Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB-niň adam hukuklary wekili Aşgabatda žurnalist Soltan Açylowa bilen duşuşdy


Soltan Açylowa 
Soltan Açylowa 

Ýewropa Bileleşiginiň Adam hukuklary boýunça ýörite wekili Olof Skoog Aşgabatda garaşsyz žurnalist Soltan Açylowa bilen duşuşyp, onuň Martin Ennals baýragyny almak üçin Ženewa goýberilmegine garaşýandygyny aýtdy.

ÝB-Türkmenistan dialogynyň çägindäki ÝB wekiliýeti häzir türkmen resmileri bilen gepleşik geçirýär.

"Raýat jemgyýetini, adam hukuklaryny we demokratiýany goraýanlar ÝB üçin esasy mesele bolup galýar. Men Türkmenistanda gorky-ürkini bilmeýän žurnalist we @martinennals baýragynyň eýesi Soltan Açylowa bilen duşuşdym. Onuň özüne amatly bolan wagtynda Ženewa syýahat edip, öz sylagyny kabul edip bilmegine garaşýarys” diýip, Olof Skoog ozalky twitterde, X platforamsynda Soltan Açylowa bilen düşen suratyny paýlaşanda ýazdy.

Azatlyk radiosynyň öňki habarçysy Soltan Açylowa ýurtda aç-açan işleýän az sanly žurnalistleriň biri hökmünde meşhurlyk gazandy.

Ol daşarky dünýä, garaşsyz žurnalistler üçin ýapyk bolmagynda galýan urduň ilatynyň gündelik durmuş-ykdysady meseleleri barada berýän habarlary üçin häkimiýetleriň edýän dürli basyşlary, ýanamalary bilen ýüzbe-ýüz boldy.

Ol 2023-nji ýylyň noýabr aýynda, Martin Ennals baýragyny almak üçin Ženewa uçmalydy.

Türkmenistandaky ýeke-täk garaşsyz žurnalist Açylowa raýatlaryň kynçylyklaryny gürrüň berdi
please wait

No media source currently available

0:00 0:02:32 0:00

Emma muňa garamazdan, 74 ýaşyndaky aýal we onuň gyzy Aşgabat aeroportunda saklanyp, uzak wagt barlagdan geçirildi.

Soňra olaryň gözleriniň alnynda çyg süpürgiçler bilen zaýalanan pasportlarynyň derege ýaramaýandygyny aýdyp, eneli-gyzy uçara goýbermediler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG