Gyrgyzystanyň parlament saýlawlarynda berlen sesleriň ählisiniň sanalmagynyň netijeleri bu merkezi aziýa ýurdunyň özüniň Moskwa garaşly ornuna boýun bolandygyny görkezdi.
4-nji oktýabrda geçirilen saýlawlarda, esasan, orsýetçil partiýalaryň ählisi gaýtadan saýlandy.
Olaryň ykdysady we ýerli meselelere gönükdirilen kampaniýalary Gyrgyzystanyň iň gowy ykdysady mümkinçilikleriniň Moskwa bilen ýakyn aragatnaşyga baglydygyna esaslanýar. Ses berijiler hem munuň bilen razy bolana meňzeýär.
Bu ýagdaý Gyrgyzystany gapma-garşylykly görkezýär: öňki Sowet Soýuzyndaky seýrek demokratiýa Orsýetiň täsiri astyna gaýdyp barmagy isleýär.
Emma demokratiýa Orsýetiň kölegesinde ösüp bilermi?
Eýýäm häzir gyrgyz parlamenti Orsýetiň iň gapma-garşylykly çäklendirmelerine degişli kanunlaryň modeline ýykgyn edýändigini görkezdi.
Häkimiýet başyndan çekilýän parlamentiň wekilleri daşary ýurtlardan maliýeleşdirilýän hökümete degişli bolmadyk ýerli guramalary “daşary ýurt agentleri” diýip atlandyrmak boýunça kanun teklip etdiler we adaty bolmadyk durmuş stilini goramagy gadagan edip, geýleriň hukuklaryny goramak boýunça iş alyp barýan guramalaryň işlerini çäklendirdiler.
Şol kanunlaryň makullanmagy saýlawlar geçirilýänçä yza tesdirildi, emma Gyrgyzystanyň ençeme analitikleri täze deputatlaryň öňden bar bolan kanun taslamalaryny makullaman, olaryň deregine täzelerini döretjekdiklerini çak edýärler.
“Kanunlar barada aýdylanda, repressiw kanunlar syýasatynyň dowam etdiriljekdigine ynanýaryn” diýip, Bişkekde ýerleşýän “Polis Aziýa” atly analiz merkeziniň müdiri Elmira Nogoibaýewa AÝ/AR-nyň Gyrgyz gullugyna aýtdy.
Nogoibaýewanyň pikiriçe, iş munuň bilen çäklenmez we munuň gyrgyz jemgyýetiniň we resmileriniň üns merkezine dolanyp barmalydygyny aýdýar: “Bu ýerde umumy kanunlara, media kanunlaryna we şuňa meňzeşlere degişli güýçli çäklendirmeler we repressiw syýasat tendensiýasy bolar”.
Nogoibaýewa öz sözüni şeýle dowam edýär: “Meniň ýeke-täk islegim - biziň syýasatçylarymyzyň munuň Gyrgyzystan üçin örän howpludygyny aňynda saklamagydyr; her bir şeýle synanyşyk ýaramaz netijä alyp barýar”.
Orsýetiň Gyrgyzystandaky täsiri prezident Almazbek Atambaýewiň ABŞ-nyň Manas howa bazasyndan peýdalanmagynyň soňuna çykmak barada 2011-nji ýylda Moskwa beren saýlaw wadasyny berjaý edensoň, yzygiderli güýçlenýär.
ABŞ-nyň Manas howa bazasyny ulanmak boýunça şertnamasynyň 2014-nji ýylda möhleti dolýança, baza Waşingtonyň Bişkek bilen hyzmatdaşlyk proýekti bolupdy, Gyrgyzystan ABŞ-ny we Owganystandaky halkara goşunlaryny 13 ýyllap goldapdy.
Häzir Manas howa bazasy orsýet harbylarynyň eline geçdi, olar 2017-nji ýyldan başlap bazadan 15 ýylyň dowamynda peýdalanmak hukugyna eýe boldular. Muňa derek Moskwa Gyrgyzystanyň 500 million dollarlyk bergisini geçýär.
Manas Gyrgyzystanyň Orsýet bilen ýakyn gatnaşyklarynyň ýeke-täk sebäbi däl.
Iýunda Bişkek ABŞ bilen 1993-nji ýylda gol çekilen hyzmatdaşlyk baradaky ylalaşygy ýatyryp, Waşingtona köpmanyly gaýtargy berdi. Bu karar ABŞ-nyň tussaglykdaky gyrgyz aktiwistine adam hukuklary boýunça abraýly baýrak bermeginiň yz ýany yglan edildi.
Şeýle-de awgustda Orsýetiň ýolbaşçylygyndaky ”Ýewraziýa Ykdysady Bileleşigine” goşulmak bilen Bişkek Moskwa bilen bilelikdäki ykdysady ýoly saýlady. Kreml tarapyndan Ýewropa Bileleşigine garşydaş hökmünde seredilýän bileleşige Ermenistan, Belarus we Gazagystan hem girýärler.
Analitikleriň ençemesi üçin Bişkegiň Moskwa bilen gitdigiçe güýçlenýän gatnaşyklary garaşylmadyk bir zat däl. Sebäpleriň biri geografiýa.
Merkezi Aziýanyň gündogaryndaky 5.5 million ilatly garyp ýurt bolan Gyrgyzystan dünýä bazarlaryndan daşda durýar we aýak üstünde galmak meselesinde Orsýete örän garaşly ýagdaýda.
Ýurduň ulanýan ähli gazy Orsýetden import edilýär, gyrgyzlaryň onlarça müňüsi Orsýetde migrant işçi bolup işleýär, şeýle-de Orsýet, esasan, oba hojalyk önümlerinden ybarat gyrgyz eksporty üçin iň amatly bazar döredýär.
Budapeştde ýerleşýän Merkezi Ýewropa Uniwersitetiniň Merkezi Aziýany öwrenýän professory Matteo Fumagalli gyrgyz syýasatçylarynyň ençemesiniň Orsýete az sanly partnýorlaryň arasynda iň amatlysy hökmünde garaýarlar.
Onuň beýleki uly goňşusy Hytaý Gyrgyzystana özüniň elektronika we dokma önümleriniň bazary hökmünde garamakdan daşgary uly gyzyklanma bildirmeýär.
“Gyrgyzystanda syýasatçylaryň esasy aladalanmalary Hytaýyň içerki bazara edýän yzygiderli ekspansiýasy bilen bagly” diýip Fumagalli belleýär. “Şu nukdaýnazardan Moskwa bilen örän gowy gatnaşyklary saklamaklyk deňagramlylyk saklamak üçin amatly bolup biler”.
Bişkek ”Ýewraziýa Ykdysady Bileleşigine” goşulmagy bilen öz oba hojalyk önümleri üçin has giň bazaryň döremegine bil baglaýar. Moskwanyň Bişkege onuň ”Ýewraziýa Ykdysady Bileleşigine” girmegine ýardam hökmünde 1.2 milliard dollar hödürländigi habar berilýär.
Şol bir wagtyň özünde-de Günbatar Gyrgyzystana o diýen köp alternatiwa hödürlemeýär.
Fumagalli “Orsýetiň we Hytaýyň Gyrgyzystana edýän tekliplerine seredip görenimde, men Günbataryň - Ýewropa Bileleşiginiň we ABŞ-nyň - iş ýüzünde haýsy-da bolsa takyk bir zady teklip etmäge gyzyklanma bildirýändigine şübheli garaýaryn” diýýär.
Emma Orsýet bilen has ýakyn gatnaşyklar Gyrgyzystan üçin problemalary hem döredip biler. Moskwanyň öz orbitasyndaky demokratiýalar bilen işleşmekde tejribesi ýok we ol awtokratiýalar bilen özüni has oňaýly duýýar.
Bu bolsa iki ýurduň gatnaşyklarynyň has ýakynlaşan ýagdaýynda Gyrgyzystanyň Moskwanyň syýasy gymmatlyklaryna ýakyn görnüşde özgermegi ugrunda basyş ediljekdigini aňladyp biler.
Bu howatyrlanmalar 4-nji oktýabrda bolan saýlawlaryň öňüsyrasynda Kremliň ýakyn media geňeşçisi Dmitriý Kiselýowyň Bişkege eden sapary bilen baglylykda ýene güýçlendi. Döwletiň eýeçiligindäki “Rossiýa Segodnýa” atly media guramasyna ýolbaşçylyk edýän Kiselýow 25-nji sentýabrda ýerli žurnalistler bilen duşuşdy we olary global we ýerli wakalar barada taýýarlaýan maglumatlarynda “pozisiýa eýelemäge” çagyrdy.
Kiselýowyň öz media serişdesiniň Orsýetde eýeleýän pozisiýasy Kremlparaz ugry tutýar we Günbatar hem-de umuman oppozisiýa, adam hukuklaryna çydamsyzlyk görkezýär.
Merkezi Аziýa boýunça Amerikan uniwersitetiniň professorynyň geňeşçisi Emil Džuraýew Gyrgyzystanyň orsýetçil partiýalarynyň raýatlaryň azatlyklaryna ýeterlik ähmiýet bermejeginden we olary goramak ugrunda uly iş etmejeginden howatyrlanma bildirýärler.
(AÝ/AR-nyň Gyrgyz gullugynyň Bişkekdäki habarçysy Jyldyz Orospakowa bu maglumatyň taýýarlanmagyna gatnaşdy)