Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azeri žurnalistleri "eden-etdilikden" nägile


Azerbaýjanly žurnalist Rasim Aliýew aradan çykmazdan ozal.
Azerbaýjanly žurnalist Rasim Aliýew aradan çykmazdan ozal.

Azerbaýjanly garaşsyz we oppozision žurnalistler habarçy Rasim Aliýewiň urlup öldürilmegi hökümeti tankytlaýan žurnalistlere hüjüm etmegiň jezalandyrylma töwekgelçiligi ýok diýen düşünjäniň giňden ýaýrandygyny görkezýär diýýärler.

"Hemmeler žurnalistlere (häkimiýet başyndakylaryň) çemeleşişi ýaly çemeleşmelidir öýdýärler" diýip, derňeýji žurnalist Şahweled Çopanogly 9-njy awgustda Aliýewiň ýasynda aýtdy.

"Bu garaşsyz we oppozision žurnalistleri gorky-ürküsiz urup-ýenjip bolýar diýen duýgyny döretdi. Polis işgäleriniň žurnalistleri urup-ýençse-de jezalandyrylmaýandygny görýän adamlar metbugata garşy güýç ulanyp bolýar diýen pikire gelýärler".

Çaklama

Aliýewiň, ölmezinden öň aýtmagyna görä, urlup-ýenjilmegine onuň futbolçy Jawid Huseýnowy tankytlamagy sebäp bolupdyr. Bu hadysa, garaşsyz žurnalistler öz garşylaryna ozal hüjüm eden adamlar bilen baglanyşygy bolmadyk adamlaryň hüjümine-de aňsat uçrap bilýärler diýen çaklamany oýarýar.

Derňewçiler 10-njy awgustda Huseýnowyň bir ýegenini tutdular. Olar bu işde eli bar diýip güman edilýän beýleki adamlar hem basym tutular diýýärler.

Aliýew tanymal garaşsyz žurnalistdi. Ol ozal Azerbaýjanda media erkinligi ugrunda iş alyp barýan ”Reportýorlaryň erkinligi we howpsuzlygy” guramasynda işledi. Bu gurama ýapylanyndan soň bolsa işini garaşsyz žurnalist bolup dowam etdirdi.

Mundan ozalky hüjümler

Garaşsyz žurnalistleriň aglabasy ýaly, Aliýewe hem ozal ençeme gezek hüjüm edildi. Mysal üçin, 2013-nji ýylda ol Bakuwda geçen bir protest ýörişi barada habar berip durka polis tarapyndan ýenjildi. Oňa dowamly haýbat atyldy. Kiprde geçen futbol ýaryşyndan has öň 25-nji iýulda özüniň Facebookdaky sahypasynda ol şeýle ýazdy: "Eziz dostlar, sosial media ulgamynyň üsti bilen maňa haýbat atylyp, gorkuzylyp durkam men nirä şikaýata baraýyn? Şuny maňa bir bildiriň".

2013-nji ýylda Bakuwda geçirilen protestler döwründe Aliýew polisiýa tarapyndan urlup-ýenjilýär.

Ýöne Aliýew futbol ýaryşyndan soňra bir oýunçynyň hereketlerini tankytlamagyň öz ölümine sebäp boljakdygy barada hiç haçan oýlanmadyk bolsa gerek.

Ol keselhanada ýatyrka ”Meýdan” telekanalyna beren interwýusynda ähli zadyň Huseýnowyň hereketlerini tankytlanyndan soňra başlanandygyny aýtdy. Kiprde geçen futbol ýaryşynda öz topary Kabala FK ýeňiş gazananda, Huseýnow Türkiýäniň baýdagyny galgadypdyr. Bir žurnalist ondan bu işiň sebäbini soranda, ol elini gödek galdyryp, Türkiýe bilen Azerbaýjanyň iki sany dostlukly ýurtlardygyny aýdypdyr.

Facebookdaky ýazgydan soň...

Aliýew Facebookdaky sahypasynda men "bular ýaly ahlaksyz, edepsiz, özüne erk edip bilmeýän bir adamyň Ýewropanyň futbol meýdanlarynda maňa wekilçilik etmegini islämok" diýip ýazdy.

Aliýewiň aýtmagyna görä, ol muny Facebookdaky sahypasynda ýerleşdireninden soňra biri oňa jaň edip, özüniň Huseýnowyň ýegenidigini aýdyp, gaharlanyp, oňa sögüpdir.

Huseýnowyň özi Aliýewe jaň edip, özüniň grek žurnalistini kemsitmek niýetiniň bolmandygyny, diňe Azerbaýjan bilen Türkiýäniň ysnyşykly gatnaşyklaryny nygtamak isländigini aýdypdyr.

Özüniň Huseýnowyň ýegenidigini aýdan adam hem ýene jaň edip, öňki hereketleri üçin ötünç sorap, bu mesele barada çaý başynda gürleşmegi teklip edipdir.

Huseýnow topardan çykaryldy

Aliýew ahyrsoňy razylyk berip, bu adamy görmäge baranda maşyndan düşüp, onuň bilen salamlaşjak bolanda oňa arkasyndan hüjüm edilipdir.

Huseýnowyň kluby Kabala FK bu hadysa gynanýandygyny aýdyp, mesele çözülýänçä Huseýnowy öz birinji toparyndan çykardy. Ýöne Huseýnowyň özüniň bu barada beren beýanaty ýok.

Prezident Aliýewiň jemgyýetçilik we syýasy işler boýunça kömekçisi Ali Hasanow 10-njy awgustda prezidentiň Aliýewiň urlup öldürilmegine gaty gynanýandygyny aýdyp, "Derňew işlerine prezidentiň hut özi gözegçilik eder, jenaýatçylar kanunyň güýjüni görerler" diýdi.

Hasanow "Azerbaýjanyň prezidenti bu hadysa söz erkinliginiň, informasiýanyň we köpçülikleýin medianyň ýurtda erkin işlemeginiň howp astyna salynmagy diýip baha berýär" diýdi.

“Söz azatlygy ugrunda janyny gurban etdi”

Ýöne bu beýanatlar garaşsyz žurnalistleriň, aktiwistleriň, şeýle hem oppozision syýasatçylaryň geljekde özlerine hüjüm edilme ähtimallygy baradaky gorkusyny ýatyryp bilmese gerek.

9-njy awgustda Aliýew Bakuwyň golýaýyndaky Mehdiabad obasynda jaýlananda, tanymal oppozisioner Isa Ganbar "onuň söz azatlygy ugrunda janyny gurban edendigi belli zat" diýdi.

Halkara hukuk guramalary, Birleşen Ştatlar we Ýewropa Bileleşigi prezident Aliýewiň ýolbaşçylygynda Azerbaýjanda adam hukuklarynyň, söz azatlygynyň ýaramazlaşýandygyny birsyhly tankytlap gelýärler.

Azatlyk Radiosynyň žurnalisti Hadija Ismaýilowa prezident Aliýewiň maşgalasynyň maliýe işlerini tankytlanlygy üçin häzir suda çekildi. Ol özüne ýöňkelýän günäleriň syýasy sebäplidigini aýdýar.

XS
SM
MD
LG