Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet Sünni gatnaşygyny töwekgellige salýar


Siriýa, rus pilotlary Latakiýanyň golaýnyndaky harby bazada 'Su-24' uçaryna münýärler. 4-nji oktýabr, 2015.
Siriýa, rus pilotlary Latakiýanyň golaýnyndaky harby bazada 'Su-24' uçaryna münýärler. 4-nji oktýabr, 2015.

Moskwa Ýakyn Gündogardaky täsirini esli derejede ýitirip biler, sebäbi onuň Siriýadaky oppozisiýa nyşanalaryny bombalamagyna ol ýerde gaharly reaksiýalar bildirildi.

Ilkinji yşarat Orsýetiň gaz läheňi "Gazprom" 7-nji oktýabr güni giçlik özüniň Türkiýe bilen gurmakçy bolýan ägirt uly täze geçirijisiniň – «Türk akymynyň» gijikýändigini aýtdy.

"Hökümetara şertnamanyň ýoklugy üçin möhletler yza süýşüriler» diýip, "Gazpromyň" başlygynyň orunbasary Aleksandr Medwedew Moskwada, dört geçirijiniň ilkinjisiniň gurulmagynyň indiki ýyla bellenen soňky möhletini nazara alyp, žurnalistlere aýtdy.

Moskwa Siriýadaky yslamçy toparlara, şol sanda Ankaranyň goldaýan aram toparlaryna garşy zarba urup başlamak we Türkiýäniň howa serhedini iki gezek bozmak bilen, Ankarany gazaba mündürdi.

Türkiýe, Saud Arabystany, Katar we Iordaniýa Moskwany 30-njy sentýabrda başlan bombalamasyny togtatmaga gaýta-gaýta çagyrdy. Bu kampaniýa, Kremliň diňe «Yslam döwleti» toparynyň söweşijilerini bombalaýan diýip aýak depmegine garamazdan, aglaba ýagdaýda Siriýanyň dünýewi we aram oppozisiýa güýçlerini nyşana aldy.

Analitikler bu gaharyň arap paýtagtlarynda hem çuňdan duýlandygyny, sebäbi arap döwletleriniň öňräkden bäri Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň iş başyndan gitmegini talap edýändiklerini, ýagny olaryň muny Siriýanyň dörtden ýyldan hem uzaga çeken raýat urşunyň soňlanmagynyň ilkinji ädimi hasaplaýandyklaryny aýdýarlar.

"Arap hökümetleri [rus] bombalaýyş kampaniýasyna tas biragyzdan garşy durýarlar» diýip, Beýrutdaky Amerikan uniwersitetiniň taryhçy professory Pol du Kýunoý aýdýar. Ol häzir Ýaponiýanyň Hokkaýdo uniwersitetinde slawýan-ewroaziýa ylmy-barlag merkezinde ylmy iş bilen meşgullanýar.

"Rus nyşanalarynyň köpüsi, şol sanda [dünýewi] Azat Siriýa goşuny we aglaba yslamçy oppozisiýa toparlary sünni musulmanlar bolup durýar, onsoň arap döwletleriniň köpüsiniň ilatynyň aglaba köplügi sünnilerden ybarat» diýip, ol aýdýar.

Saud Arabystany we beýleki aýlak döwletleri, Türkiýe bilen bilelikde, Assadyň esasan Siriýanyň Alawit jemgyýetinden uç alýan režimini agdarmak üçin, sünni yslamçy toparlaryna millionlap dollar akdyrdylar.

Rus kampaniýasyna garşy arap jemgyýetçilik pikiri hem ýokary galýar. Saud Arabystanynyň ondan gowrak yslamçy ruhanysy 5-nji oktýabrda arap we musulman ýurtlaryna ýüzlenip, Siriýanyň hökümetine we onuň esasy ýaranlary bolan Orsýete we resmi taýdan şaýy Eýrana garşy jyhada ýa-da mukaddes urşa «ähli ahlak, maddy, syýasy we harby» goldawy bermäge çagyrdylar.

Sowaýan gatnaşyklar

Moskwanyň pozisiýasy babatdaky gahar-gazap Orsýetiň arap döwletleri bilen köp babatda bil baglaýan diplomatiki we ykdysady gatnaşyklaryna-da zyýan ýetirip biler.

Moskwanyň bu ýurtlar bilen gatnaşyklardan nazarda tutýan bir maksady hem arap döwletlerini Orsýetde maýa ýatyrmaga hyjuwlandyrmakdy. Bu Moskwa üçin şu günki gün möhüm meseleleriň biri bolup durýar, sebäbi rus ykdysadyýeti nebitiň bahasynyň arzanlamagy we Ukraina üstündäki Günbatar sanksiýalary zerarly kynçylyk çekýär.

