilitasiýasyny, dikeldilmegini gutlaýar: “Stalin öz döwrüniň akylly syýasatçysy we onuň üstünden hapa sowurýanlar diňe kommunizm idealaryny we biziň beýik geçmişimizi garalamak isleýän adamlar. De-stalinizasiýa rus raýatlarynyň ünsüni reformalaryň çynlakaý şowsuzlyklaryndan sowmak isleýänler üçin zerur. Ol halka gerek däl. Repressiýalar biziň taryhymyzdaky aýylganç sahypa bolupdy, ýöne islendik režimde öte geçmeler we gara tegmiller bolýar. Bu ýerde Staliniň döwründe näçe gowy zadyň bolup geçendigi barada gürrüň edilmegi gerek. Gowy edilen zatlar az bolmady. Şol döwürde döwletiň şol bir repressiýa edilen adamlaryň zähmetiniň esasynda gurlandygy barada gürrüň edilse, käbir meseleleri çözülmegi üçin käwagt bir zatlary gurban bermeli bolýar" diýip, ol aýtdy.
Transbaýkal döwlet uniwersitetiniň taryh bölüminiň studenti Oleg Ýaçmenew mugallymlaryň köpüsiniň “işjeň putinçilerdigini”, olaryň stalinçilik ýyllary barada gürrüň edenlerinde “bu gorkunç bolan bolsa-da, başgaça bolup bilmezdi” diýýändiklerini gürrüň berýär. “Gynansak-da, şu günki günde stalinçilik döwrüni öwmek adaty bir zat, şu sebäpden biz lagerler, repressiýalar baradaky ähli hakykaty bilip bilmeris. Bilýärsiňizmi, häzir nähili bolýar? Aýdaly, men jezalandyrylanlar hakyndaky maglumatlary gözläp tapmak isleýärin. Onsoň baryp, arhiwleri agdaryp başlaýaryn welin, egni pagonly, belli adamlar derrew meniň bilen gyzyklanýarlar: birden sen daşary ýurtly agent bolup, şu günki günde Russiýanyň şeýle buýsanýan kişisini, Staliniň şahsyýetini garalajak bolýan bolaýma?”
Hormat-sylag we gorky
Staliniň reabilitasiýasy çärýek asyr töweregi öň, KGB-nyň öňki ofiseri Wladimir Putin rus häkimiýetiniň başyna gelende başlandy. Jemgyýetçilik pikirini öwrenýän garaşsyz merkez, Ýuriý Lewada adyndaky gurama 90-njy ýyllaryň başynda ruslardan “ähli döwürleriň we halklaryň” taryhy şahsyýetleri barada pikir sorap başlady. Stalin 1994-nji ýylda geçirilen pikir soramada 20% bilen 4-nji ýeri eýeledi. 2012-nji ýyla çenli ol birinji ýere çykdy we şu güne çenli şol orunda saklanýar. 2021-nji ýylda ruslaryň 40% -den gowragy onuň adyny tutdy, 2023-nji ýylda pikirini aýdanlaryň 47% -i Staline hormat goýýandygyny boýun aldy.
“Häzirki zaman dilinde “hormat” mylaýym, çyn ýürekden çykýan duýgy bolup, gürrüň edýäniň gürrüňi edilýäniň has ýokary derejesini ykrar etmegini, oňa goýýan hormatyny aňladýar” diýip, Lewada merkeziniň durmuş-medeni gözleg bölüminiň müdiri Alekseý Lewinson ýazýar. "Bizden gorkýarlar, diýmek hormat goýýarlar" diýip, pikiri soralýanlar bize ýygy-ýygydan aýdýarlar. Bu Stalin baradaky jogaplar meselesinde-de şeýle boldy” diýip, ol aýdýar.
Staliniň keşbini we sowet döwrüniň psihologiki mirasyny ulanmak Putin 1999-njy ýylyň soňky gününde döwlet baştutany bolaly bäri giňeldilip başlandy. Ilki başda Stalin "netijeli dolandyryjy" diýlip atlandyryldy, onuň arkasyndan SSSR-iň gitlerçi Germaniýadan üstün çykandygy öňe sürüldi. Onuň keşbi Ikinji jahan urşy bilen aýrylmaz baglanyşykly: serdaryň şekilleri bu uruşda SSSR-iň roluny götergileýän afişalarda we plakatlarda üýtgewsiz ýagdaýda peýda bolýar.
Emma muňa garamazdan, ýyllaryň geçmegi bilen, Stalin bilen urşuň arasyndaky baglanyşyk birneme gowşady we indi onuň keşbi mahabatdan başlap, sungat eserlerine çenli aralykda, dürli ugurlarda peýda bolýar. Döwlet goldawy esasynda tutuş ýurt boýunça döredilen “Russiýa – meniň taryhym” parklarynda Staliniň işi jikme-jik we oňyn ýagdaýda beýan edilýär.
Mihail Gorbaçýowyň aç-açanlyk döwründe Staliniň ady adatça repressiýalar ýazgarylanda we olar barada metbugatda gürrüň edilende agzalýardy. Emma häzir, hünärmenleriň sözlerine görä, onuň adynyň agzalmagy ýurduň durmuşynda kadaly bir zada aýlandy. "Stalin jemgyýetçilik giňişliginde yzygiderli peýda bolýar" diýip, Lewada merkeziniň müdiri Denis Wolkow "Azatlyk" radiosyna beren interwýusynda aýtdy. “Folklorçy Aleksandr Arhipow onuň 150 töweregi ýadygärliginiň bardygyny aýdýar. Bular bölekleýin aşakdan edilen başlangyçlaryň netijesi. Kämahal Kommunistik partiýa kömek edýär, ýöne bu esasan aşaky gatlaga degişli hereket. Ýolbaşçylyk, güýçli el küýsegi“ diýip, ol aýtdy.
Köp sanly ylym we bilim taslamalarynyň awtory, biolog Ilýa Kolmanowskiniň pikiriçe, Putiniň ýolbaşçylygyndaky Russiýa “kämil awtoritarizm” derejesine ýetdi. Netijede, “jemgyýet gündelik durmuşy bilen ýaşamaýar, mobilizasiýa ýagdaýynda ýaşaýar. Döwlet ony awtokratiýany we güýçli el zerurlygyny aklaýan daşarky agressiýa wehimi bilen goldaýar."
Staliniň reabilitasiýasyndan başga, sowet syýasy terrorçylygyny amala aşyran esasy adamlaryň biri bolan Feliks Dzeržinskiniň işine hem gaýtadan baha berilýär.
1991-nji ýylyň awgust aýynda Dzeržinskiniň Lubýankadaky KGB binasynyň öňünde duran ýadygärliginiň ýykylyp aýrylmagy awtoritarizmden we repressiýalardan ara açylmagynyň nyşanyna öwrüldi. Emma şu ýylyň sentýabr aýynda bu ýadygärligiň birneme kiçeldilen görnüşi SWR-iň, Russiýanyň Daşary aňtaw gullugynyň binasynyň öňünde oturdyldy. Bu çärä daşary aňtaw gullugynyň müdiri, öňki KGB işgäri we Russiýanyň bähbitlerine zyýan ýetirmek üçin taryhy galplaşdyrmak synanyşyklaryna garşy göreşýän komissiýanyň başlygy Sergeý Naryşkin ýolbaşçylyk etdi. Dzeržinskiý "ýagşylyk we adalat ýörelgelerine esaslanýan geljegi döretmegi arzuw edipdi" diýip, Naryşkin öz sözlän sözünde aýtdy.
Şondan bir aý soň, 24-nji oktýabrda Kirow sebitiniň Orlow şäherindäki çagalar seýilgähinde Staliniň heýkeli açyldy. Bu dabara Staliniň agtygy Selim Bensaad we Feliks Dzeržinskiniň agtygy Wladimir Dzeržinskiý dagy hem gatnaşdy. Şäher häkimi bu ýadygärligiň “Sowet häkimiýeti döwründe Staline dikilen ýadygärligiň ýerleşen ýerinde dikilendigini” aýtdy. Ýerli metbugat ýaşaýjylaryň bu inisiatiwany goldamaýandyklaryny we prokuratura ýüz tutandyklaryny habar berdi.
Ýadygärlik däl, bakja heýkeli; muzeý däl, inçekesel hassahanasy
Kommunist telekeçi Alekseý Zorow 2020-nji ýylyň iýun aýynda Nižniý Nowgorodyň golaýyndaky Bor şäherinde öz şahsy melleginde Staliniň üç metrlik bürünç heýkelini oturtdy. Ýerli dolandyryşyň başlygy Aleksandr Kiselýow, ýadygärligi oturtmagyň häkimiýetler bilen ylalaşylmandygy sebäpli, polisiýa ýüz tutdy. Emma polisiýa bu ýerde hiç bir düzgün bozulmasyny tapman, munuň ýadygärlik däl-de, “bakjadaky bezeg şekili” bolandygyny öňe sürdi.
Zorow geçen ýylyň iýun aýynda şol ýerde Stalin merkeziniň muzeý toplumyny gurmaga başlady. Ol žurnalistlere sergide öz “şahsy kolleksiýana” degişli zatlaryň hem boljakdygyny aýtdy. 2021-nji ýylda bu taslama yglan edilende, sosial mediada ol barada gyzgalaňly çekişme boldy. "Bu biziň taryhymyzyň buýsanjy, özem iň erbet tarapy däl. Beýik SSSR-iň gurluşyk döwri. Häzire çenli onuň diňe ýykylmagyna bagyşlanyp dikilen ýadygärlik - Ýeltsin merkezi bar" diýip, çekişmä gatnaşanlaryň biri ýazdy.
Rus kommunistleri we milletçileri 2015-nji ýylda Ýekaterinburgda açylan Ýeltsin merkezini ýygy-ýygydan tankyt edýärler. Russiýa Federasiýasynyň Kommunistik partiýasyndan prezidentlige kandidat bolan Pawel Grudinin bu merkeziň ýapylmagyna çagyrdy. Adalat ministrligi iýun aýynda bu merkeziň "daşary ýurt agentiniň işi" bilen baglylykda gözden geçirjekdigini aýtdy. Sosial ulgamlarda "Stalin merkezini Ýeltsin merkeziniň garşysynda gurmaly" we "Soň olara gelýänleriň sanyny deňeşdirmeli" diýip ýazdylar.
“Russiýa kommunistleri” partiýasy 16-njy dekabrda Barnaulda Stalin merkezini açdylar.
Sebitiň kanun çykaryjy mejlisiniň başlygynyň orunbasary Sergeý Matasow merkeziň açylyş dabarasynda söz sözläp, “daşary ýurtly agentleri we Ýeltsin, Nawalnyý tarapdarlary bilen stalinçilik usulynda hasaplaşmagy” wada berdi.
Kolyma derýasynyň kenaryndaky Debin obasy 1935-nji ýylda, çekip-çydap bolmajak şertlerde ýaşaýan tussaglar üçin zähmet lageri hökmünde döredildi. Obadaky iň uly jaý kerpiçden salnan üç gatly inçekesel hassahanasydy. “Ilkibaşda bu Kolymadaky iň uly bina boldy; bu ýerde repressiýa edilenleri garawullap saklaýan konwoý ýerleşýärdi” diýip, ýerli taryhçy Iwan Juha aýdýar. “Soň bu ýerden sürgün edilen Şalamowyň gudrat bilen aman galan hassahanasyny açdylar. Ol bu hassahana gelende “boljagy bolan”, “sosializme ýeten” diýilýän adamdy. Şol ýyllarda “tasdan ölere gelen adama "sosializme ýeten” adam diýýärdiler. Ýöne ol bu hassahanada sözüň doly manysynda gaýtadan direldi, tussaglykda goşgy we hekaýa ýazdy” diýip, Juha gürrüň berdi.
Şalamow öz türme möhletiniň köp bölegini Kolymada geçirdi. Ýazyjyny feldşerler kursuna ýerleşdiren tussag lukman halas etdi. Şalamow olardan soňra, 1946-njy ýylda Debin obasyna iberildi we hirurgiýa bölüminde feldşer bolup işledi. Ol 1953-nji ýylda Kolymany terk edip, “Kolyma hekaýalarynyň” üstünde işlemäge başlady.
“Şalamow pajygaly ykbally, güýçli şahsyýet. Aslynda, muzeý diňe bir onuň hatyrasyny däl, eýsem tutuş Kolymany goldaýar" diýip, kolymaly geologiýa professory Irina Žulanowa aýdýar. “Sebäbi onuň betbagtlygy tutuş ýurduň betbagtlygy boldy we, ondan başga Kolyma hakda, stalinçilik maşynynyň düýp özeni barada hiç kim beýle düýpli we zehinli ýazmady. Hiç kim. Meniň pikirimçe, Solženenitsyn hem repressiýa temasyny beýle güýçli açmady."
2005-nji ýylda, höwesjeňleriň tagallasy bilen, Şalamowyň ýaşaan, işlän we ýazan hassahanasynda Gulagdaky gündelik durmuşa bagyşlanan sergili ýadygärlik otagy açyldy. Şol ýerde Şalamowyň depderçeleri we golýazmalary hem görkezildi. Emma muňa garamazdan, häkimiýetler şu ýylyň noýabr aýynda, hiç bir düşündiriş bermezden, bu muzeýi ýapdylar. Iwan Juha hassahananyň gözgyny ýagdaýy barada çap edilen gazet makalasynyň ünsi özüne çekendigini aýdýar: “Saýlawlaryň öňüsyrasynda häkimiýetlere bu hili galmagal derkar däldi, olar aşakdakylaryň kellesine pitiklediler we bu-da gelip muzeýiň ýapylmagyna getirdi. Meniň düşünişime görä, baş lukmana ýokardan, sebit ministrinden käýinç geldi, soň bu meselä häkim goşuldy. Netijede, ýaşaýjylaryň, ýerli ülkäni öwrenijileriň we taryhçylaryň tagallasy bilen 20 ýyllap gurlan muzeý ýapyldy.”
Hassahananyň we sebit Saglygy goraýyş ministrliginiň işgärleri Azatlyk radiosynyň habarçysynyň soraglaryna jogap bermekden ýüz öwürdiler. Ýerli metbugat muzeýiň hassahananyň näsaglarynyň saglyk ýagdaýy sebäpli ýapylýandygyny we onuň “taryhy taýdan gymmatly” eksponatlarynyň Magadana iberiljekdigini habar berdi.
"Häzir, elbetde, repressiýa temalarynyň ählisi babatynda işjeňlik bilen dymylýar, sebäbi biz ýene-de jenaýatçylykly döwletde ýaşaýarys" diýip, Žulanowa aýdýar. “Putin ýüz göterim şer, meniň özümem leningradly we ol agzyny açsa, howludaky leningrad şpanasynyň sözlerini eşidýärin. Men Men Staliniň döwründe hem ýaşadym, 1942-nji ýylda Stalingradyň eteginde doguldym, 1953-nji ýylda Stalin aradan çykanda, 4-nji synpda okaaýrdym. Indi edil häzir, elbetde, adamlar ýene gorkýarlar we dymmagy makul bilýärler. Şalamow muzeýine gelsek, bu aýratyn ykbal we ol çirksiz adamdy. Adamlar öz taryhlaryny we dünýäde nähili çirksiz arassa adamlaryň bolýandygyny bilmeli.”
Gymmatlyklaryň çaknyşygy
2022-nji ýylyň fewral aýynda Russiýa Ukraina garşy doly göwrümli urşa başlaly bäri, stalinçiligiň pidalaryna bagyşlanan onlarça ýadygärlik häkimiýetler tarapyndan zaýalandy, ýok edildi ýa-da ýykylyp aýryldy. “Soňky salgy” taslamasynyň berýän habarlaryna görä, repressiýalaryň pidalarynyň ýaşan binalaryna berkidilen ýadygärlik belgileri, pidalaryň atlary ýazylan nyşanlar “her hepde diýen ýaly ýitirim bolýar”.
“Memorialyň” medeni programmalarynyň dolandyryjysy Aleksandra Poliwanowa ýurtda gymmatlyklar çaknyşygynyň bolup geçýändigini aýdýar. Adam hukuklaryny goraýan “Memorial” guramasy, 2022-nji ýylda Parahatçylyk boýunça Nobel baýragyna mynasyp bolanlaryň biri, Russiýada daşary ýurt agentleriniň işi baradaky kanuny bozandygy sebäpli diýlip, 2021-nji ýylda ýapyldy. Kazyýetde bolan diňlenişikde prokuror guramanyň yzarlanmagynyň sebäbini “Memorial biziň taryhymyzy garalaýar. Ol bizi, ýeňijiler neslini we ýeňijileriň mirasdüşerlerini öz taryhymyzy aklamaga mejbur edýär" diýip düşündirdi.
"Her gezek ukrain şäherlerine hüjüm edilende we raketalar ýaşaýyş jaýlaryna degip, adamlary öldürende, Russiýada ýadygärliklere, adatça Lesýa Ukrainkanyň ýa-da Taras Şewçenkonyň heýkellerine, käte stalinçilik repressiýalarynyň pidalaryna dikilen ýadygärliklere gül getirip goýýarlar” diýip, Poliwanowa gürrüň berýär. "Ýagny, adamlar Russiýanyň häzirki häkimiýetleri bilen Sowet Soýuzynyň jenaýatlaryny öz-özünden baglanyşdyrýarlar. Bu sowet döwlet terrorçylygyna düşünmekde möhüm etap bolup durýar."
Poliwanowanyň sözlerine görä, adamlar repressiýalar wagtynda öldürilen ýa-da ýitirim bolan ata-babalary hakda maglumat almak üçin “Memoriala” ýygy-ýygydan ýüz tutmaga başladylar. Onuň pikiriçe, adamlar öz maşgala taryhyny öwrenýärler, sebäbi Ukrainadaky harby agressiýadan nähilem bolsa biraz daşlaşmak üçin, "özlerini jellatlar bilen däl-de, pidalar bilen deňeşdirýärler".,
Syýasy aktiwist we kommentator Sergeý Parhomenko gymmatlyklaryň çaknyşygynyň “Memorialyň” işiniň ähmiýetinden habar berýändigini, onuň işine onlarça ýyl bäri gatnaşýan adamlaryň kändigini aýdýar: “Bu gurama adamlary çagalar bilen bilelikde ara alyp maslahatlaşyp boljak pikiriň töwereginde birleşdirdi. Olar düzme ýazýarlar, öz şäherleriniň we köçeleriniň taryhyny öwrenýärler, ondaky gynançly faktlary tapýarlar we günä we adalatsyzlyk hakda gürleşip bilýärler. Bu režim üçin kabul ederlik ýagdaý däl".
(Bu makala Azatlyk radiosynyň Rus gullugynyň, Sibir.Reallyklary, Idel.Reallyklary, Sewer.Reallyklary taslamalarynyň žurnalistleriniň gatnaşmaklarynda taýýarlandy. Olaryň atlary rus häkimiýetleri tarapyndan yzarlanmak howpy zerarly aýdylmaýar.)
Forum