ABŞ-nyň Ukrainadaky ilçisi, Russiýanyň asuda ilatly sebitlere eden ganly raketa hüjümlerinden soň, Ukrain halky bilen “raýdaşlygyny” beýan etdi. Bu çykyş, prezident Wolodimir Zelenskiniň Waşingtonyň “gowşak” reaksiýasyny tankytlamagyndan bir gün soň boldy.
“Krywyý Rih şäherine edilen raketa hüjüminde 20 adam, şol sanda 9 çaga heläk boldy. Bu milli ýas gününde biz ukrain halky bilen raýdaşlygymyzy beýan edýäris. Heläk bolanlaryň we ýaralananlaryň maşgalalaryna çuňňur gynanç bildirýäris” diýip, ilçi Brijit Brink (Bridget Brink) 6-njy aprelde“X” sosial ulgamynda ýazdy.
Şol bir wagtyň özünde, Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron Russiýanyň ýaşaýyş sebitlerine edýän hüjümlerini dowam etdirýändigi sebäpli, Moskwa garşy “güýçli çäreleriň” görülmelidigini aýtdy.
“Ukraina prezident Donald Trampyň ok atyşyklary 30 günlük şertsiz bes etmek teklibini bir aý ozal töweregi kabul etdi. Biz ähli hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde parahatçylygy gazanmaga çalyşýarys. Ýöne Russiýa urşuny güýçli depginde dowam etdirýär we asuda ilata parh goýmaýar” diýip, Makron X ulgamynda ýazdy.
“Bu rus hüjümleri derrew bes edilmeli. Ot atyşyklary bes etmek ylalaşygy mümkin boldugyça çalt gazanylmaly. Eger-de Russiýa gepleşikleri yza çekmegi dowam etdirse, güýçli çäreler görülmelidir” diýip, ol aýtdy.
Zelenski 5-nji aprelde eden çykyşynda, ABŞ-nyň Krywyý Rih şäherindäki çagalaryň ölümi bilen gutaran hüjümden soň beren beýanatynyň “geň galdyryjy derejede gowşak bolandygyny” aýtdy.
Brink hüjümiň azyndan 74 adamyň ýaralanmagyna hem sebäp bolandygyny aýdyp, bu urşyň soňlamalydygyny belläpdi. Emma Zelenski bu beýanatda Russiýanyň adynyň göni agzalmandygyna ünsi çekip, bu ýagdaýyň ozalky çykyşlardan düýpgöter tapawutlanýandygyny aýtdy.
“Beýle güýçli ýurt, şeýle güýçli halk – ýöne şeýle gowşak reaksiýa. Bu, hakykatdanam, geň galdyryjy we gynandyryjy” diýip, Zelenski aýtdy.
Bu aralykda Russiýanyň güýçleri Ukrainanyň şäherlerini nyşana almagyny dowam etdirýär.
Kiýew häkimiýetleriniň maglumatyna görä, Russiýanyň atan raketasy şäheriň senagat etrabyna düşüp, bir adamy öldürdi we azyndan üç adamy ýaralady. Ammar we beýleki gurluşyklara zeper ýetdi.
Ukrainanyň harby ýolbaşçylary Russiýanyň ýurduň dürli sebitlerine 20-den gowrak raketa we 100-den gowrak dron iberendiklerini aýtdylar. Olaryň takmynan ýarysy ýok edildi diýip, resmiler aýtdy.
Russiýanyň Goranmak ministrligi Ukrainanyň bolsa, Russiýa tarap 11 dron atandygyny aýtdy.
Fewralda ABŞ, Ukraina we Russiýa ok atyşlygy çäkli ýagdaýda togtatmak ylalaşygynyň yglan edilen çarçuwasynyň çäginde energetika infrastrukturalaryna garşy zarbalaryň togtadylýandygyny yglan etdiler.
Emma şondan bäri Russiýanyň we Ukrainanyň güýçleri tas her gije diýen ýaly, birek-biregine dron we raketa atmagyny dowam etdirdiler.
Zelenski soňky bir hepdäniň dowamynda, Russiýanyň 1 müň 460-dan gowrak dolandyyrlýan howa bombany, 670 hüjüm dronuny we 30-dan gowrak raketa atandygyny aýtdy.
4-nji aprelde, 603 müň ilatly Krywyý Rih şäherine edilen hüjümde 20 adam, şol sanda 10 çaga öldi. 6-njy aprelde ýurtda resmi ýas güni yglan edildi.
Moskwa bu hüjümiň harby ýygnanyşygy nyşana alandygyny aýtdy. Emma Azatlyk Radiosynyň derňew bölümi “Systema” tarapyndan jemlenen şaýatlaryň gürrüňleri we açyk çeşmelerdäki maglumatlar, hüjümiň doglan gün dabarasy we gözellik pudagy boýunça forum geçirilen restorana urlandygyny görkezdi.
Forum