Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Raýatlaryň Goranmak ministrligi bilen şertnama baglaşmagy. Migrantlar nädip rus goşunynda gulluk etmäge mejbur edilýär?


Täjigistandan gelen migrantlaryň Sankt-Peterburgyň polisiýa bölümi tarapyndan gabawa salnyp saklanan pursady. 2023-nji ýylyň 16-njy awgusty.
Täjigistandan gelen migrantlaryň Sankt-Peterburgyň polisiýa bölümi tarapyndan gabawa salnyp saklanan pursady. 2023-nji ýylyň 16-njy awgusty.

Orsýetiň Kaluga sebitinde migrantlar Orsýetiň Goranmak ministrligi bilen şertnama gol çekmeseler, raýatlygy almak üçin dokumentleri kabul edilmeýär, munuň netijesinde şondan soň olar Ukrainadaky urşa iberilýär diýip, adam hukuklary boýunça aktiwist Tatýana Koltýar 7x7 neşirinde habar berdi. Ol şeýle ýagdaýyň bäş sanysyndan habarly bolsa-da, žurnalistleriň aýtmagyna görä, beýle ýagdaý ýene-de köp bolup biler. Orsýetde ýaşamaga rugsat almakçy bolýan birnäçe täjik raýaty pasport edarasynda özleriniň harby gulluga çagyryş hakyndaky şertnamany baglaşmak hakyndaky şahadatnama üçin, harby hasaba alyş we harby gulluga çagyryş edarasyna ugradylýandygyny 7x7 neşirine habar berdiler. Şol wagtda, harby hasaba alyş we harby gulluga çagyryş edaralary olar bilen şertnama baglaşmakdan boýun gaçyrdylar (neşiriň söhbetdeş bolanlaryndan biriniň bäş çagasy bar, beýlekisiniň saglyk ýagdaýy harby gulluga ýaramaýar), olara hiç hili tassyklama haty bermändiler.

"Migrasiýa bölüminde raýatlyga arza berýän adam gaty köp, esasan hem Täjigistanyň raýatlary. Olardan hemme erkek adamlar harby hasaba alyş we harby gulluga çagyryş edarasyna ugradylýar, aýallaryň bolsa dokumentlerini arkaýyn kabul edýärler" diýip, rus raýatlygyna dalaşgärleriň birine salgylanyp, 7x7 ýazýar.

Kremliň migrantlary urşa iberýändigi ilkinji gezek bir ýyl çemesi mundan ozal belli boldy. 2022-nji ýylyň oktýabrynda adam hukuklaryny goraýjy Walentyna Çupik Moskwa oblastynyň "Saharowo" migrasiýa merkezinde, migrantlary urşa gatnaşmaga gol çekdirmek üçin, şertnamalaryň berlendigini habar beripdi. 2023-nji ýylyň awgustynda bolsa howpsuzlyk güýçleri Russiýanyň birnäçe sebitlerinde, golaýda Orsýetiň raýatlygyny alan we harby gulluga kabul edilmedik erkekleri gözlemek üçin, ýörite barlag gurady. Polisiýa işgärleri olary şol bada harby gulluga ugratdylar ýa-da derrew harby hasaba alyş bölümine barmaga çagyryş hatyny gowşurdylar.

Migrantlaryň goşun bilen şertnama baglaşmaga mejbur edilmegi we adamlaryň Russiýanyň raýaty bolanlary urşa almak talabyna nähili täsir edýändigi hakynda, rus adam hukuklary boýunça aktiwist Aleksandr Kim bilen söhbetdeş bolduk.

— Daşary ýurtdan gelen adamlaryň rus pasportyny almazdan öň, Russiýanyň Goranmak ministrligi bilen şertnama baglaşmagy nähili derejede kanuny?

— Elbetde, bu iş düýbünden bikanun hasaplanýar. Ýöne iş ýüzünde muňa geň galasy zat ýok, sebäbi häzir Russiýada bikanun işler örän giňden ulanylýar. Möhüm zat bolsa, häzirki wagtda Putiniň propagandasynyň tagallalary bilen berk radikallaşýan rus jemgyýetinde, ýurduň jemgyýetiniň bir görnüşiniň – çetden gelenleriň wekillerine has berk garamak talaby bar, aýratyn-da "slawýan dällere", migrantlara we Orsýetiň täze raýatlaryna garşy berk gatnaşyk saklanýar. Ilatyň bu kategoriýalaryna has berk garamak talaby örän ýokary derejede aýdyň beýan edilýär: şu wagta çenli bular Döwlet Dumasynyň deputatlarynyň ýa-da Orsýetiň Prezidentiniň ýanyndaky adam hukuklary boýunça geňeş diýilýän ýaly gurluşlaryň agzalarynyň derejesinde alnyp barylýar. Indi bu ýagdaý, ýagny milletçiligiň aç-açan şeýle ýokary derejede aýdyňlaşýandygy, wezipeli adamlaryň kanunçylykda mümkin bolan resmileşdirmelerine garaşyp durman, bu talap dürli ýollar bilen ýerine ýetirip başlamagyna getirýär.

Bu usullaryň arasynda, Ukraina bilen urşa gatnaşmak barada şertnama gol çekdirmek bilen Russiýa Federasiýasynyň raýatlygyna kabul edilmek baradaky arzalaryň göz öňünde tutulmagyny şertlendirýän, ýagny eýýäm agzalýan usullar hem bar.

Bu ulanylýan tagallalaryň arasynda, Ukrainadaky urşa gatnaşmak barada, şertnama gol çekmek bilen Russiýa Federasiýasynyň raýatlygyna kabul edilmek baradaky arzalaryň göz öňünde tutulmagyny eýýäm agzalýan usullaryň biri hökmünde görüp bilersiňiz. Ýöne başga usullar hem bar. Mysal üçin, Russiýa Federasiýasynyň Federal kazyýet gullugynyň işgärleriniň Russiýa işlemäge gelen daşary ýurtly adamlar bilen bagly ulanýan köpçülikleýin azar bermeleri, gynamalary aýdyp bolar. Saharowo migrasiýa merkezinden deportasiýa etmek üçin, Moskwa aeroportlaryna eltilen mahalynda, "indi Orsýete gelme" diýen sözleri ulanyp, rehimsizlik bilen ýençýärler, ýarag bilen gynaýarlar, kemsidýärler we olary talaýarlar. Ýeri gelende aýtsak, entek urlup-ýenjilmedik adamlar Saharowo merkezinde bar, olar rus goşunynyň şertnama gullugy baradaky protestlerine yzygiderli gatnaşýarlar.

— Bir tarapdan, Putin 2022-nji ýylda rus goşunynda daşary ýurtlularyň gulluk etmegi barada, permana gol çekdi. Şol permana laýyklykda, ikinji raýatlygy bolan orsýetlileriň harby gulluga çagyryljakdygy aýdylýar. Görşümiz ýaly, olar bilen hiç kimiň şertnama baglaşmaga haky ýok. Eýsem Russiýanyň Goranmak ministrligi kimdir biriniň şertnama gol çekmegine garaşýar, munuň bilen kanunyň bozulýandygyny nazara alýarlarmy?

— Hususan aýdylanda, islendik ýagdaýda ikinji raýatlygy bolan we köne kanunçylyga laýyklykda, russiýalylar goşmaça resminama bolmazdan, gulluk etmäge borçlandyrylandyr.

— Hawa, meniň pikirimçe, häzir daşary ýurtly adamlar 2022-nji ýyldan başlap, şol permana laýyklykda, uruş hereketlerine gatnaşdyrylyp bilerler.

— Hawa.

— Umuman, siziň pikiriňizçe, häkimiýetleriň şeýle hereketleri nämäni aňladýar?

— Meniň pikirimçe, bu ýagdaýda häkimiýetler öz işleriniň netijeliligini görkezmek isleginiň subutnamasyny gazanýar, sebäbi şu ýagdaýda migrantlar bu netijeliligi görkezmek üçin, gaty aňsat bolan ilat gatlagydyr. Şol wagtyň özünde, meselem, şeýle aýtsak, söweş meýdanynda beýle ýagdaý mümkin bolman biler.

— Uruş başlanandan bäri, siziň maglumatlaryňyza görä, rus pasportyny almak isleýän migrantlaryň sany köpeldimi ýa-da azmy?

— Umuman olaryň sany, elbetde, azaldy: adamlar häzir Russiýada bolmagyň howpludygyna düşünýärler. Bu ýerde esasy ýagdaý rus pasportyny almagyň özi raýatlyk hukugyndaky ýoluň diňe soňky tapgyrydyr. Ukraina garşy uruş başlanandan soň bolsa, bu işe ondan ençeme ýyl öň başlan adamlar pasport aldylar. Şoňa görä-de, ilki başda bu ýagdaý beýle belli bolmady, ýöne soňra, elbetde, arza berijileriň sany azaldy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG