Häkimiýet eýelerine we täsirli gatlaga garşy tutuş Günbatarda turan tolkun açyk serhetler, açyk söwda abadançylygyň açary diýen düşünjä esaslanýan syýasy düzgüni sorag astyna alýar.
Gaýgy-gama batan Jyldyz Azaýewa Gyrgyzystanyň günortasynda, uzakda ýerleşýän bir obada aradan çykan 76 ýaşly ejesini jaýlamaga gideninde, has agyr gaýgy-hasrat entek öňdedir diýip, asla pikir etmändir.
Türkiýede başa barmadyk harby döwlet agdarylyşygynyň üstünden bir hepde geçip-geçmänkä Güleniň hereketi sebäpli Gyrgyzystanda basym köp ýurtlara ýaýramagy mümkin bir göreş turdy. Esasy bäsleşikde güýç synanyşýanlar Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkegiň iki möhüm uniwersiteti. Ýurduň iň gowy ýokary okuw jaýlary hasaplanylýan bu uniwersitetleriň biri-birinden aralygy hem sanlyja kilometrden ýokary däl. Bularyň biri türk döwleti tarapyndan maliýeleşdirilýän Manas uniwersiteti.
Başa barmadyk harby döwlet agdarylyşygy synanyşygyndan köp salym geçmänkä, türk prezidenti Rejep Taýýyp Erdogan bilen onuň töweregindäkiler özleriniň hökümeti agdarmaga synanyşýan "ýaşyryn döwlet" diýýänlerini aýyplap başladylar.
Üstümizdänki hepdede ýüze çykan Daglyk-Garabag krizisiniň köp adamlara uzak, sowa ýerde barýan ownuk konflikt ýaly bolup görünmegi mümkin.
Öňki sowet respublikalarynyň liderleriniň köpüsi baýlygy gizlemek maksady bilen ofşor zonasynyň ulanylmagyny açyk ýazgaryp, onuň öz ýurtlaryny sermaýadan mahrum edýändigini aýdýarlar.
Molenbeek etrabynyň ady mundan ozal dünýäde köp eşidilen at däldi. Ýöne 13-nji noýabrda Parižde, 22-nji martda Brýusselde partlan bombalardan soňra bu at yslamçy terrorizm bilen manydaş söze öwrüldi.
Ýewropa Bileleşiginiň Türkiýeden wiza düzgünlerini berkitmek barada edýän talaby regionyň iş adamlaryny ullakan alada goýýar.
Soňky ýyllarda söweşden we ýeter-ýetmez ýaşaýyşdan gaçyp gelýän ýüz müňlerçe adamlar, Günbatar Ýewropa ýurtlaryna baryp ýetmek üçin, Balkan ýurtlarynyň üstünden uzak ýol sökmeli bolýarlar. Ýöne häzirlikçe bu ýollarda käbir meseleler bar.
Daniel Köhler Siriýadan dolanyp gelýän harbylaşan yslamçylary gaýtadan adaty durmuşa integrirlemek boýunça Günbatarda iş alyp barýan sanlyja adamlaryň biri.
Ol öz milletini öňki belentligine, milli gymmatlyklaryna ýetirmek wadasy bilen häkimiýet başyna geldi. Şeýle hem ol döwlete ýolbaşçylyk etmegi esasan şahsy işe öwrüp, netijede öz ýurdunyň umumy sypatyna öwrüldi.
Orsýet Siriýada bombalamak kampaniýasyna başlaly aradan üç hepde geçer-geçmez, garaşylmadyk sapar bilen Moskwa baran prezident Başar al-Assad Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşdy.
Üstümizdäki hepde Germaniýanyň "Pegida" ady bilen tanalýan anti-migrant hereketi özüniň bir ýyllygyny belläninde Drezden şäherinde Ýewropanyň bosgunlar bilen bagly barýan çekişmesiniň iki garşylykly ugry duşuşdy.
Moskwa Ýakyn Gündogardaky täsirini esli derejede ýitirip biler, sebäbi onuň Siriýadaky oppozisiýa nyşanalaryny bombalamagyna ol ýerde gaharly reaksiýalar bildirildi.
Gyrgyzystanyň saýlawlarynyň netijeleri gapma-garşy ýagdaýyň üstüni açdy, ýagny ýurt demokratiýa ýykgyn etmegi bilen bir wagtda Kremliň täsiri astynda galýar.
Moskwa Kiýewi ÝB-den arany açmaga höweslendirmek üçin 2013-nji ýylda oňa karz pul berende, ukrainlaryň köpüsi muňa awy gatylan içgi we prezident Ýanukowiçden dynmak üçin ýene bir esas hökmünde garapdylar.
Siriýaly bosgunlaryň tas hemmesiniň diýen ýaly, baý arap Aýlag döwletlerinden pena gözlemän, Günbatara gaçýandygy görnüp dur. Tutuş dünýäde sosial mediany ulanýanlar hem häzir şunuň sebäbini soraýarlar.
Görnükli azeri žurnalisti Bakuwyň sudunda boýnegmezlik bilen eden jemleýji beýanatynda ykdysady jenaýatçylykda aýyplanyp, suda çekilmeginiň özüni ruhdan düşürmegi ýa işini togtatmagy başarmandygyny aýtdy.
Gazagystan öz ykdysadyýetini tebigy çig malyň eksportyna esaslanýan görnüşde gurmak bilen geçen 15 ýyllykda ösüşiň eşretini gördi. Ýöne ol indi munuň üçin gymmat baha tölemeli boljaga meňzeýär.
Garaşsyz azeri žurnalistler habarçy R.Aliýewiň urlup öldürilmegi hökümeti tankytlaýan žurnalistlere hüjüm etmegiň jezalandyrylma töwekgelçiligi ýok diýen düşünjäniň giňden ýaýrandygyny görkezýär diýýärler.
Ýene-de ýükle