Derňewçi žurnalist Hatyja Ysmaýylowa hökümeti tankytlamaga seýrek çydalýan we bu hili tankyt üçin köplenç jeza berilýän ýurtda resmi korrupsiýanyň üstüni açmak bilen at-abraý gazandy.
Eýran bilen gelnen ýadro ylalaşygy bir esasy meseläni doly aradan aýyrmagy başarmadyga meňzeýär. Ylalaşygyň amala aşmagynyň töwekgelligine garamazdan, bu meselä indi iş ýüzünde çözgüt tapylmaly.
Köp ýurtlarda nebitden gelýän girdejiler diňe häkimiýet başyndaky elitany baýlaşdyrýar. Olara nebit baýlygyny dogry ulanmakda Norwegiýadan nusga almaga zat köp.
Nebitiň bahasy iýun aýyndan bäri 20 prosent çemesi aşak gaçdy, bu ýagdaý Orsýet, Eýran ýaly nebit eksport edýän ýurtlar üçin ullakan aladadan habar berýär. Eýsem bu baha peselmesiniň arkasynda nämeler bar?
Yragyň Kürt regional hökümetiniň daşary işler ministri Türkiýäni Siriýanyň Kobani şäheriniň kürt goragçylaryna goldaw berjek meýletinçiler üçin serhedini açmaga çagyrýar.
Aeroportuň töweregindäki separatistler gijelerine goşun pozisiýalaryny oka tutýarlar. Esgerler muňa gaýtargy berýärler, olaryň atan oklary separatistleriň ok ýagdyryp, çekilen ýaşaýyş nokatlaryna baryp düşýär.
ABŞ-Owgan Ikitaraplaýyn howpsuzlyk şertnamasy ýyl tamamlanandan soň Owganystanda galjak amerikan esgerleri üçin şertleri kesgitleýär. Şu ýerde onuň mazmunyna göz ýetirmek üçin bäş ýagdaýa ünsi çekýäris.
«Yslam döwleti» ekstremist topary Owganystana we Pakistana hem ýaýraýarmy? Regiondaky jeňçileriň käbiriniň bu guramanyň ýolbaşçylaryna kasam kabul etmegi bilen, şeýle mümkinçilik ýokarlanýan ýaly görünýär.
Moskwanyň azyk importyna gadagançylyk girizmegi ilkibaşda Günbatar ýurtlarynyň Moskwanyň Ukrainadaky hereketleri zerarly onuň garşysyna girizen sanksiýalaryna degerli jogap diýlip hasaplanypdy.
ABŞ-nyň we ÝB-niň Ukraina sebäpli girizen bilelikdäki sanksiýalary Orsýetiň ykdysadyýetine agyr zarba urar we onuň täsiri uzak ýyllara ýeter. Biz bu sanksiýalaryň nähili we neneňsi pudaklara has agyr düşjegine syn etdik.
18-nji iýulda yslamçy ekstremistleriň Mosulyň hristian jemgyýetini bu ýerden kowup çykarmagy bilen, hristain ilatynyň Yragyň iň uly ikinji şäherindäki 2 müň ýyllyk ýaşaýşynyň soňy geldi.
Yrakda ýaşaýan kürtler özbaşdaklyk ugrunda göreşýärler. Ýöne aslynda bu göreş olaryň Yragyň içinde has uly territoriýa we has köp mümkinçilige eýe bolmak isleýändikleriniň alamaty ýaly bolup görünýär.
Owganystanyň prezidenti wezipesine dalaşgär Abdylla Abdyllanyň taradarlarynyň geçen aýda bolan saýlawlaryň netijelerine bildirýän gahar-gazabyna kembaha garamaga esas ýok.
27-nji iýunda ÝB bilen Ukraina, Gürjüstan we Moldowanyň arasynda örän ähmiýetli syýasy hem-de söwda ylalaşyklaryna gol çekildi. Agzalýan döwletler üçin bu ylalaşyk nämäni aňladýar we Orsýet bu ýagdaýa nähili reaksiýa görkezer?
ABŞ-nyň we Eýranyň resmileri Yrakda “Yrak yslam döwleti we Lewant” (ISIL) atly topara garşy göreşde özara hyzmatdaşlyk mümkinçiligine garap biljekdiklerini aýdýarlar. Emma bu nähili görnüşde amala aşyrylyp bilner?
Yragyň premýer-ministri Demirgazyk Yrakdaky gozgalaňçylara garşy söweşmekleri üçin şaýy meýletinçilerine sala saldy. Bu ýagdaý üstünlik getirermi ýa-da graždanlyk urşuna ýol açarmy?
Orsýetçi separatistler Donetsk şäheriniň ilatynyň Ukrainanyň 25-nji maýdaky prezident saýlawlaryna gatnaşmazlygy üçin güýç we gorkuzma taktikalaryny ulanýarlar.
Ýewropa Bileleşigi Orsýet bilen edýän energiýa hyzmatdaşlygynyň çäginde öz energiýa howpsuzlygyny alada edýär, Eýran bolsa onuň esasy tebigy gaz üpjünçisi bolmagy teklip edýär.
Ýewropa Bileleşiginiň Ukrainada bolýan wakalara aladalanma bildirmegine ençeme sebäp bar. Orsýetden akdyrylýan gazyň howpsuzlygy şol sebäpleriň biri.
Ýene-de ýükle