24-nji martda ABŞ kazyýetinde Azatlyk Radiosynyň ABŞ-nyň Global Media Agentliginiň (USAGM) üstünden, Kongres tarapyndan tassyklanan grantynyň saklanmagy netijesinde maliýeleşdirilmesiniň bes edilmegi baradaky tagallalaryň çäginde ýetirijek "düzedip bolmajak zyýandan” sowulmak üçin eden şikaýaty boýunça diňlenişik geçiriler.
ABŞ-nyň Kolumbiýa okrugyndaky kazyýet seljermesinde ýerli wagt bilen sagat 2-den başlap iki tarapyň delilleri diňlener.
Azatlyk Radiosy “Azatlyk” Radiosy we "Amerikanyň Sesi" (VOA) ýaly ABŞ hökümeti tarapyndan goldanýan ýaýlymlara gözegçilik edýän agentlikden maliýeleşdirilmeginiň bes edilendigini aýdan gününde, 1-nji martdan 15-nji mart aralygyna bölünip berlen we ABŞ Kongresi tarapyndan tassyklanan 7,5 million dollar serişdäni goýbermegini talap edýär.
Kazyýet şikaýatynda Kongresiň Azatlyk Radiosyna bölünip berlen serişdelerine elýeterliligiň inkär edilmeginiň federal kanunlara we Kongresiň federal çykdajylara iň ýokary ygtyýarlyk berýän ABŞ konstitusiýasyna ters gelýändigini öňe sürülýär. Şeýle-de, kazyýetden teleradio ýaýlymyna zeper ýetmegini çäklendirmek üçin mart aýyndaky serişdeleri goýbermek barada wagtlaýyn çäklendiriji buýruk çykarylmagy soralýar.