Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Meşhur gazak ýazyjy Muhtar Magauin aradan çykdy


Ýazyjy Muhtar Magauin
Ýazyjy Muhtar Magauin

Gazak ýazyjysy, taryhy eserleriň awtory, dil üstünden aýdylýan gadymy gazak poeziýasynyň barlagçysy Muhtar Magauin aradan çykdy. Ol 84 ýaşyndady. Soňky ýyllarda daşary ýurtda ýaşaýan prozaçy ýazyjynyň ölümi ogly Ýedige Magauin tarapyndan Facebook’da yglan edildi.

Ýedige Magauin: "Meniň kakam 2025-nji ýylyň 9-njy ýanwarynda, ýerli wagt bilen sagat 19:55-de (Gazagystan wagty bilen 10-njy ýanwar, sagat 05:55) ABŞ-nyň Merilend ştatynda öz öýünde, maşgalasynyň arasynda, bu dünýäden bakylyga gaýtdy” diýip ýazdy.

Muhtar Magauin köp sanly taryhy işleri, şol sanda "Gazak ordasy" kitabyny, "Çingiz han", "Gypjak gözelligi" romanlaryny ýazdy. Magauiniň galamyna degişli bolan "Ýazky garlar" ("Alasapyran") romany Çingiz nesliniň gazak şahasynyň neberesinden bolan Oraz-Muhamediň ykbaly barada gürrüň berýärdi. Ol ruslar tarapyndan ýesir alnyp, XVII asyryň başlarynda Boris Godunowyň köşgüne ýakyn töwereklerde peýda bolupdy. Soňra ol Kasym hanlygynyň baştutany bolýar. Bu eseri üçin Magauin 1984-nji ýylda Gazagystan SSR-niň Abaý adyndaky Döwlet baýragyny aldy.

Magauin orta asyr şahyrlarynyň dil üstünden aýdylýan poeziýany öwrendi. Onuň ýolbaşçylygynda "Bes gasyr žyrlaýdy" atly eserler ýygyndysy çap edildi.

Bilimi boýunça filolog Magauin "Gazak ädebiýeti" gazetinde, "Žazuşy" neşirýatynda işläpdi. Ol Auezowyň adyny göterýän edebiýat we sungat institutynda ylmy iş bilen meşgullandy, ýokary okuw jaýlarynda gazak edebiýaty boýunça ýaşlara sapak berdi.

Magauin ilkinji prezident Nursoltan Nazarbaýewiň höküm sürýän döwründe, Gazagystanda awtoritar meýilleriň güýçlendirilmegini tankytlady. Prozaçy ýazyjy 2006-njy ýylda daşary ýurda çykdy. Ol Çehiýada, Türkiýede, ABŞ-da ýaşamaly boldy.

Žanaözen wakalarynda – 2011-nji ýylyň dekabrynda nebitçileriň birnäçe aýlap dowam eden iş taşlaýyşlary güýç bilen basylyp ýatyryldy. Resmi maglumatlara görä, 17 adam ýogaldy. Ýazyjy parahat ilata garşy ýarag güýjüniň ulanylmagyny ýazgaryp çykyş etdi we muňa Gazagystanyň taryhyndaky ganly wakalaryň biri bolan Želtoksan bilen meňzeşlikleri getirdi. Ýaşlar 1986-njy ýyldaky pajygaly wakada, Alma-Atada (Almaty) Kremliň Gazagystan SSR-niň baştutany edip, respublika ýat bolan Gennady Kolbini bellemek kararyna garşy protest geçirdiler.

Forum

XS
SM
MD
LG