Türkmenistanda mekdepleriň maddy üpjünçiligi, içindäki şertler we arassaçylyk ýagdaýlary gowşak we käte aýylganç. Bu aralykda yzygiderli häsiýetde okuwçylardan ýygnalýan pul köplenç mekdeplerdäki şertlere oňyn täsir ýetirmeýär. Azatlygyň Lebapdaky habarçysy şäher mekdeplerindäki şertler barada maglumat berýär.
Türkmenabat şäheriniň merkezinde ýerleşýän mekdeplerde hajathanalar aýylganç ýagdaýda. Hususan-da, 31-nji mekdepde okuwçylar antisanitariýa şertlerindäki hajathanalary ulanmaga mejbur bolýarlar.
“Biziň mekdebimiz şäheriň merkezinde ýerleşýär. Emma hajathanalar, oba mekdeplerinden hem beter. Hajathanalar howluda ýerleşýär. Onda ne gapy bar, ne-de el ýuwulýan suw krantlary bar. Tehniki işgärler günde hlor hekini sepen bolýarlar, ýöne peýdasy ýok. Yssy howada ýaramaz ys tiz ýaýraýar" diýip, Azatlyk bilen gürleşen mekdep okuwçylarynyň biri gürrüň berdi.
Mekdepde okaýan çagalaryň ene-atalary kanikula gitmezden öň we ýylyň dowamynda her çagadan mekdebi abatlamak işleri üçin ýüzlerçe manat puluň soralýandygyny we ony bermäge mejbur bolýandygyny belläp, "bu pullar nirä gidýär?" diýen sowaly orta atýarlar.
Türkmenistanda orta mekdepler döwletiň garamagynda bolup, düzgüne görä, oňa býujetden pul berilýär. Emma munuň bilen bir hatarda okuwçylardan yzygiderli esasda pul ýygnalýar, şol sanda mekdebi abatlamak maksatlary üçin.
Türkmenabatly mekdep okuwçylarynyň ene-atalary mekdep administrasiýasynyň hajathanalaryň aýylgançlygyna üns bermeýändigini belläp, işgärleriň we mugallymlaryň aýratyn hajathanalary ulanýandygyny aýdýarlar.
"Gaharlandyrýan ýagdaýyň biri hem, mugallymlar we mekdep
administrasiýasy binanyň içinde ýörite hajathanalara barýarlar, okuwçylar bolsa daşa gitmeli bolýarlar. Mekdebiň durkyny görer ýaly däl, daşyndan seretseň, gorkuly filmler ýadyňa düşýär. Sentýabr aýynda okuwa gelenimizde ýagdaýlar düzeläýse, bizden alýan pullar hakykatdan hem mekdebiň abatlanyşyna harçlanaýsa" diýip, 31-nji mekdepde okaýan okuwçylaryň ene-atalaryndan biri gürrüň berdi.
Azatlygyň Türkmenabatdaky habarçylary şäheriň №28, 21, 14, 12, 16, 17, 22, 23, 15 mekdeplerindäki ýagdaýyň şuňa meňzeşdigini bellediler.
Şäheriň bilim pudagyndaky çeşmäniň aýtmagyna görä, şäheriň sanitar-gigiýenik bölümi bu ýagdaýa gözüni ýumýar.
"Sanstansiýadan barlagçy gelýär diýilende, biziň ählimizden 10-20 manatdan para toplanýar. Şondan soň sanitariýa işgärleriniň mekdebe gelenini hem görmeýäris. 21-nji asyrda ýaşap ýörüs, utanýan welin, ýöne hajathana gürrüňini etmeli bolduk”, - diýip, çeşme gürrüň berýär.
Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylaryň sözlerine görä, ýyllarboýy mekdeplerde her bir okuwçydan dürli maksatlar üçin toplaýan pul bir ýylyň dowamynda ortaça aýlyga baryp ýetýär.
Käbir mekdeplerde okuwçylar diwarlary reňklemek, oturgyç satyn almak ýa-da sowadyjy ýaly enjamlary edinmek üçin pul tabşyrýan bolsalar, beýlekilerde okuwçylardan hajathanany abatlamak üçin serişde hem soralýar. Ene-atalaryň ýyllarboýy tabşyrýan pullaryna garamazdan, okuw ýylynyň başynda köp mekdeplerde synp otaglarynyň abatlanmandygy belli bolýar.
Welaýatlara garanda maddy üpjünçiligi ganymat hasaplanýan paýtagt mekdeplerinde hem hajathanalar aýylganç ýagdaýda bolýar.
Geçen ýylyň sentýabr aýynda paýtagtyň 15-nji orta mekdebinde 1-nji we 4-nji synp aralygyndaky klaslaryň okuwçylaryndan aşaky synplaryň hajathanasyny bejermek üçin pul toplandy. Çagalara 50 manatdan pul getirmeseler, hajathanany ulanmaga rugsat berilmejekdigi duýduryldy.
Mekdepleri abatlamak işleri üçin işgärlerden hem pul ýygnalýar. Mugallymlar hem pul tabşyrmak talabyndan halys ýadandygyny aýdyp, dürli tutumlar üçin her aýda aýlygynyň bir böleginiň tutulyp alynýandygyny aýdýarlar.
Türkmenistanda ortaça aýlyk 2000 manat çemesi hasaplanýar, ýagny resmi kurs boýunça 625 dollara, gara bazaryň kursy boýunça 100 dollara barabar.
Her ýyl döwlet býujetiniň 70% çemesini sosial pudaklara sowýandygyny aýdýan türkmen hökümeti maliýe serişdeleriniň sarp edilişiniň jikme-jik hasabatyny köpçülige mälim etmeýär. Döwlet mediasyndaky resmi maglumatlardan çen tutulsa sosial pudaga diýlip, bölünýän serişdelere täze gurluşyk proýektleri hem girýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum