Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ we Russiýa gepleşikçileri Riýaddaky duşuşygy tamamlady


24-nji martdaky duşuşygyň geçirilen ýeri
24-nji martdaky duşuşygyň geçirilen ýeri

Saud Arabystanyň paýtagty Riýadda Russiýanyň we ABŞ-nyň wekiliýetleriniň arasynda geçirilen gepleşikler tamamlandy diýip, TASS we RIA “Nowosti” habar berdi. Bu gepleşikleriň 12 sagatdan gowrak dowam edendigi aýdylýar.

Federasiýa Geňeşiniň Halkara gatnaşyklary komitetiniň başlygy, rus wekiliýetine ýolbaşçylyk edýän Grigoriý Karasin gepleşikler başlanyndan takmynan 10 sagat soň onuň tamamlanjakdygyny aýtdy.

Şondan soň taraplar bilelikde ediljek beýannamanyň teksti barada bir pikire gelmäge synanyşdylar, diýip, bir çeşme TASS habar gullugyna aýtdy.

Ýöne ol gepleşiklerden soň bu meseledäki ylalaşygyň bada-bat gazanylyp bilinmändigini belledi.

Soňra beýanat meselesinde Ak tam bilen Kremliň özara ylalaşyga gelendigi we onuň 25-nji martda çap ediljekdigi mälim boldy.

Şol bir wagtda, Kremliň metbugat sekretary Dmitriý Peskowyň biraz öňünden aýtmagyna görä, taraplar duşuşygyň netijeleri boýunça resmi ýazgylara gol çekmegi meýilleşdirmeýär.

XS
SM
MD
LG