Öňki sowet respublikalarynyň liderleriniň köpüsi baýlygy gizlemek maksady bilen ofşor zonasynyň ulanylmagyny açyk ýazgaryp, onuň öz ýurtlaryny sermaýadan mahrum edýändigini aýdýarlar.
Ýöne indi Panamanyň “Mossak Fonseka” (Mossack Fonseca) atly ofşor kompaniýalary boýunça ýöriteleşdirilen hukuk şereketinden syzyp çykan maglumatlar regionyň azyndan üç döwlet baştutanynyň milliardlarça dollar baýlygy öz ýurtlaryndan daşarda gizlemek üçin ofşor kompaniýalaryndan peýdalanandygyny görkezýär.
Bularyň biri Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin. “Mossak Fonsekadan” ele salnan maglumatlarda Putiniň ady gönüden-göni agzalanok. Ýöne ol özüniň köne dosty Sergeý Roldugin bilen berk baglanyşykly.
Liderleriň ýene biri Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko, üçünjisi hem Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Aliýew. Aliýewiň aýalynyň hem gyzlarynyň ençeme ofşor kompaniýasynda paýy bar.
Syzyp çykan materiallar hakda öňümizdäki günlerde köpräk maglumat elýeterli edilse, onda öňki sowet regionynyň beýleki ýolbaşçylarynyň hem atlaryna gabat gelinmegi mümkin. Bu atlaryň biri Gazagystanyň prezidenti Nursultan Nazarbaýew bolsa gerek. Sebäbi “Mossak Fonsekanyň” ýazgylarynda onuň agtygy Nuraly Kazaliýewiň ady göze ilýär.
Ýöne nähili-de bolsa, awtoritar liderleriň beýlekileri öz pullaryny ýurtda saklamaga çagyryp, özleri üçin aýratyn düzgünleri ýöredýändigini nygtamaga ýeterlik maglumatlar bar.
Putin
Mysal üçin, Putine ummasyz köp şahsy baýlyk toplapdyr diýip, ençeme ýyl bäri güman edilýär. 2007-nji ýylda onuň öz edarasyndan syzyp çykan maglumatlardan çen tutulyp, Putiniň baýlygy 40 milliard dollar bilen 70 milliard dollaryň aralygy diýip çaklanýar.
Ýöne şu wagta çenli bilinmeýän zat ors lideriniň öz baýlygynyň möçberini gizlin saklamak üçin näme ýollary ulanýandygydy.
Ele salnan maglumatlardan çen tutulsa, bu ýollaryň biriniň kompozitor Sergeý Roldugin ýaly ýakyn we ynamdar dostlardan peýdalanmak bolmagy mümkin.
Putiniň uly gyzy Marianyň ruhy atasy bolan Roldugin birnäçe ofşor kompaniýasyna ýolbaşçylyk edýär. Bu kompaniýalar hem Orsýetden karz pul hem tölegler alýar.
Roldugin 2014-nji ýylda "The New York Times" gazetine: "Men bir işewür adam däl, millionlarça pulum ýok" diýipdi. Agzalýan maglumatlardan çen tutsaň, onuň bu aýdýanlarynyň dogry bolmagy ähtimal. Aslynda, onuň özüne degişli bolmadyk milliardlarça dollar puly we baýlyklary saklaýan bolmagy mümkin.
Ýene bir mysal ofşor zonada Rolduginiň adyna hasaba alnan "Sandal Agajy" kompaniýasy. Bu kompaniýa 2009-njy ýyldan 2012-nji ýyla çenli Orsýetdäki dürli banklardan, şol sanda döwletiň eýeçiligindäki "Bank Rossiadan-da" bir milliard dollar karz pul aldy. Bu pullaryň bir bölegi bolsa soňra Putiniň ýakyn töweregine gaýdyp geldi.
Ofşor zonasynda hasaba alnan kompaniýalardan Roldugine näçe puluň gelip-gidýändigi belli däl.
Poroşenko
Poroşenko 2014-nji ýylda prezidentlige dalaş edende özüniň 858 million dollar möçberinde diýlip çak edilýän baýlygynyň esasy çeşmesi bolan "Roşen" konditer kärhanasyny satmagy wada beripdi.
Ýöne “Mossak Fonsekadan” ele salnan maglumatlaryň görkezmegine görä, ol ony satmagyň deregine Britaniýanyň Wirgin adalarynda hasaba alnan "BVI Prime Asset Partners, Ltd." atly ofşor kompaniýasyna geçiripdir.
Özüniň ofşordaky kompaniýasynyň ýeke-täk paýdary bolan Poroşenkonyň bu işi ony bu kärhanadan alýan ýyllyk girdejisinden Ukraina salgyt tölemekden halas edýär.
Poroşenkonyň öz baýlygyny halas etmek üçin eden işleri 2014-nji ýylyň aýaklaryna Orsýet tarapdan goldanylýan separatistleriň gündogar Ukrainada ençeme regiony eýelände onuň halky pida çekmäge çagyran mahalyna gabat gelýär. Muny bolsa, ukrain halky aňsatlyk bilen unutmaz.
Poroşenkonyň ofşor işjeňlikleri oňa kanun taýdan hem kynçylyk getirip biler.
"Transparency International Ukraine" guramasynyň analizçisi Ýewhen Çerniagyň aýtmagyna görä, Poroşenkonyň Ukrainanyň prezidentine söwda işjeňligini we döwlet işgärlerine öz girdejileri hakda galp maglumat bermegi gadagan edýän düzgüni hem bozan bolmagy mümkin.
Aliýewiň maşgalasy
“Mossak Fonsekadan” ele salnan materiallar Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Aliýewiň maşgalasynyň öz baýlygyny we Azerbaýjandaky düşewüntli söwda işlerinden paý almakda ulanýan usullaryny ýaşyrmak üçin ofşor kompaniýalaryndan ýygy-ýygydan peýdalanýandygyny görkezýär.
Agzalýan dokumentlerde berilýan maglumatlaryň köpüsi azerbaýjanly derňeýji žurnalistleriň, aýratynda Azatlyk radiosy bilen hyzmatdaşlyk eden Hatyja Ysmaýilowanyň ozal ile ýetiren maglumatlaryna gabat gelýär.
Ysmaýilowa geçen ýylyň sentýabr aýynda salgyt tölemekde galplyga ýüz uranlykda we bikanun söwda işlerini edenlikde aýyplanyp, 7 ýarym ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.
Ele salnan dokumentleriň görkezmegine görä, Aliýewiň aýaly Mehriban Aliýewa 2005-nji ýylda Panamanyň "Panamanian UF Universe Foundation" atly ofşor kompaniýasynyň iki müdiriniň biri diýip bellenipdir. 2007-nji ýylda ýatyrylan bu kompaniýa Azerbaýjanyň "AtaHolding" kärhanasyna kontrollyk edipdir.
Hasabatda şeýle-de Azerbaýjanyň altyn känlerini özleşdirmek boýunça iş alyp barýan kompaniýalaryň arasynda uly paýa eýe Panama şereketine kontrollyk edýänler Aliýewiň gyzlary Leýla bilen Arzu diýilýär.
Şeýle hem prezident Aliýewiň aýal dogany Sewil Aliýewa 2005-nji ýylda Britaniýanyň Wirgin adalarynda gurlan bir ofşoryň ýeke-täk paýdary.