Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrain saýlawlary täze syýasata ýol açýar


Saýlaw nokady, Nowotroitsk obasy, 23-nji oktýabr, 2014
Saýlaw nokady, Nowotroitsk obasy, 23-nji oktýabr, 2014

Mämişi-gök gapma-garşylygyň soňy: Ukrainadaky saýlawlar täze syýasy ýagdaýy döredip biler.

26-njy oktýabrda Ukrainada saýlawlar geçiriler. Saýlawlarda Ýewropa ösüş liniýasyny saýlap alan täze barlyşyk emele geljege meňzeýär. Häzirki wagtda Ukrainanyň ors milletli raýatlary-da Putiniň golastyndaky Orsýete ynamsyz garaýarlar.

26-njy oktýabrda Ukrainanyň raýatlary ýurtdaky syýasy gapma-garşylygyň, şeýle-de ýurduň ýewropaçy günbatar regionynyň we orsýetçi gündogar regionynyň arasyndaky agzalylygyň soňuna çykmak maksady bilen saýlaw uçastoklaryna bararlar.

Mämişi-gök bölünişigiň tamamlanmagy gündogar Ukrainada möwç alýan separatistik konfliktiň netijesi bolup durýar. Kiýewiň Mohyla akademiýasynyň professory Andreas Umland şeýle diýýär: “Bu bölünişik, esasan, uruş sebäpli azaldy, şeýle-de muňa ors dilli köp ukrainleriň we mundan bir ýyl öň Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin barada gowy pikirde bolan adamlaryň urşuň hakykatdanam Orsýetiň dolandyrmagynda we goldanmagynda alnyp barylýandygyna göz ýetirmekleri boldy. Häzirki wagtda hatda köp etniki rus raýatlary-da doly manyda Ukrainanyň watançylaryna öwrülýärler”.

"Howpsuzlyk jebisleşdirýär"

Saýlawlarda öňe çykan partiýalar däl-de, Ýewropa bilen integrasiýany goldaýan we Moskwanyň niýetlerine seresaplylyk bilen garaýan berk syýasy blog öňe saýlandy.

Azatlyk Radiosynyň Ukrain gullugynyň baş redaktory Nataliýa Çurikowa “Köp ýylyň dowamynda Ukrainada dil problemasy köp gozgalýardy we bu mesele hyýanatçylykly ulanylýardy” diýip belleýär. Onuň sözlerine görä, “Ukrainleri has berk jebisleşdirýän zat howpsuzlykdyr”. “Meniň pikirimçe, howpsuzlyk meselesi häzirki wagtda birinji ýerde durýar” diýip, Çurikowa belledi.

Şol bir wagtda-da ýurtdaky separatistik konflikt zerarly orsýetçi Donetsk we Lugansk regionlarynyň ses berijileriniň köpüsi saýlawlara gatnaşyp bilmez. Mart aýynda Orsýet tarapyndan basylyp alnan Krym ýarymadasynyň ýaşaýjylary hem ses berişlige gatnaşyp bilmezler.

Emma Ukrainanyň Kiýewiň gözegçiligindäki böleklerinde, ses berijileriň, şol sanda ors dilinde gepleýänleriň we ors milletlileriň arasynda ozara ylalaşyk emele gelýär.

Ses berişligiň netijeleri

Sentýabr aýynda oppozision syýasatçy Alekseý Nawalnynyň ýolbaşçylygyndaky “Korrupsiýa garşy” fonduň Ukrainanyň ors dillileriň köpçülik bolup ýaşaýan Odessa we Harkow regionlarynda geçiren ses berişligine görä, ses berijileriň 34%-i “Ukrainanyň geljeginiň Ýewropa bilen bagly bolmagyny isleýärler” we diňe 17%-i Orsýet bilen has ýakyn gatnaşyklaryň tarapynda durup çykyş edýär.

Bu regionyň ilatynyň 87%-i ol Ukrainanyň düzüminde galmaly diýip hasap edýän bolsa, diňe 3%-i bu regionyň Orsýete goşulmalydygyny aýdypdyr.

Ilatyň 56%-i Putine negatiw garaýyşdadygyny, 58%-i geçen ýylyň dowamynda özleriniň Orsýete gatnaşygynyň ýaramazlaşandygyny belläpdir. Meseläniň iň möhüm tarapy-da pikir soralyşyga gatnaşanlaryň 75%-i 26-njy oktýabrda boljak saýlawlara gatnaşmakçydygyny mälim edipdir.

Şol bir wagtda-da Ukrainada Ýewropany nazarlaýan ösüşiň tarapdarlarynyň barlyşygynyň döremegine garamazdan, ýurduň syýasy sistemasy ösmedik we bölünen ýagdaýda galýar.

XS
SM
MD
LG