Ukrainada bolup geçýän hadysalar barada dogry maglumatlary anyklamak kynlaşýar. Ýöne internetde ýaýradylyp soňra duýsansyz gözden gaýyp bolýan habarlar bu ýagdaýy has hem kynlaşdyrýar.
Orsýetlileriň esasy köpçüligi dünýä habarlaryny Orsýetiň döwlet telewideniýesinden almagy dowam etdirýär. Olar Malaýziýanyň 17-nji iýulda gündogar Ukrainada ýykylan ýolagçy uçary barada näme gördüler?
Ukrainanyň howpsuzlyk gullugy ýurduň gündogaryndaky söweşijileriň özara gepleşigidigi çaklanylýan ýazgylary köpçüligiň dykgatyna ýetirdi. Onda HHG ulgamy Russiýadan alnadygy nygtalýar.
Moskwa subsidiýalar we mejbur etmek ýaly usullary ulanmak arkaly Ýewraziýanyň integrasiýasy bilen bagly arzuwlaryny amala aşyryp, bu ugurdan öz tagallalaryny ýaýbaňlandyrýar.
25-nji maýda Ukrainada geçirilen prezidentlik saýlawlarynyň netijesinde şokolad magnaty Petro Poroşenkonyň öz gutarnykly ýeňşini yglan etjekdigine kesgitli netije hökmünde garalýar.
Soňky birnäçe aýyň dowamynda Orseýtiň Ukraina babatda alyp barýan syýasaty Kremle yzly-yzyna peýda getirene meňzeýär. Ýöne üstümizdäki birnäçe ýylyň dowamynda ýagdaý düýbünden başgaça bolar.
Krym tatarlary Moskwanyň Ukrainanyň bu sebitini anneksiýa etmegine garşy durmagy dowam etdirensoň, Kreml, Orsýetdäki durmuşyň erbet däldigine ynandyrmak üçin, Tatarystanyň resmilerine bil baglaýar.
Moldowa Gündogar bilen Günbataryň arasynda tarap saýlamak pursatyny başdan geçirýär. Moldowanyň Ýewropa integrirlenmäge tarap gönükdirilen syýasaty netije berip başlady.
Wladimir Putin dünýäniň ähli ýerinde orslary gorajagyny wada berdi. Bu bolsa millionlarça orslaryň, hususan-da, öňli sowet ýurtlarynda Putiniň doktrinasynyň astyna düşýändigini aňladýar.
Siz Napoleona Orsýeti basym aldyran bir polşaly jeneýatçy general barada bir zat eşidipmidiňiz? Eşimtedik bolsaňyz, onda siz 31-nji martda Orsýetiň "Rossiýa-1" telekanalyna tomaşa eden dälsiňiz.
Orsýetiň Krymy basyp almagy bilen ýarymadada ýaşaýan tatar azlyklary bu ýerde ýiti hem-de zabun kanunlaryň durmuşa geçirilmegi bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar.
Birinji bilen, geçen aý Moldowanyň Gagauz awtonom respublikasy ýa-da awtonom Gagauz Ýeri Ýewropa Bileleşigini däl-de, Gümrük Bileleşigini goldamak üçin jedelli referendum geçirdi.
Ýewropa Bileleşigi we ABŞ Orsýete garşy ykdysady sanksiýalary, hatda Eýrana garşy sanksiýalara meňzeş ýiti çäreleri girizmäge garaşylmadyk derejede taýýarlyk bildirýärler.
Ukrainadaky soňky ýagdaýlar barada dogry maglumat almak mümkinçiligi gitdigiçe azalýar. Üstesine, rus mediasy bu mümkinçiligi has hem kynlaşdyrýar.
Haçan-da Ukrainada öňki sowet lideri Wladimir Leniniň bir heýkeli ýykylanda, ors prezidenti Wladimir Putin bu ýurdy "elden berdi" diýen pikir döreýär.
ABŞ-nyň ýolbaşçylygynda Siriýa harby interwensiýanyň amala aşyrylmak ähtimallygy ula ýazýar. Başar al-Assadyň iki esasy ýarany – Eýran we Orsýet – bu ýagdaýda mümkin bolan jogap çärelerini oýlap-biçýärler.
Orsýetde çykarylýan täze kararlar barada jemgyýetiň intellektual wekilleriniň gozgaýan gürrüňlerinde Kremliň erkin pikirlere garşy göreş alyp barýandygy aýdylýar.
Moldowa we Gürjüstan özleriniň Orsýetiň tarapdary bolan separatistik regionlary babatynda täze syýasaty ulanyp başladylar. Regionlaryň häkimiýetleri we Moskwa muňa reaksiýa görkezdiler.
Rejep Taýyp Erdogan “Türkiýäniň Putini” ýaňsyly ada eýe boldy. Erdoganyň sistemasyna wehim salýan protestler Orsýete mahsus “dolandyrylýan demokratiýa” syýasatynyň Türkiýä ýaramly model däldigini görkezdi.
Gürjüstanyň örän abraýly prawoslaw patriarhy pasha baýramçylygyna gabatlap ýaýradan beýannamasynda hökümeti abortlary gadagan edýän kanuny kabul etmäge ündedi.
Ýene-de ýükle