"Bu gatnaşyklar indi Orsýetiň Siriýadaky interwensiýasy bilen mazaly gowşap biler» diýip, du Kýunoý aýtdy.

Şol bir wagtda, Moskwanyň sünni arap dünýäsinde saldamly maliýe bähbitleri bar, sebäbi Orsýet olara, hususan-da Müsüre, Iordaniýa we Türkiýä rus ýadro elektrik tehnologiýasynyň düşewüntli bazary hökmünde garaýar.

Şu wagta çenli diňe bir arap paýtagty, Kair Moskwany tankyt etmän saklandy.

"Biz [Orsýetiň interwensiýasy] Siriýada terrora garşy göreşe we onuň ýok edilmegine täsir eder diýip ynanýarys» diýip, Müsüriň daşary işler ministri Sameh Şukri 4-nji oktýabrda aýtdy.

Waşingtondaky Demokratiýalaryň goragy fondunyň regional anlitigi Boris Zilberman Kair Orsýet bilen hyzmatdaşlygy Assady iş başyndan gitmäge mejbur etmekden has ileri tutýana meňzeýär diýýär.

"Bu Orsýetiň ýakynda Müsür bilen ykdysady hyzmatdaşlyk, ýarag söwdasy, graždan maksatly ýadro energiýasy hyzmatdaşlygy babatdaky potensiýal şertnama boýunça gol çeken ylalaşyklarynyň netijesi» diýip, ol aýdýar.

Moskwa bilen Kairiň arasyndaky diplomatiki gatnaşyklar ABŞ-Müsür gatnaşyklary ozalky prezident Mohammad Morsiniň 2013-nji ýylda harbylar tarapyndan agdarylmagy sebäpli sowaly bäri has ýygjamlaşdy.

Emma arap ýurtlarynyň köpüsinde gahar-gazap joşsa-da, Türkiýedäki gahar has ýokary, ýogsa bu ýurt soňky ýyllarda Moskwa bilen has ýakynlaşypdy.

Ankara, ABŞ-nyň ýolbaşçylygynda Siriýadaky we Yrakdaky YD toparlaryny bombalaýan koalisiýanyň bir agzasy hökmünde, özi hem howa zarbasyny uran ýurt. Emma ol rus uçarlarynyň 3-nji oktýabrdan bäri öz howa serhedini gaýta-gata bozmagyndan dergazap boldy.

Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan 6-njy oktýabrda öz ýurdunyň bu hili uçuşlara «çydamajagyny» aýtdy we eger Orsýet «köp meselede hyzmatdaşlyk eden ýurdy Türkiýäni ýitirse, köp zat ýitirýändigini bilmelidir" diýdi.

Premýer-ministr Ahmet Dawutoglu bolsa, 7-nji oktýabrda Türkiýe özüniň serhet howpsuzlygy we howa giňişligi howpsuzlygy meselesinde hiç bir eglişige gelmez diýdi.

Ykdysady gatnaşyklar

Waşingtondaky Atlantika geňeşiniň ylmy barlagçysy Aaron Stein Ankaranyň gazaba çykmagynyň sebäbini Orsýetiň öz howa giňişligine girilmegine özüne berlen duýduryş hökmünde garamagy bilen düşündirýär. Ýagny ol Ankara muny Orsýetiň Siriýadaky gatyşmama sesiňi çykarma diýip beren duýdurdyşy ýaly kabul etdi diýýär.

"Türkiýe [Orsýetiň] taryhy ýarany we Türkiýänň howa giňişligine bilkastdan geçilmegi Türkiýä edilen bir görnetin yşarat bolup durýar» diýip, Stein aýtdy.

"Ýurduň demirgazyk böleginiň bombalanmagy bilen hususan näme bolup geçýär, ol ýerde Türkiýe tarapyndan berk goldanylýan gozgalaňçylaryň ýerleşýän front liniýalary nyşana alynýar, hut şolaryň soňky aýlarda gazanan ýeňişleri hem Siriýanyň daşardaky hojaýynlaryna, Orsýet bilen Eýrana has köp kömek sorap ýüz tutmagyna getirene meňzeýär.»

Stein Siriýa konfliktiniň çuňlaşmagy, Erdogan bilen rus prezidenti Wladimir Putiniň arasyndaky ýürekdeş gatnaşyklara garamazdan, Moskwa bilen Ankaranyň geljekde has ýakyn syýasy gatnaşyk gurmagyny kynlaşdyrar diýýär. Emma ol hiç tarapyň hem ykdysady gatnaşyklary kemeltjek bolmajagyny çaklaýar.

Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG