2024-nji ýylyň maý aýynda Moskwanyň kazyýeti Russiýanyň diskriminasiýa garşy zähmet kanunlaryna we ekstremizme garşy kanunlaryna laýyklykda daşky keşbi boýunça “slawýan görnüşine eýe bolan” kandidatlary gözleýän birnäçe onlaýyn iş ýerini gadagan etdi. Kazyýet bulary paýlaşmagyň “bikanundygyny we jenaýat jogapkärçiligine eltip biljekdigini” aýtdy.
Bu karar şol ýyl Moskwanyň başga bir kazyýetiniň iş orunlarynyň “diňe slawýanlar üçindigi” barada ýazylan mahabatlar hakynda çykaran şuňa meňzeş kararynyň yz ýanyna gabat geldi. “Diňe slawýanlar üçin” kesgitlemesi, adatça kärendeçi gözleýän rus jaý eýeleriniň emlägi kireýine berýändigi baradaky mahabatlaryna goşulýan aýratyn talapdyr.
Muňa garamazdan, döwlet edaralary şuňa meňzeş diskriminasiýa dilini jemgyýetçilik tenderlerinde ulanmagyny dowam etdirýärler. Azatlyk Radiosynyň rus dilindäki derňew bölümi Systema-nyň geçiren barlaglarynyň netijelerinde bu diliň ýurduň esasy senagat şäheriniň hökümeti tarapyndan ulanylýandygy hem anyklandy.
“Biz slawýan däl adamlara garşy hüjümleriň barha köpelýändigini görýäris. We döwlet derejesinde ksenofobiýa garşy göreşmegiň deregine jynsparaz beýanatlar edilýär” diýip, adam hukuklaryny goraýan “Memorial” toparynyň eksperti Stefania Kulaýewa aýdýar.
“Bu ýigrenji, resmileriň we howpsuzlyk güýçleriniň beýanatlary arkaly häkimiýetleriň özleri öjükdirýär” diýip, ol sözüne goşdy.
Nižniý Nowgorod sebitiniň merkezindäki Dzeržinsk şäheriniň häkimiýetleri potensial potratçylaryň daşky keşbiniň “slawýan görnüşine eýe bolmalydygy” barada arassalaýyş hyzmatlary üçin azyndan dört tender yglan etdiler we şol tenderleriň biri geçen aýda yglan edildi diýip, “Systemanyň” derňew netijelerinde aýdylýar.
Russiýanyň Arassaçylyk we epidemiologiýa boýunça federal merkeziniň Moskwa bölümi noýabr aýynda çap eden maglumatynda arassalaýyş hyzmatlary üçin tender yglan etdi we onda “slawýan görnüşiniň” talap edilýändigini aýtdy.
Teswir bermek barada soralan e-meýllere makalanyň çap edilen gününe çenli, ýagny 22-nji marta çenli ne Dzeržinsk şäher häkimligi, ne-de Russiýanyň Arassaçylyk we epidemiologiýa boýunça federal merkeziniň Moskwa bölümi jogap berdi.
“Jynsparaz zorlugyň artmagy”
Russiýanyň kanunçylygy milleti ýa-da etnik gelip çykyşy bilen baglylykdaky diskriminasiýany aç-açan gadagan edýär. Ýurduň konstitusiýasy, milletine ýa-da etnik gelip çykyşyna garamazdan, raýatlar üçin deň hukuklary we azatlyklary kepillendirýän maddany öz içine alýar.
Prezident Wladimir Putiniň özi, bu toparlaryň arasynda “rus medeniýetiniň agdyklyk etmegi” diýilýän zady saklasa-da, ýurduň dürli etnik we dini düzümini yzygiderli taryplaýar we tankytçylar onuň hökümetini syýasy maksatlar üçin aç-açan ksenofob sagçy toparlary bilen hyzmatdaşlykda aýyplaýarlar.
2021-nji ýyldaky ilat ýazuwyna görä, etnik ruslar Russiýa Federasiýasynyň ilatynyň takmynan 72 göterimini emele getirýär. Emma bu netijeleriň takyklygy sosiologlar tarapyndan sorag astyna alynýar.
Slawýan däl etnik toparlaryň arasynda tatarlar, kalmyklar, burýatlar we çeçenler bar. Şeýle hem Russiýada Merkezi Aziýadan takmynan 10 million migrant ýaşaýar.
Ekstremizme gözegçilik edýän abraýly Sowa merkezi geçen aý ýaýradan hasabatynda Russiýada 2023-nji ýylyň ýazyndan bäri “jynsparaz zorlugyň çalt [depginde] artýandygyny” aýtdy.
Bu aralykda, Human Rights Watch guramasy geçen hepde çap eden hasabatynda 2024-nji ýylyň 22-nji martynda Moskwanyň etegindäki “Krokus sity holl” konsert zalynda bolup geçen ganly terrorçylykly hüjümden bäri Merkezi Aziýaly zähmet migrantlarynyň “ksenofobiki ýanamalara, ýigrenç sözlerine we zorluga has köp” sezewar edilýändigini aýtdy.
Jynsy diskriminasiýa boýunça işe almak tejribeleri Russiýanyň hökümet guramalary üçin täzelik däl.
2018-nji ýylda Moskwa şäher häkimliginiň jaýlanyş hyzmatlary monopoliýasy kondisioner enjamlary oturtmak üçin potensial potratça beren jogabynda“diňe etnik slawýanlaryň” teklip hödürlemelidigini aýtdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum