On ýyl mundan ozal, Özbegistanyň ilkinji prezidenti Islamow Karimow heniz aýatda diri wagtynda, Günbatardan bolan bir žurnalistiň bu ýurt, jemgyýet, onuň syýasy režimi barada barlag işlerini geçirip, kitap ýazmagy kyn bolardy.
Bu babatda Joanna Lillisiň çap etdirjek “Ýüpek salgymy: Özbegistanda alsarmyk dünýä” (Silk Mirage: Through The Looking Glass In Uzbekistan) atly kitaby Karimowyň mirasdary bolan hem-de öz halypsaynyň käbir awtoritar artykmaçlyklaryny pudap, ýurda öňden bäri esewan edip gelýän synçylary geň gladyran Şawkat Mirziýoýewiň “Täze Özbegistanynyň” miwesidir.
Ýöne bu kitabyň söz azatlygyna bagyşlanan we Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň öňünden tanyş bolan bölümi özbek resmilerini buýsandyrmajaga meňzeýär.
Lillisiň sebitdäki ýigrimi ýyllyk iş we durmuş tejribesiniň önümi bolan eser Karimowyň 2016-njy ýylda ölüminiň yz ýany, irki döwürde Mirziýoýewiň beren wadalaryny ýatlaýar we şol wadalaryň häzirki wagtda öçügsileşmegini synlaýar.
'Erkinlik howasynyň' ömri gysga boldy
‘Gyzyl çyzgylar’ atlandyrylýan bölüm žurnalistiň jemgyýetçilige maglumat ýetirmek üçin, görnüşinden, birden köp gezek gyzyl çyzygy kesip geçişi baradaky gürrüň bilen başlanýar.
Anora Sodikowa Karimow zamanynda, bir döwür, 35 million ilatly ýurtda adamlaryň gündelik ýüzbe-ýüz bolýan problemalary, sosial meseleler barada habar bermäge gönükdirilen bir kiçeňräk gazete ýolbaşçylyk edýärdi.
Ol döwürlerde syýasy çäklere bilgeşleýin aralaşmaklyk özbek türmesine barýan ýoly gysgaldyp bilýärdi, hatda Sodikowanyň hem-de onuň kärdeşleriniň seresaplylyk bilen berýän habarlary wagtal-wagtal hyjuwly döwlet senzurasynyň ünsüni özüne çekip bilýärdi.
2020-nji ýylyň maý aýynda, Sardoba suw bekedi opurylan gabatlary Sodikowa döwlet media serişdeleriniň birinde işleýärdi. Suw bekediniň opurylmagy Mirziýoýewiň häkimiýet başyna gelmeginden soňra bolup geçen ilkinji iri betbagtçylyk bolupdy.
Sodikowa bu wakadan iň köp ejir çeken sebitlere baranda ýerli ýaşaýjylaryň ähli zat gowy diýip, özleriniň hiç hili zyýan çekmändiklerini nygtaýyşlaryny görüp, geň galdy.
Seredip otursa, munuň bir sebäbi bar eken: häkimlik resmileri ýerli ýaşaýjylara metbugatda şikaýat beýan etmezligi tabşyrypdyrlar.
Mirziýoýewiň hut özi edil şeýle hereketleri ýazgaryp çykyş edýärdi, muňa derek, ol žurnalistleri we bloggerleri döwlet gullukçylarynyň ‘kemçilikleriniň üstüni açmaga’ höweslendirýärdi.
Ýöne Sodikowa maglumatyň bassyr-ýussur edilmäge synanyşylmagy barada feýsbukda maglumat paýlaşanda, ol dessine işden boşadyldy.
Onuň redaktor hökmünde esaslandyran “Rost 24” atly köplenç korrupsiýa habarlaryna gönükdirilen žurnalistik tagallasynyň ömri hem gysga boldy.
Sodikowanyň Lillise gürrüň bermegine görä, ol 2022-nji ýylda “Rost” neşirini esaslandyrandan soňra, ‘basyşlar we şantažlar’ sebäpli öz açan biznesinden kowlupdyr.
Bu 2023-nji ýylda bolup geçipdir. Şol gabatlar resmiler Mirziýoýewiň 2037-nji ýyla çenli häkimiýetde galmagyna ýol açan konstitusion üýtgetmeler boýunça sala-salyşlyklara taýýarlyk görýärdi.
Sodikowa kitabyň söz azatlygyna bagyşlanan bölüminde adyny ýaşyrman, açyk gürrüňdeş bolan söhbedeş hökmünde saýlanyp dur.
Lillisiň gürrüňdeş bolan beýleki žurnalistleri we bloggerleri, görnüşinden, ýa adyny gizläpdir, ýa-da ýapyk gürleşipdir. Ady agzalmaýan bir blogger kafede geçirilen gizlin gürrüňdeşlikde Mirziýoýewiň irki ýyllarda dillendiren “erkinlik howasynyň” soňlugy bilen “geljek zamana syýahat edip başlandygyny” aýdýar.
Yslam babatynda 'paranoýa'
Karimow döwründen galan syýasy tussaglaryň boşadylyp başlanmagy bilen, Mirziýoýewiň ilkinji ýylynda, soňky ýigrimi ýylyň dowamynda ilkinji gezek, 2018-nji ýylda gözegengiň aňyrsynda žurnalist galmandy, ýöne 2021-nji ýylda Otabek Sattoriýniň 6,5 möhlet bilen türme tussaglygyna höküm edilmegi ýurtda başgaça bir meýliň başlangyjy boldy.
Şondan soňra, tussag etmelere arakesme berilmedi, kabul edilen bir topar repressiw kanunlar – meselem, prezidente dil ýetirmegiň jenaýatçylyk hasaplanmagy – media gurşawyny has-da bogup başlady.
Lillisiň kitaby Karimow döwründen soňky Özbegistan barada maglumat berýän iňlis dilli ilkinji kitap bolar.
Bu ugurda ýazylan “Nowy Özbegistan” (polýak dilinden terjime edilende Täze Özbegistan) atly beýleki bir kitap 2023-nji ýylda Warşawada çap edildi.
Bu kitabyň awtory Agnieszka Pikuliçka – Wilçewska (Agnieszka Pikulicka-Wilczewska) 2021-nji ýylda Özbegistana girmäge rugsat berilmedi. Ol ondan ozal birnäçe ýyl bäri bu ýurtda ýaşap gelýärdi.
“The Economist” neşiriniň habarçysy bolan Lillis 2019-2023-nji ýyllar aralygynda Özbegistandan akkreditasiýa aldy, ýöne onuň akkreditasiýasynyň möhleti, täzelemek üçin beren ýüz tutmalaryna garamazdan, şondan bäri uzaldylmaýar.
“Ýüpek salgymy” onuň sebit barada ýazan “Garaňky kölegeler: Gazagystanyň syrly dünýäsiniň iç ýüzi” atly kitabyndan soňra çap eden ikinji kitabydyr.
Gazagystan hem awtoritar ýurt, ýöne bu ýurtda adatça Günbatar hukuk toparlarynyň ýyllyk hasabatlarynda, hatda Mirziýoýewiň ‘maýlamasyndan’ soňra hem, Özbegistandan daşda orun eýeläp gelýär.
Nebite baý ýurtda 2005-nji ýyldan bäri ýaşap gelýän Lillis bu iki ýurduň arasyndaky ara tapawudyň, esasan, bu ýurtlary esaslandyran iki prezidentiň ara tapawutlaryndan uç alýandygyny aýdýar.
Karimow tebigy taýdan “ötgür” adamdy we daşarky täsirlere duşmançylyk besleýärdi, ýöne 2019-njy ýyla çenli Gazagystanyň prezidenti bolan Nursultan Nazarbaýew “has batyr we belli bir derejede daşarky dünýä açyk adamdy” diýip, Lillis aýdýar we onuň irki ýyllarda halkara ykarnama gazanmak üçin, käbir syýasy oppozisiýa çydamlylyk görkezendigini sözüniň üstüne goşýar.
Iki ýurduň arasyndaky beýleki bir möhüm tapawut bolsa, yslam dininiň Özbegistanda jemgyýetde has ulurak rol oýnamagy bolup durýar. Garaşsyzlygyň irki ýyllarynda hökümet käbir ekstremist toparlar tarapyndan döredilen kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz boldy. Bu bolsa, “Karimowyň öz häkimiýetine abanýan wehimler babatyndaky paranoýasyny öjükdirdi” diýip, Lillis Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda aýtdy.
Mirziýoýew bu babatda hem geçmişde üznüksiz alnyp barlan basyp ýatyrmalar boýunça arakesme wada berdi. Onuň häkimiýetiniň ilkinji ýyllarynda öňe çykan ýüzlerçe bloggeriň käbirleri din taýdan konserwatiw bloggerler bolupdy.
Olar dürli-dürli netijeler bilen ýüzbe-ýüz boldy.
Olaryň käbirleri liberal garaýyşlary tankytlap, döwletiň goldawynda meşhurlyk gazandy, beýlekiler bolsa, özleriniň dünýewi kärdeşleri ýaly döwletiň jezandyrmalary bilen ýüzbe-ýüz boldy.
Lillis Özbegistanyň käbir ugurlarda yza tesmeginiň bolup biläýjek zat bolandygyny aýdýar, sebäbi ‘hakyky söz azatlygyna ýol açyp biljek gurşawy ileri sürmeklik, awtoritar liderleriň dünýägaraýyşlaryna görä, režime wehim abandyrýar”
Şol bir wagtda, žurnalist Karimowdan soňky Özbegistanda bolup geçen “oňyn özgerişleri” hem-de ilkinji prezidentiň agyr mirasyny dokumentleşdiren kitabynyň bu ýurda “reformalara ygrarly galmagyň – örän agyr-da bolsa – näme sebäpden ähmiýetli bolandygyny ýatladyp durjakdygyna” umyt bildirýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum