Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azatlyk Radiosynyň saklanan grantynyň bir böleginiň derhal tölenjekdigi aýdylýar


Azatlyk Radiosynyň Pragadaky edara binasy
Azatlyk Radiosynyň Pragadaky edara binasy

ABŞ-nyň Global metbugat gullugy (USAGM) Azat Ýewropa/Azatlyk radiosyna (Azatlyk Radiosyna) Kongres tarapyndan bölünip berlen, ýöne saklanan serişdeleriň käbir bölegini goýbermek ylalaşygyna geldi. Bu karar ABŞ kazyýetiniň federal agentligiň ýaýlymçy bilen grant şertnamasyny ýatyrmak meselesinde näderejede esaslydygy baradaky delilleri seljerýän wagtynda kabul edildi.

Agentligiň 24-nji martdaky çäresi şertnamanyň ykbaly barada ABŞ-nyň Waşington şäherindäki federal kazyýetinde geçiriljek diňlenişigiň birnäçe sagat öňünden görüldi.

Agentligiň serişdeleri saklamagy 1950-nji ýyldan bäri erkin we garaşsyz metbugatyň basylyp ýatyrylan ýurtlaryndaky diňleňýjileri adalatly we bitarap maglumatlar bilen üpjün edýän metbugat guramasynyň alyp barýan işini dowam etdirmegine howp salýar.

"Kongresiň Azatlyk Radiosyna bölüp beren iki hepdelik maliýe serişdeleriniň ýakyn wagtda tölenmegi bize kazyýet has giňişleýin kazyýet kararyny çykarýança öz işimizi dowam etdirmek mümkinçiligini berer diýen umytda" diýip, Azatlyk Radiosynyň prezidenti we ýerine ýetiriji direktory Stiwen Kapus aýtdy.

"Kanun öz tarapymyzda bolansoň, biz ynamly, sebäbi ABŞ konstitusiýasy Kongrese gapjyga aýratyn ygtyýarlyk berýär. Kongresiň şu maliýe ýylynyň galan bölegi üçin Azatlyk Radiosyna eýýäm beren serişdelerini inkär etmek bikanun" diýip, olaýtdy.

ABŞ-nyň Global Metbugat Gullugy (USAGM) Azatlyk Radiosyna Kongres tarapyndan bölünip berlen serişdeleriň bir bölegini, bu mesele boýunça kazyýet diňlenişiginiň geçiriljek wagtynyň öňüsyrasynda, neşiriň agentligiň federal maliýleşdirmesini togtatmak karary sebäpli hökümete garşy eden şikaýat işiniň çäginde, haýal etmän tölemek ylalaşygyna geldi.

24-nji martda görlen çäre Azatlyk Radiosynyň 1-nji martdan 14-nji mart aralygyna niýtlenen 7,46 million dollar serişdäni aňladýar. USAGM şol seneden öň Azatlyk Radiosyna berýän grantyny kesjekdigini aýdypdy.

"Agentlik tölegiň tölenip başlanmagy üçin haýal etmezden administratiw çäreleri gördi" diýip, USAGM kazyýete iberen hatynda tölegiň 26-njy martda tölenjekdigini we Azatlyk Radiosynyň bu serişdeleri aý ahyryna çenli aljakdygyny aýtdy.

Forum

XS
SM
MD
LG