Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin, Russiýada galmak üçin "kanuny esaslary" bolmadyk ukrain raýatlarynyň 10-njy sentýabra çenli ýurtdan çykmagyny ýa-da "kanuny statuslaryny kadalaşdyrmagyny" talap edýän karara gol çekdi. Bu karar kanuny maglumat portalynda 20-nji martda çap edildi.
Bu karar Russiýanyň özüne degişlidigini yglan eden Donetsk, Luhansk, Zaporiziýa we Herson sebitleri, şeýle hem ozal anneksiýa edilen Krym we Sewastopol ýaly regionlaryň çägine-de degişli. Bu, basyp alnan ýerlerde ýaşaýan ukrainalylaryň Russiýanyň raýatlygyny almasa ýa-da karary ýerine ýetirmese, gitmäge mejbur bolup biljekdigini aňladýar.
Şeýle hem resminamada bu dört sebitiň Russiýanyň gözegçiligindäki çägine baran daşary ýurt raýatlarynyň ýa-da raýatlygy bolmadyk adamlaryň şu ýylyň 10-njy iýunyna çenli neşe serişdelerini ulanmak, howply ýokanç keseller we WIÇ infeksiýasy ýaly barlagdan geçmelidigi aýdylýar.
Bu kararda Putiniň 2024-nji ýylyň 30-njy dekabrynda gol çeken "Daşary ýurt raýatlarynyň käbir kategoriýalarynyň kanuny ýagdaýyny kadalaşdyrmak boýunça wagtlaýyn çäreler baradaky" permanyna salgylanylýar.
BMG-nyň maglumatlaryna görä, 2024-nji ýylyň 30-njy iýunyna çenli Russiýada 2022-nji ýyldaky rus çozuşyndan soň baran 1 million 200 müňden gowrak ukrain raýaty hasaba alynypdyr. Bu esasan Russiýa tarapyndan basylyp alynýan serhetýaka sebitleriň ýaşaýjylaryna degişlidir. Mundan başga-da, birnäçe million ukrain raýaty Russiýanyň basyp alan ýerlerinde we anneksiýa edilen Krymda ýaşaýar.
Rus häkimiýetleri ukrainlere Russiýanyň raýatlygyny berýär. 2022-nji ýylyň iýulynda Putin ähli ukrain raýatlaryna rus raýatlygyny bermek işini aňsatlaşdyrmak baradaky karara gol çekdi.