Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kadyrowyň hassalyk habarlarynyň arasynda Kreml Çeçenistanda etjek göçümlerini pikirlenýär


Ramzan Kadyrow
Ramzan Kadyrow

Adatça bolşy ýaly, Ramzan Kadyrowyň 22-nji maýda Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşmak üçin Kremle gelendigi habar berildi.

Kadyrowyň Telegramda beren habaryna görä, Çeçenistanyň Kreml tarapyndan goldanýan başlygy Putine öz sebitinde gazanylan ykdysady üstünlikler barada maglumat berdi we “ilkinji buýrukda” “on müňlerçe tälim berlen we enjamlaşdyrylan ätiýaçdaky esgeri” Ukrainadaky söweşe iberjekdigini aýtdy.

Duşuşykda düşürilen we ýaýradylan bir suratda Kadyrow daşyndan gurgun görünse-de, bu gürrüňdeşlik 47 ýaşly erkegiň saglyk ýagdaýynyň agyrdygy barada ýaýran habarlaryň arasynda geçirildi. Bu habarlar, Çeçenistanda ýokary derejeli işgärleriň täzelenmegi we Kadyrowyň öňden gelýän tejribelerini dowam etdirip, çagalaryna hökümet wezipelerini we baýrak bermegini tizleşdirmegi, Çeçenistanyň paýtagty Groznyda we rus paýtagty Moskwada bu sebit üçin geçiş döwrüniň taýynlanýandygyna şübhe döretdi.

Ramzan Kadyrow prezident Wladimir Putin bilen duşuşyk wagtynda. Kreml, 22-nji maý, 2024.
Ramzan Kadyrow prezident Wladimir Putin bilen duşuşyk wagtynda. Kreml, 22-nji maý, 2024.

Russiýanyň Ukraina garşy alyp barýan urşunda çeçen güýçlerine serkerdelik edýän general-maýor Apti Alaudinow soňky aýlarda mümkin bolan mirasdüşer bolup öňe çykdy. Bir synçynyň pikiriçe, ol Kadyrow däl-de, silowiki diýilýänler, Putiniň töweregindäki harby we howpsuzlyk agentlikleri tarapyndan goldanylýar.

Kadyrow bilen Alaudinowyň 7-nji maýda Putiniň inagurasiýa dabarasyna aýry-aýry delegasiýalarda gatnaşmagy köp adamyň üşermegine sebäp boldy.

Putin Kadyrowy kakasy, Çeçenistanyň başlygy Ahmed Kadyrow janyna kast edilip öldürileninden üç ýyl soň, 2007-nji ýylda Çeçenistanyň ýolbaşçylygyna belledi. Kadyrow Russiýadaky we daşary ýurtlardaky hukuk goraýjylar tarapyndan ýazgarylýan zoňtar taktikalary ulanyp, ýurduň iň durnuksyz sebitine durnuklylyk getirmekde aýyplandy.

Demirgazyk Kawkazdaky ýagdaýlar baradaky habardarlygy bilen tanalýan “Nowaýa Gazeta Ýewropa” aprel aýynda Kadyrowa 2019-njy ýylyň ýanwar aýynda ýiti aşgazan asty nekrozy diagnozynyň goýlandygyny habar berdi. Soňky çykan wideolardaky görnüşler, ýüzündäki çiş we sözleri aýyl-saýyl aýdyp bilmezligi Kadyrowyň saglyk problemalary barada aýdylýanlara goşmaça delil boldy.

Kadyrow bu habarlary gaýta-gaýta ret edip, aşa redaktirlenen, özüni maşk edýän şekilde görkezýän wideolary çap etse-de, köp analitigi ynandyryp bilmedi.

"Bu adamyň halynyň harapdygy görnüp dur” diýip, bosgunlykdaky çeçen oppozisiýa blogçysy Tumso Abdurahmanow aýtdy.

"Görnüşinden, lukmanlar onuň ýagdaýyny biraz durnuklaşdyrana ýa-da gowulaşdyrana meňzeýär. Ýöne Kadyrowyň hassadygy we bejerilip bilinmeýändigi açyk" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Kadyrow 21-nji maýda sebitiň premýer-ministri Musulman Huçiýewi 2018-nji ýyldan bäri eýeleýän wezipesinden aýryp, onuň ornuna premýer-ministriň orunbasary bolup işlän Isa Tumhajiýewi, öz garyndaşyna öýlenen resmini belledi. Şol bir wagtda, Kadyrowyň 18 ýaşly ogly Ahmat sebitleýin sport ministri wezipesine bellendi.

Şeýle-de, ol öz 20 ýaşly giýewisi Ramzan Wismuradowy portfelsiz premýer-ministriň orunbasary edip belledi.

Sebit hökümetindäki iň gowy 23 wezipäniň altysyny häzir Kadyrowyň çagalary ýa-da olaryň ýanýoldaşlary, beýleki bäşisini bolsa has uzak garyndaşlary ýa-da Kadyrowyň dogduk şäherinden bolanlar eýeleýär.

Birnäçe gün öň, 16-njy maýda, Kadyrowyň iň wepaly we agressiw ýaranlarynyň biri, 2016-njy ýyldan bäri çeçen parlamentiniň başlygy bolan Magomed Daudowyň işden aýrylmagy köp adamy haýran galdyrdy.

Çeçen hukuk goraýjy aktiwisti Abubakar Ýangulbaýew Daudowyň işden aýrylmagynyň Kadyrowyň saglyk meseleleriniň gönüden-göni netijesi däldigini, ýöne sebitdäki syýasy aladalar bilen baglydygyny öňe sürdi.

"Bu işiň birden bolmagy Magomed Daudowyň Ramzan Kadyrowyň arkasyndan bir zatlar edendigini görkezýär, Ramzanyň bilmeýän zadyny edendigini yşarat edýär" diýip, Ýangulbaýew aýtdy.

Apti Alaudinow
Apti Alaudinow

Putin 16-njy aprelde Alaudinowy Goranmak ministrliginiň "harby-syýasy" bölüminiň başlygynyň orunbasary wezipesine bellemek baradaky buýruga gol çekip, ony hususan-da harbylaryň arasyndaky syýasy tabynlyk meselesinde jogapkär etdi. Şeýle-de, 50 ýaşly harby Ukrainada hereket edýän ýörite güýçler bölüminiň, çeçenlerden düzülen Ahmat batalýonynyň serkerdesi wezipesini dowam etdirer.

“Nowaýa Gazeta Ýewropa” gazetiniň baş redaktory Kirill Martynow Azat Ýewropa/Azatlyk radiosynyň “Häzirki zaman” neşirine beren interwýusynda Putin Russiýasynda iň görnükli sebit lideri bolan Kadyrowy täsirli silowikleriň köpüsiniň halamaýandygyny aýtdy.

(Makala gysgaldylyp çap edildi.)

Forum

XS
SM
MD
LG