Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gizlin hasabat ýiten $1 milliardy yzlaýar


Moldowan milliarderi Ilan Şor
Moldowan milliarderi Ilan Şor

Moldowanyň parlament spikeri 2014-nji ýylda Moldowanyň üç bankyndan 1 milliarda golaý dollaryň ýitirim bolşy baradaky içki hasabaty aýan etdi.

Moldowan parlamentiniň spikeri Andrian Kandu üç bankdan 1 milliard çemesi dollaryň ýitirim bolşy baradaky gapma-garşylykly audit hasabatynyň doly tekstini çap etdi.

Birleşen Ştatlaryň garaşsyz Kroll konsultatiw guramasy 2012-14-nji ýyllarda Moldowanyň üç bankyny öz gözegçiligine alan 28 ýaşly biznesmen Ilan Şor bilen ilteşikli kompaniýalar we şahslar, olaryň noýabr aýynda üç gün içinde Şor bilen baglanyşykly kompaniýalara uly möçberde karz pul berşi baradaky jikme-jiklikleri dokumentleşdirýär.

Moldowa özüniň ýyllyk içerki önüminiň tas bäşden birine golaýynyň görnetin ogurlanmagyndan çaýkanyp giden ýaly boldy. Merkezi bank, ykdysadyýetiň çökmeginiň öňüni almak üçin, üç banka 16 milliard leý ($870 million) möçberinde adatdan daşary karz bermäge mejbur edildi.

Kişinýowdaky «Expert-Grup» barlaglar merkeziniň ýerine ýetiriji direktory Adrian Lupusor bu hasabatda bikanun maliýe operasiýalarynyň ýeser shemasynyň açylyp görkezilýändigini aýdýar.

"Bu transaksiýalar sypatyndaky, serhetaşa häsiýetindäki pul ýuwuş shemasy bolup görünýär, sebäbi olar birnäçe ýurtdan dürli banklary we kompaniýalary, şonuň bilen birlikde-de köp adamy öz içine alýar" diýip, ol AÝ/AR-na aýtdy.

Halk gazaby

3-nji maýda onlarça müň adam paýtagt Kişinýowyň köçelerine çykyp, audit hasabatynyň çap edilmegine we baş prokuroryň, birnäçe sudýanyň, bu puluň ýitirim bolmagyna jogapkär hasaplanýan syýasy ýolbaşçylaryň birnäçesiniň işden çekilmegine çagyrdylar.

Kroll guramasy içki hasabatyň çap edilmegine garşy boldy, emma Kandu 5-nji maýda feýsbukda «83 sahypalyk hasabaty ile ýetirmek kararyna gelendigini aýdyp, hökümet raýatlarynyň öňünde açyk-aýdyň bolmaga borçly" diýdi.

Baş prokuraturanyň korrupsiýa garşy bölüminiň başlygy Eduard Harunjen Azatlyk radiosynyň Moldowan gullugynyň websaýtyna ýazan teswirinde bu hasabatyň kanuny durumynyň ýokdugyny aýtdy.

"Biz bu hasabatyň dogruçyllygyna şübhelenmeýäris, biz ony tankytlamaýarys" diýip, Harunjen aýtdy. "Emma Kroll ekspertleri derňewçiler guramasy däl" diýip, ol bu hasabat esasynda özleriniň Şory tussag etmek ygtyýarlygynyň ýokdugyny belledi.

Kroll hasabaty Moldowanyň Merkezi bankynyň tabşyrygy esasynda, hakykatda ýitirim edilen pullara näme bolandygyny anyklamak üçin taýýarlanyldy.

Auditlerde üç bankda - «Unibank», «Banca de Economii» we «Banca Sociala» banklarynda 2014-nji ýylyň noýabrynda edilen transaksiýalara, pul geçiriş operasiýalaryna syn edildi.

Onda üç bankyň Şor topary bilen ilteşikli, Ilan Şor tarapyndan kontrollyk edilýän moldowan kompaniýalarynyň bäşisine 24-nji we 26-njy noýabrda azyndan 13.5 milliard leý geçirilendigi barada netije çykarylýar.

Şor toparynyň sözçüsi 6-njy maýda özleriniň bu mesele boýunça beýanat çap etjekdiklerini aýtdy. Orsýetiň «Komsomolskaýa prawda» gazetiniň moldowan görnüşiniň websaýty Şoruň gysgaça beýanatyny çap etdi, onda Şor moldowan metbugatynyň özüniň ýurdy terk edendigi baradaky habarlaryny ýalana çykarýar.

"Hasabat bizi tassyklaýar"

"Biz ol hasabaty öwrenýäris, onda biziň hususy inwestor gelmezinden öň nämeleriň bolandygy we biziň olary düzetmäge mejbur bolşumyz barada aýdan zatlarymyz tassyklanýar" diýip, Şor özüniň banklary öňki ýalňyş dolandyryşdan halas etmek üçin işländigi barada aýdanlaryny gaýtalaýar.

Mundanam başga, ol özüniň Kişinýewdedigini we derňew bilen hyzmatdaşlyk edýändigini nygtaýar.

Hasabatda aýdylmagyna görä, karz berilýän pullaryň şeýle uly möçberde ýokarlanmagyna daşarky maliýe guramalaryndan, şol sanda Orsýetiň üç bankyndan –«Gazprombank», «Interprombank» we «Alef Bank» banklaryndan berlen depozitler kömek edipdir.

Moldowan kompaniýalary soňra, aýdylmagyna görä, ol pullary derrew Latwiýada ýerleşýän, Angliýada we Noň-Koňda hasaba alnan, daşary ýurt kompaniýalary tarapyndan kontrollyk edilýän bank hasaplaryna geçiripdirler.

Kroll hasabaty pul ogurlamak planynyň 2012-nji ýyldan, «Unibankyň» eýeçiligi 21 sany täze paýdara, şol sanda Ilan Şor bilen ýakyn gatnaşykda bolup görünýän syýasy ýolbaşçylara we şahslara geçeninden soň başlanandygyny görkezýär.

Ol diýilýän şahslaryň her biriniň «Unibankda», hamala, 4.58 prosentden 4.97 prosente çenli paýy bar. Bu iş bilen ilteşikli şahslaryň birnäçesi, aýdylmagyna görä, Latwiýanyň «Latvijas Pasta Banka» banky bilen işleşýän ukrain we rus raýatlarydyr.

Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG