Moskwa Kiýewi Ýewropa Bileleşinden arany açmaga höweslendirmek üçin 2013-nji ýylda oňa 3 milliard dollar karz pul berende, ukrainlaryň köpüsi muňa awy gatylan içgi we prezident Wiktor Ýanukowiçden dynmak üçin ýene bir esas hökmünde garapdylar.
Olar bu peşgeşiň nähili howpludygyny indi görýärler. Sebäbi Orsýet Ukraina tölemeli wagty, ýagny dekabrda bu karzy tölemese, Halkara pul fondunyň Ukraina karz pul bermesiniň öňüne böwet basjak diýip haýbat atýar.
3 milliard dollar Kiýewi Ýewropa Bileleşigi bilen assosiasiýa ylalaşygyna gol çekmekden saklap, Orsýetiň öz regional söwda bileleşigine goşulmagy üçin niýetlenen 20 milliard dollaryň birinji bölegidi. Ýöne 2013-nji ýylyň dekabrynda birinji bölek berlip, öten ýyl Ýewromaýdanda geçen protestler netijesinde Ýanukowiç ýurdy terk edensoň, 20 milliardyň galan böleginiň berilmegi durzuldy.
Kredit
Şondan bäri iki ýurduň aragatnaşygy üzlem-saplam bolsa-da, Ukraina bu kreditiň prosentini dowamly töläp geldi. Ýöne Moskwa indi berlen bu karzy Ukraina mundan beýläk-de basyş etmek üçin gural edinip ulanmagyň ýollaryny tapana meňzeýär. Özi-de edil şu wagt Kiýew Orsýetiň Krymy basyp almagyndan, ýurduň gündogar böleginde Moskwa tarapyndan goldalýan separatistlerden, şeýle hem öz ykdysady güýjüniň bäşden birini ýitirmeginden ejir çekýärkä.
Orsýetiň öz algysy meselesinde edýän basyşy, Ukrainanyň ýolbaşçylarynyň aýtmagyna görä, ýurduň 72 milliard dollarlyk bergi ýüküni ýeňletmäge synanyşýan wagtyna gabat gelýär. Bu ýurduň ykdysadyýetini durnuklylaşdyrmak üçin Halkara pul fondy tarapyndan düzülen bir planyň çäginde ýaňy awgust aýynda bir topar kreditorlar algylarynyň bir bölegini geçip, 19 milliardlyk bergini 15.5 milliard dollara getirdiler. Emma Moskwa öz beren karz puluna bir döwlet tarapyndan beýleki döwlete berlen kredit diýip garaýandygyny aýtdy. Şol sebäpden bu kredit Ukrainanyň bergisini azaltmak baradaky gepleşiklere girenok.
Orsýetiň haýbaty
Orsýetiň bu haýbaty gury haýbat däl. Sebäbi hem Moskwa hem-de Kiýew Halkara pul fondunyň agzasy. Institusiýanyň düzgünleri boýunça ol bir agza özüniň beýleki agza bolan bergisini wagtynda tölemese, oňa täze kredit berip bilenok. Bar bolan kredit programmalarynyň çäginde goşmaça serişde bölegini-de goýberip bilenok. Ukrainanyň bolsa, eger ol Halkara pul fondundan kredit alyp bilmese, maliýe işi batýar. Sebäbi ony häzir ony saklaýan - bu guramadan gelýän pul.
Halkara pul fondunyň bu dawa boýunça entek gelen belli bir karary ýok. Orsýetiň beren karzy döwletara, ýagny Moskwanyň aýdyşy ýaly, resmi kreditmi ýa-da Kiýewiň suratlandyryşy ýaly söwda kreditimi, fond bu babatda entek karar kabul edenok.
Onuň bu gümürtiklige näme jogap berjegini öňünden çaklamak kyn. Käbir ekspertleriň bellemegine görä, fonduň Ukrainanyň bergi ýüküni ýeňletmek maksadyna ýetmegi üçin iň gowy ýol - Moskwa bilen ikiçäk gürleşip, onuň karzyň doly tölenmegini talap etmän, algysyny az-kem aşaklatmak hakda Kiýew bilen gepleşik geçirmegini gazanmak.
Kommentatorlar
Mark Weidermaier Birleşen Ştatlarda Demirgazyk Karolina uniwersitetiniň professory. Ol şeýle diýýär: "Halkara pul fondy bu işiň ýol almagy üçin etmeli zatlarynyň biriniň özüniň bu karza nähili garaýandygyny näbelli edip goýmakdygyny bilýändir. Halkara pul fondunyň muňa resmi kredit hökmünde garaýandygy we Orsýete Halkara pul fondunyň serişde goýbermegine weto goýmaga ýol berýändigi barada orslarda şek-şübhe bolmasa, näme hakda bbolanda-da, olaryň gürleşmegi üçin hiç bir sebäp ýok".
Beýleki kommentatorlar bolsa fond Ukrainany bergilerini doly tölemäge itermeli. Şeýdilse, Kiýewe basyş etmek üçin gural bolup duran mesele çözler diýýärler.
"Orsýet Halkara pul fondunyň Ukrainanyň bergisini ýeňletmek üçin işe girizen operasiýasy bilen hiç haçan ylalaşmaz. Meniň pikirimçe, iň soňunda Halkara pul fondy Ukraina bergisini doly tölemelidigini aýdar. Orta ýa uzak möhletli perspektiwadan garanyňda bu Ukrainanyň öz bähbidine bolsa gerek" diýip, Beýik Britaniýadan Nottingham uniwersitetiniň ykdysady geografiýa boýunça professory Adam Swain aýdýar.