Aşgabatly ýaşaýjylaryň ençemesi özleriniň 10 ýyla golaý wagt bäri etrap häkimliklerinde ýaşaýyş jaý nobatyna durandygyna garamazdan, ýeňillikli ipoteka esasynda öý satyn alyp bilmeýändigini aýdýar.
Şol bir wagtda, olar ýüzlerçe müň manat möçberinde para beren raýatlaryň ýaşaýyş jaýlaryny nobatsyz satyn alyp bilýändigini belleýärler. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 25-nji iýunda paýtagtdan maglumat berdi.
“Şu günler jaý nobatyna duran käbir hojalyklaryň agzalary etrap häkiminiň kabulhanasynda irdenden agşama çenli garaşyp, etrap häkimi bilen görüşmek isleýärler. Olar köp ýyl bäri nobata durandyklaryna garamazdan, özlerine näme üçin jaýyň berilmeýändigini anyklamaga çalyşýarlar” diýip, ýagdaýlardan habarly aşgabatly ýaşaýjy anonim şertde gürrüň berdi.
Onuň tassyklamagyna görä, etrap häkiminiň raýatlary kabul edýän günlerinde barýan bu ýaşaýjylaryň häkim bilen duşuşmagyna rugsat berilmeýär.
“Häkim şäher häkimi bilen duşuşmaga gitdi ýa-da iş sapary bilen Türkmenbaşa gitdi diýip jogap berýärler. Raýatlar bilen gödek çemeleşilip, olaryň ýüzlerini alyp goýberýärler” diýip, başga bir paýtagtly ýaşaýjy anonim şertde gürrüň berdi.
Azatlykda bu ýagdaýlaryň paýtagtyň anyk haýsy etrap häkimliklerinde bolandygy barada maglumat bolsa-da, söhbetdeşleriniň howpsuzlygy sebäpli olary köpçülige ýetirmekden saklanýar.
Bellesek, bu raýatlar öýsüz ýa-da maşgala ýagdaýy sebäpli öňden ýaşap ýören öýüniň giňeldilmegine mätäç hojalyklardyr. Olaryň köpüsi kireýine jaý alyp ýaşaýan bolsa, galan bölegi iki-üç otagly jaýlarda birnäçe maşgala bolup ýaşamaga mejbur bolýar.
“Olar etrap häkimligi tarapyndan ýeňillikli, ýagny 30 ýyllyk ipoteka esasynda ýaşaýyş jaýlaryny satyn almagy hukukly raýatlar hasaplanyp, jaý nobatynda hasaba alnypdy” diýip, aşgabatly ýaşaýjy belledi.
Şol bir wagtda, ýaşaýjylar 10 ýyla golaý wagt bäri jaý nobatyna duran ýaşaýjylara ýeňillikli ipoteka esasynda öý berilmeýän mahaly, ýüzlerçe müň manat möçberinde para beren raýatlaryň ýaşaýyş jaýlaryny nobatsyz satyn alyp bilýändigini aýdýarlar.
“Ýörite araçylar bolup, olar häkime çykyp, ýeňillikli iopteka esasynda nobatsyz jaý satyn alyp berýärler. Bu araçylar 500 müň manat para soraýarlar. Bu Merkezi bankyň kursunda 140 müň dollardan gowrak, gara bazaryň nyrhynda 25 müň dollar bolýar. Jaýa mätäç adamlaryň bu parany bermäge maddy ýagdaýy ýok” diýip, ýagdaýlardan habarly aşgabatly ýaşaýjy belledi.
Şeýle-de, ýaşaýjylar para beren raýatlaryň soňy bilen bu jaýlary başga adamlara, ipoteka töleginden daşary, 700-800 müň manada satmagy bilen bagly wakalaryň köpdügini aýdýarlar.
“Bu, durşuna bir biznese öwrüldi. Bu ýerde garyp hojalyklar ýene kösenýär, ýöne ýörite adamlar, şol sanda emeldarlar bikanun gazanç edýärler” diýip, aşgabatly ýaşaýjy sözüni jemledi.
Azatlyk gürrüňi edilen ýagdaýlar barada Aşgabadyň şäher we etrap häkimliklerinden resmi teswir alyp bilmedi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow 2022-nji ýylyň 19-njy martynda geçirilen inaugurasiýa dabarasynda eden çykyşynda her bir maşgalany häzirki zaman öýi ýa-da jaýy bilen üpjün etmegiň özüniň esasy aladalarynyň biri boljakdygyny aýdypdy.
Onuň kakasy, öňki prezident, häzir Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem, şol ýylyň fewralynda eden çykyşynda "geljekde her bir maşgalanyň aýratyn öýli ýa-da jaýly boljakdygyny" wada berdi. Ýöne ol bu maksatnamanyň haçan durmuşa geçiriljekdigini aýdyňlaşdyrmady.
Häkimiýetleriň wadalaryna garamazdan, Türkmenistanda ilatyň ýaşaýyş jaý meselesi köpýyllyklaryň dowamynda ýiti problema bolmagynda galýar. Azatlyk raýatlaryň bir-iki otagly jaýlarda 10-dan gowrak adam bolup ýaşamaga mejbur bolýandygy ýa-da olaryň çölüň içinden bölünip berlen mellek ýerlerine häkimiýetler tarapyndan gaz, suw, tok we ýol çekilmeýändigi barada ençeme gezek habar beripdi.
Türkmen metbugaty ýurtda täze gurulýan desgalar, şol sanda ýaşaýyş jaýlary barada yzygiderli habar berýär, ýöne jaý nobatyna durup, jaý satyn alyp bilmeýän hojalyklar we munuň töweregindäki para-berim ýagdaýlary barada mesele gozgamaýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum