Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjigistanda elektrik energiýasyny tölemezlige jenaýat jogapkärçiligi girizildi


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Täjigistanyň Mejlisiniň aşaky palatasy 2-nji aprelde jenaýat kodeksine elektrik energiýasyny bikanun ulanmak we töleglerden gaça durmak bilen baglanyşykly jogapkärçiligi güýçlendirmek maksady bilen üýtgetmeleri kabul etdi. Bu barada ýurduň Energetika we Suw serişdeleri ministrligine salgylanyp, “Asia Plus” habar berýär.

Habarda bellenmegine görä, bu üýtgetmeler taslamasy Adalat ministrligi tarapyndan prezident Emomali Rahmonyň 27-nji martda geçirilen hökümet mejlisindäki görkezmesine laýyklykda taýýarlanyldy. Şol mejlisde Rahmon elektrik energiýasynyň netijesiz ulanylmagy we kadadan artykmaç ýitgi çekilmegi bilen baglanyşykly aladalaryny beýan edip, energiýany bikanun ulanmak we tölegleri tölemezlik üçin jenaýat jogapkärçiligini girizmegi tabşyrypdy.

Adalat ministri Muzaffar Aşuriýon taslamany deputatlara hödürläninde, käbir sarp edijileriň töleglerden gaça durmak maksady bilen hasaplaýjylaryň görkezijilerini üýtgedýändiklerini ýa-da enjamlary aýlanyp geçýän birikmeleri döredýändiklerini belledi.

“Netijede, respublikanyň ykdysady bähbitlerine uly zyýan ýetirilýär” diýip, ministr aýtdy.

Kabul edilen üýtgetmeler, Täjigistanyň Jenaýat kodeksiniň “Aldaw ýa-da ynama hyýanat etmek arkaly emläge zyýany ýetirmek” maddasyna degişli goşmaçalary girizýär.

Bu maddanyň çäginde bellenilen jeza çäreleri, jerimeler bilen birlikde, üç ýyla çenli azatlykdan mahrum etmegi göz öňünde tutýar. Eger-de eden-etdilik uly möçberde amala aşyrylsa, jeza alty ýyla çenli, aýratyn uly möçberde ýa-da guramaçylykly topar ýa-da jenaýat birleşigi tarapyndan amala aşyrylsa, altydan on ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek bilen çäklendirilýär.

XS
SM
MD
LG