Ol öz milletini öňki belentligine, milli gymmatlyklaryna ýetirmek wadasy bilen häkimiýet başyna geldi. Ol awtoritar, oppozisiýa çydamlylygy begenerli däl. Şeýle hem ol döwlete ýolbaşçylyk etmegi esasan şahsy işe öwrüp, netijede öz ýurdunyň umumy sypatyna öwrüldi.
Bu ors prezidenti Wladimir Putinmi ýa-da türk prezidenti Rejep Taýyp Erdogan?
Suratlandyrma olaryň ikisine-de gabat gelýär. Sebäbi köp babatlarda bular biri-birine öran çalymdaş.
Güýçli çalymdaşlyk awtoritar liderleriň özara düşünişmegini ençeme ýyllap aňsatlaşdyran ýalydy. Ýöne indi bu häsiýetleriň Türkiýäniň 24-nji noýabrda Orsýetiň söweş uçaryny urup ýykmagy bilen bagly ýagdaýda eglişik etmegi iki tarap üçin-de kynlaşdyrmagy mümkin.
Öten on ýyllykda iki ýurduň arasynda ýakyn ykdysady gatnaşyklary ýola goýanlarynda Putin bilen Erdogan birek-biregi köp taryplapdylar.
Ýekemenlik häsiýetleri
Geçen dekabrda Putin Erdogany "güýçli şahsyýet" diýip öwdi. Ondan sanlyja aý ozal, 2014-nji ýylyň sentýabrynda hem Erdogan ors lideriniň Moskwada Ýewropanyň iň uly metjidini açyş dabarasyny goldap, ýörite Moskwa bardy.
Bu gün bolsa iki ýolbaşçynyň arasyndaky duýgudaşlyk duşmançylyga öwrülerli görünýär. Ozal olary dost eden şol bir häsiýetleriň indi bu duşmançylygyň dowam etmeginde esasy rol oýnamagy ahmaldyr.
"Putinde sar, ýagny patyşalyk meýiller bar bolsa, Erdoganda soltanlyk meýilleri bar" diýip, türkiýeli žurnalist Hilmi Toros 2009-njy ýylda belläpdi.
Bularyň ikisinde-de ýekemenlik häsiýetleriň bardygyny görkezýän alamatlar bar. Uzak wagtlap häkimiýet başynda bolmak hem muny çuňaltdy. Putin 16 ýyl bäri, Erdogan hem 12 ýyl bäri häkimiýet başynda.
Prezident köşgi
"Bularyň ikisinde-de imperial geçmişe bolan ymtylyş bar. Putinde Sowet Soýuzy barada, Erdoganda hem Osman Imperiýasy barada" diýip, Stambulda ýaşaýan syýasy analizçi Garet Jenkins aýdýar.
Bu aýdylýanyň näderejede dogrudygyny olaryň köşkleri görkezýär. Erdogan öten ýyl osmanly döwrüne kybapdaş temadaky 615 million dollar bahaly müň otagly prezident köşgüniň gurluşygyny tamamlady.
Putiniň hem, aýdylyşyna görä, bir milliard dollar çykdajy edilip, Sankt-Peterburgyň Gyş köşgüniň stilinde gurlan Gara deňiz köşgi bar.
24-nji noýabrda Türkiýe Orsýetiň söweş uçaryny atyp ýykaly bäri, Putin bilen Erdoganyň özlerini alyp baryşlary ikisiniň-de häsiýetlerine doly gabat gelýär.
Putiniň uçaryň ýykylmagyny "arkadan urlan hanjar" diýip atlandyrmagy onuň Erdoganyň bu hereketine köne dosty tarapyndan özüne edilen dönüklik diýip garaýandygyny çak etdirýär.
NATO we Moskwa
Türk prezidenti Türkiýe ol uçary öz howpsuzlygyny we Siriýadaky "doganlarymyzyň hukuklaryny" goramak üçin urup ýykdy diýdi. Ol, birinjiden, Türkiýäniň Orsýet tarapdan gaýta-gaýta bozulan howa giňişliginiň goralmagyna, ikinjiden hem, Ankara tarapyndan goldanylýan siriýaly türkmen gozgalaňçy toparynyň goralmalydygyna salgylandy. Orsýetiň türk serhediniň golaýynda bombalaýan bu topary onuň Siriýada nyşana alýandygyny aýdýan topary, ýagny "Yslam döwleti" diýip atlandyrylýan jeňçi topara degişli däl.
Orsýetiň söweş uçarynyň atylyp ýykylmagy Sowuk uruşdan bäri NATO bilen Moskwanyň arasynda bolan iň çynlakaý hadysadyr. Ýöne krizisiň mundan beýläk haýsy ugra gönükjekdigini öňünden aýtmak kyn.
Iki ýurt harby hereketlerden saklanjakdyklaryny 25-nji noýabrda duýdurdylar.
Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow: "Biziň Türkiýe bilen uruşmak niýetimiz ýok" diýdi.
Gatnaşyklar
Erdoganyň aýtmagyna görä Ankara-da Orsýet bilen dartgynlylygy artdyrmakçy däl.
Ýöne ors we türk prezidentleriniň häsiýetlerini göz öňüne getireniňde, özara berk ykdysady baglanyşyklara garamazdan, iki ýurduň öz öňki gowy gatnaşyklaryna dolanmagyna garaşarlyk tutaryk köp däl.
Jenkins "[Dartgynlylyk] artyp, gyzgyn urşa ýazmaz diýen umyt bar. "[Ýöne] meniň pikirimçe, biz Orsýet bilen Türkiýäniň arasynda sowuk urşa şaýat bolarys. Putin muny geçirmez, Türkiýäniň işini kynlaşdyrara Orsýetiň elinde köp gural bar" diýýär.
Türkiýe Orsýetiň tebigy gaz eksporty üçin esasy bazar hasaplanýar. Türkiýäniň turizm senagatynyň saldamly bölegini düzýän orsýetli turistler. Galyberse-de, Ankara ýurduň günorta-gündogar böleginde kürt separatistik topary (PKK) garşy söweş alyp barýar. Bu hem Türkiýä goşmaça basyş etmäge Moskwa üçin bir gural.
Tersine, Moskwa basyş edere Türkiýäniň elinde zat köp däl. Orsýet üçin iň möhüm zat - onuň Günorta Ýewropa gaz akdyrmak planynda Türkiýäniň tranzit ýurt bolup durýanlygy.
Ýöne Ýewropa Bileleşiginiň “Gazprom” Ýewropa bazarynda monopolistik işlere ýykgyn edýär diýen aýyplamasy netijesinde "Türk akymy" diýip atlandyrylýan bu geçiriji proýektiniň öňi öten ýyl bökdeldi.