Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýylyň jemleri: "Yslam döwleti"


Siriýanyň Rakka şäherinde ýerli ýaşaýjylaryň ýanynda duran "Yslam döwleti" toparynyň söweşijisi (çepde).
Siriýanyň Rakka şäherinde ýerli ýaşaýjylaryň ýanynda duran "Yslam döwleti" toparynyň söweşijisi (çepde).

Daniel Köhler Siriýadan dolanyp gelýän harbylaşan yslamçylary gaýtadan adaty durmuşa integrirlemek boýunça Günbatarda iş alyp barýan sanlyja adamlaryň biri.

Ýewropanyň dürli ýurtlarynda, şeýle hem Demirgazyk Amerikada şular ýaly öňki jeňçiler we olaryň maşgalalary bilen işleýän germaniýaly Köhler täze agzalary özüne çekmekde jyhatçylyk ideologiýasynyň neneňsi güýje eýedigi bilen ýakyndan tanyş bolupdyr.

Radikal "Yslam döwleti" dünýäniň iň bir garadangaýtmaz yslamçy jeňçi topary bolup ýetişende, Köhler bilen onuň bu ugurda iş alyp barýan beýleki kärdeşleri bu toparyň öz yzyna eýerjekleri tapmakda beýleki toparlardan, şol sanda ”Al-Kaýdadan-da” has öňdedigine göz ýetiripdirler.

Köhleriň bellemegine görä, özlerini jyhatçy diýip atlandyrýan toparlar täze agza gazanmak üçin yslam ýaramaz güýçleriň hüjümi astynda, dindarlar muňa gaýtawul bermeli, agzalar topara goşulmak bilen hakyky musulmanlar üçin täze watanyň gurulmagyna kömek ederler diýip, delil getirýärler.

"GIRDS" instituty

"Yslam döwleti” topary bu aýdylýanlaryň köpüsini iş ýüzünde amala aşyrýar. Olar giň geografik territoriýa kontrollyk edýärler, özlerini funksiýa doly başarnykly, doly ýetişen bir döwlet diýip hödürlemäge synanyşýarlar. Bu zatlar olary "Yslam döwletine" ýykgyn edýänlere geçmişde ”Al-Kaýda” we beýleki jyhatçy guramalaryň hiç haçan ýerine ýetirip bilmedik wadalaryny amala aşyrýan topar edip görkezýär" diýip, Köhler gürrüň berýär.

Germaniýanyň radikallygy we radikallykdan aýrylmagy öwrenýän "GIRDS" institutynyň başlygy Siriýadan, Yrakdan dolanyp gelen onlarça jeňçi bilen gürleşip, olaryň radikallyga çekilmegine dürli faktorlaryň sebäp bolandygyny ýüze çykarypdyr. Olaryň öýdäki ýagdaýdan närazy bolmagy ýa özüni jynsparazlyk sebäpli jemgyýetden çetleşdirilen diýip hasap etmegi mümkin.

Şol bir wagtda-da olarda awantýuraçyllyk we töwekgelçilige ýykgyn edýär diýlip güman edilýän adamlara kömek etmek islegi bar.

Ýeňşe tarap ýolda...

Käbir synçylar "Yslam döwleti" atly topar täze agzalary öz tarapyna çekmek üçin alyp barýan kampaniýasrynda bu agzalarda oýarýan uly tamalaryny ödäp bilmän, ahyrsoňy ynamdan gaçar diýýärler.

"Yslam döwleti" toparynyň sözçüsi Abu Mohammad al-Adnany 2013-njy ýylda toparyň maksadynyň, yslamyň düýbini tutanlaryň göreldesine eýerip, serhetleri ykrar etmeýän yslam döwletini gurmakdygyny aýtdy.

Ýöne žurnalist Gaem Wood özüniň 2015-nji ýylyň başlarynda "The Atlantic" žurnalynda çap edilen bir makalasynda "ol [”Yslam döwleti”] giňäp bilmedik her bir aýynda Muhammet pygamberiň gitdigiçe ösen döwletine däl-de, eýse Orta Gündogaryň öz halkyna abadançylyk getirmegiň hötdesinden gelip bilmedik ýene bir döwletine meňzeýär" diýip ýazýar.

Muňa garamazdan, "Yslam döwleti" toparynyň hekaýatynyň söweş meýdanynda uçralan ýeňliş bilen tamamlanmazlygy mümkin. Sebäbi ol wada edilen gutarnykly ýeňşe tarap ýolda şowsuzlyklaryň hem boljakdygyny öňünden göz öňünde tutýar.

Yzyna dolanyp gelýän jeňçiler

"Yslam döwleti" topary öz yzyna eýerýänleri hem ýeňişlere hem-de şowsuzlyklara taýýarlamak bilen öz ideologiýasynyň söweş meýdanynda ýeňilmegini kynlaşdyrýar.

Ýöne käbir synçylar Günbatar bilen beýleki jemgyýetler "Yslam döwleti" guramasynyň yzyna eýermegi mümkin adamlara onuň hakyky ýagdaýyny köpçülikleýin paş etseler, ideologiýany ýeňmek başardar diýip pikir edýärler.

Köhler bu barada Yrakdan we Siriýadan öz ýurtlaryna dolanyp gelýänleriň peýdaly rol oýnap biljegine ynanýar: "Yzyna dolanyp gelýän çet ýurtly jeňçileriň aglabasy diýseň lapykeç, tamasy çykman, ruhy döwlen adamlar. Özüňiz bir göz öňüne getirip gorüň. Siz 'Yslam döwletine' goşulyp, Siriýa we Yraga gidýärsiňiz, ony hem halaýarsyňyz, gözleýän zadyňyzy şol ýerden tapýarsyňyz, onsoň, 'Yslam döwletiniň' özi ibermese, siziň yzyňyza dolanmagyňyz üçin hiç bir delil bolmaz. 'Yslam döwleti' hem häzirki wagtda bir tabşyryk bilen jeňçi iberip biljek ýagdaýda däl. Oňa ol ýerde urşmaga jeňçi gerek".

Köhler yzlaryna dolanyp gelýän jeňçileriň sözleriniň beýlekileri bu ýoldan alyp galmakda öz töwereklerinde has täsirli bolmagy mümkin diýýär. Soňra-da ol, aýratyn-da olaryň watany, yzyna dolanyp gelenleri "Yslam döwletine" goşulandygy üçin türmä dykman, olara jemgyýete täzeden integrirlenmek üçin ikinji mümkinçiligi berip, tagalla etse diýip, sözüniň üstüni ýetirýär.

XS
SM
MD
LG