Ukrainada 1-nji oktýabrdan başlap, aýal medisina işgärleri harby bölümlerde hasaba alynmalydyr. Gury ýer güýçleriniň goşun ýolbaşçylary potensial hünärli kadrlaryň zerurdygyny öňe sürýärler, ýöne aýallary urşa almak barada gürrüň gidenok.
Nastoýaşeýe wremýa telekanalynyň žurnalistleri bu barada Odessadaky lukmanlar bilen söhbetdeş boldy.
«Lukmançylyk barlagyndan geçmeli, [ol zerur], özüňe mümkin bolan harby medisina gullugynyň derejesini kesgitlemeli we harby hasaba alyş dokumentini edinmeli. Bu aýal medisina işgärleriniň fronta mobilizasiýasyny aňlatmaýar. Häzirki wagtda uruş barýan ýerlerde, Ukrainanyň Ýaragly Güýçleriniň düzüminde, şol sanda mobilizasiýa merkezlerinde-de, harby hassahanalarda-da, öz ugry boýunça hünärli lukmanlar ýeterlik. Ýöne biz özümiziň medisina mümkinçiligimizň bardygyna düşünmelidiris» diýip, Ukrainanyň Ýaragly Güýçleriniň Gury ýer goşunlarynyň metbugat gullugynyň başlygy Wolodymyr Fitýo aýdýar.
Bu çäreden göwreli aýallar we çaga dogurmak rugsadyna çykan aýallar boşadylýar. Şeýle-de bolsa, harby hasaba alyş we çagyryş edaralarynda nobatlar görünmeýär, sebäbi olaryň köpüsi eýýäm şol ýerde hasaba alnypdy.
Wera Piwen internatura geçýär. Ol lukmançylyk uniwersitetinde harby hasaba alnyşyň hökmanydygyny belläp geçýär, eger ol bolmasa diplom berilmeýär. Wera iki ýyl mundan ozal hasaba alnandygyny aýdýar.
"Okuwy gutarylanyndan soň, ähli ekzamenlerden geçeniňden soň, harby komissarlyga baryp, ol ýerde hasaba durmak we çagyryş edarasynyň resminamalaryny resmileşdirmek zerur. Saňa medisina derejesi hem harby çin hakda sprawka berilýär. Biziň hemmämiz hasapda durýarys” diýip, ol düşündirýär.
Medisina kollejlerini we tehniki mekdepleri gutaranlaryň käbirleri öz meýline harby hasaba alyş we harby gulluga çagyrylyş edarasyna ýüz tutýarlar. Şepagat uýasy Wiktoriýa Semenýuk bir ýyldan gowrak wagt bäri harby gullukda hasaba ýazyldy. Ol hiç kimiň özüni hasaba alyş merkezlerine gitmäge mejbur etmedigine ýylgyrýar.
«Gelip, aýallary alyp gitmek düzgüni ýok – beýle zat bolmaýar. Men kolleji gutaran badyna uruş başlandy. Uruş barýan wagtynda, men harby gulluga hasaba alyş edarasyna bardym. Men bu hökmany diýen karara geldim, bizde eýýäm köp adam gitdi ahyryn, haýsydyr bir ýol bilen ýurdy halas etmek gerek" diýip, Wiktoriýa aýdýar.
Ukrainada harby gulluga borçly aýal lukmanlar hemişe-de bolupdy. «Biz lukmançylyk ýokary okuw jaýlaryna girenimizde, biz muňa düşünýärdik. Kim düşünmeýän bolsa, bu barada bize aýtdylar. Hut meniň özümi bu ýagdaý gysyndyranok. Men rus propagandasynyň täsirine düşmeýärin. Şonuň üçin bu meni gorkuzmaýar» diýip, lukmançylyk uniwersitetiniň 4-nji ýyl talyby Ýuliýa Grapowa aýdýar.
Aýal medisina işgärlerine daşary ýurda gitmäge hiç kim päsgelçilik bermeýär diýip, Ukrainanyň Döwlet serhet gullugy we Saglygy saklaýyş ministrligi ynandyryň.
"2023-nji ýylyň 1-nji oktýabryndan soňra-da, aýallaryň daşary ýurtlara gitmek düzgüninde, hiç bir şertler üýtgemeýär. Medisina we derman senagatyndan bilimi bolan her bir aýal harby gullukda hasaba alnandygyna ýa-da ýokdugyna garamazdan, Ukrainanyň Döwlet serhedinden arkaýyn geçip bilýär” diýip, Saglygy saklaýyş ministrliginde aýdyldy.
Farmasewtika hünäri bolanlaryň harby hasaba alnyşy hem köp wagtdan bäri dowam edipdir. Dogry, ähli maglumatlar aýan edilmeýär. «Men hasapda durýaryn, elimde biletim bar. Eger-de Watan 'öňe' diýse, onda men giderin» diýip, farmasewtika işgäri Nataliýa mälim edýär.
Harby gulluga hasaba alynmak üçin, aýal lukmanlara üç ýyl möhlet berilýär, ýagny 2026-njy ýyla çenli. Eger şol döwre çenli hasaba durmasa, oňa jerime salmak çäresi ulanylyp bilner, hut häzirki wagtda ol jerimäniň möçberi 45 dollardan ybarat.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum