Dauren Žumadilow özüniň Ýewropanyň migrant krizisiniň arasyna düşjegi, ýagny bu meseläniň özüne nähilidir alada boljagy barada hiç wagt oýlanmandy.
Emma Almatydaky, türk kenarlaryndan 3,500 km çemesi uzaklykdaky syýahatçylyk gullugynyň menejeri indi, eger Brýussel Ankara, Ýewropa akýan migrant akymyny togtatmak baradaky ylalaşygyň çäginde, köp ýurt boýunça wiza talaplaryny berkitmek barada ýeterlik basyş görkezse, uly ýitgi çeker.
"Eger bu diýilýän bolsa, Türkiýe meniň watandaşlarym üçin hem wiza talabyny dikelder, bu bize örän uly we erbet zyýan ýetirer" diýip, ol aýdýar.
Žumadilowyň we onuň deň-duşlarynyň häzir wizasyz gatnaw düzgüninden peýdalanýan ençeme ýurda abanýar diýýän howpy 7-nji martdaky ÝB-Türkiýe migrant ylalaşygy gepleşikleriniň taslama kagyzlarynda ýatyr. Bu ylalaşygyň bir bölegi hökmünde, Türkiýe, ÝB-niň türk raýatlaryna Şengen ýurtlaryna wizasyz gatnaw düzgünini bermeginiň deregine, iýunyň aýagyndan gijikmän, öz wiza düzgünini berkitmeli bolar.
Brýussel Türkiýäniň wiza syýasatynyň ÝB-niň özüniňki ýaly berk bolmagyny, ýagny ÝB ýurtlaryna girmegiň wizasyz we wizaly düzgünleriniň sanawynyň ýokary derejede çäklendiriji bolmalydygyny nazarda tutýar.
Eger Ankara ÝB-niň pozisiýasy bilen ylalaşsa, onuň netijesi raýatlary Türkiýä wizasyz girip bilýän ýurtlaryň sanynyň üzül-kesil azalmagyna getirer.
Ýewropa Bileleşigine girmek üçin raýatlary wiza almaly bolan ýurtlar toparynyň, ozalky sowet respublikalarynyň, Eýranyň, Ýakyn Gündogaryň we Demirgazyk Afrika döwletleriniň graždanlary Türkiýä wizasyz girip bilýär.
"Gazagystandaky turizm biznesi esasan daşarky syýahata daýanýar we esasy menzil Türkiýe bolup durýar» diýip, Žumadilow Azatlyk we Azat Ýewropa radiosyna Gazagystanyň iň uly şäherindäki «Turan Express» syýahat gullugyndan aýtdy. «Adamlaryň Türkiýäni saýlap almagynyň sebäbi bu ýurda gitmek üçin wiza soralmaýar.”
Ol, eger Türkiýe Gazagystanyň raýatlary üçin wiza düzgünlerini berkitse, bu ýagdaýda öz müşderileriniň Horwatiýa, Adriatik deňziniň kenarlaryna gitmegi saýlap aljagyny çaklaýar, sebäbi bu ýurt gazak turistleri üçin tomus aýlarynda giriş şertlerini ýeňilleşdirýär.
ÝB-Türkiýe gepleşikleriniň diňe ýapyk gapylaryň arkasynda geçirilmegi Žumadilow ýaly regional biznes adamlaryny barha kän alada goýýar. Bu gepleşikleriň jikme-jiklikleri pesinden 17-nji ýa 18-nji marta çenli, Ýewropa geňeşiniň prezidenti Donald Tusk Brýusselde, ÝB-niň ýolbaşçylarynyň sammitinde gazanylan progres barada gysgaça hasabat berýänçä açyljaga meňzemeýär.
ÝB-niň Türkiýä öz wiza režimini radikal ýagdaýda berkitmek barada berýän rekomandasiýasy Ankarany öz gapylaryny söwdany we syýahatçylygy hyjuwlandyrmak üçin açmak boýunça ençeme ýyllap eden tagallalaryndan yza çeker.
Ýurda girmegi ýeňilleşdirmek Türkiýäniň dolandyryjy, dini esasly Adalat we galkynyş (AKP) partiýasynyň esasy ýörelgeleriniň biridi, AKP-nyň «hiç hili problemasyzlyk» atlandyran daşary syýasaty esasan golaýdaky musulman ýurtlaryna ýakynlaşmagy nazarda tutýardy.
Emma indi bu wiza ýeňilligi syýasaty Brýussel tarapyndan tankyt edilýär. ÝB bu syýasatyň Türkiýäniň üsti bilen kontinentde Ikinji Jahan urşundan bäri Ýewropa aşmaga çalyşýan iň uly migrant akymynyň esasy meýdanyna öwrülmegine getirendigini aýdýar.
ÝB-niň maglumatyna görä, geçen ýyl Ýewropa giren 1.2 million migrantyň 888 müňden gowragy Türkiýäniň üsti bilen geldi. Olar esasan Siriýadan, Owganystandan, Yrakdan gelen, şeýle-de olaryň arasynda Eýrandan, Morokkadan, Pakistandan, Bangladeşden, Alžirden, Somaliden, Liwandan gaýdan adamlar bar.
Emma ÝB Türkiýä öz wiza talaplaryny Bileleşigiň öz wiza talaplarynyň derejesinde berkitmek maslahatyny berse-de, bu diýilýäni nädip amala aşyrmalydygy barada karar etmek Ankaranyň özüne bagly.
"Meniň pikirimçe, ÝB-niň Türkiýeden, sypaýyçylyk bilen haýyş etmese, hiç bir zady talap ederlik ýagdaýy ýok» diýip, Brýusseldäki Ýewropa syýasaty merkeziniň baýry syýasy analitigi Amanda Paul aýdýar.
Ol bu gepleşiklerde Türkiýäniň eliniň güýçlüdigini, sebäbi onuň ÝB-niň gyssagly çözgüde garaşýan migrant krizisini Ankaranyň kömegi bolmazdan çözüp bilmejegini bilýändigini aýdýar.
Iki taraply ýol
Eger-de häzirki ýeňillikli wiza düzgünini çalyşmagy karar etmekçi bolsa, Türkiýe diňe ÝB-niň basyşyny däl, eýsem özüniň ykdysady bähbitlerini hem nazarda tutmaly.
"Häzirki liberaly wiza düzgüni esasan Türkiýäniň turistlere açlygy sebäpli girizildi» diýip, Stambuldaky Türk Aziýa Strategiki barlaglar merkeziniň (TASAM) başlygynyň orunbasary Murat Bilhan belleýär.
Turizm senagaty, ýurduň iň uly iş berijileriniň biri bolmak bilen, Türkiýe noýabrda rus uçaryny uranyndan soň girizilen rus sanksiýalary esasynda, eýýäm uly zyýan çekdi.
Soňky maglumatlar, Antaliýa kenaryna baran rus turistleriniň sanynyň ýanwar aýynda ondan öňki ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 81 prosent azalandygyny görkezýär. Bu ýagdaý Ankara Müsürden, Ysraýyldan, Azerbaýjandan we Eýrandan gelip, aýdylmagyna görä, rus turistlerinin ýerini doldurýan müşderileriň gelmegini kynlaşdyrmazlyga berk esas berýär.
Emma Türkiýe öz liberal wiza düzgüniniň içerki ykdysadyýete salýan agramyny hem hasaba almaly, sebäbi häzir ýurt içinde kadasyz ýaşaýan 200 müň çemesi migranta goldaw bermek hem ýeňil ýük däl. Olar Türkiýäniň eýe çykan 2.2 million çemesi siriýaly bosgunyna goşmaça bolup durýarlar.
"Eger-de migrantlar başga ýurtlara gitmek we ol ýerde gowurak şert tapmak mümkinçiliklerini ýitirseler, onda olar Türkiýede ornaşyp galarlar we bu Türkiýä bir howp bolup durýar» diýip, Bilhan aýdýar. "Türkiýäniň olary kabul edip almak üçin ýeterlik mümkinçiligi ýok."
Türkiýe eýýäm şu ýylyň özünde goňşular üçin wiza talaplaryny berkitjekdigi barada iki gezek yşarat etdi.
Ankara ýanwarda Liwan, Iordaniýa ýaly üçünji ýurtlaryň üsti bilen Türkiýä gelýän siriýalylar üçin wiza düzgünini girizdi. Sebäbi bu ýurtlarda hem kän möçberde siriýaly bosgun bar. Bu çäre Ýewropa akýan kadasyz migrant akymyny gowşatmak niýetinden ugur alýardy.
Fewral aýynda bolsa Türkiýe türk serhedinde yraklylara wiza bermegini bes etdi we olaryň wizany ýurt içinde, türk konsullygyndan almalydygyny aýtdy. Emma muňa garamazdan, Şengen ýurtlaryndan wiza ýa-da oturym soraýan yraklylar şindem Türkiýeden elektoron wiza alyp bilýärler. 2015-nji ýylda Türkiýäniň üsti bilen Ýewropa gelen migrantlaryň 10 prosente çenlisini yraklylar düzýär.
Iňlisçeden türkmençä geçiren Ýowşan Annagurban.