Türkmenistanda Bütindünýä saglyk güni bellenýär. Adatdakysy ýaly uly dabaralar bilen tapawutlanýan bu sene şu ýyl ilat üçin goşmaça mejburlyga öwrüldi, ýurduň dürli künjeklerinde müňlerçe student we býujetçi köpçülikleýin çärelere çekilýär, jemagat gulluklary düýpli arassaçylyk işlerini alyp barýar.
7-nji aprelde türkmen häkimiýetleri paýtagtda we ýurduň beýleki şäherlerinde köpçülikleýin tigirli ýöriş bilen Saglyk gününi belleýärler. Döwlet edaralarynda işgärler işiň arasynda guramaçylykly görnüşde fiziki maşklary berjaý edýärler. Bu çäreler döwlet telewideniýesinde görkezilýär.
Aşgabatda şu ýylky çärelere ilatyň dürli gatlaklary, şol sanda mekdepleriň 12-nji synp okuwçylary gatnaşdyrylýar, diýip, Azatlygyň paýtagtdaky habarçysy adýar.
Onuň sözlerine görä, paýtagt häkimiýetleri çärelere öňünden taýýarlyk görüpdir. Tigirli ýörişiň geçýän esasy ýeri Bitarap Türkmenistan köçesini "el bilen sabynlap ýuwmak" we tämizlemek üçin şenbe gününden bäri ýapyk bolupdyr.
"Prezidentiň tigirli geçjek ýolyny şampun bilen ýuwup, süpürmek, ýoly yşyklandyrýan çyra sütünlerini söküp, arassalamak boýunça işler geçirilýär. Güýç gulluklarynyň işgärleri bolsa, olaryň içine partlaýjy serişdeleriniň goýulmandygyny anyklamak üçin, täzeden barlaýar" diýip, aşgabatly çeşmeleriň biri gürrüň berdi.
Taýýarlyk işlerinden habarly çeşmeleriň Azatlyga anonimlik şertinde gürrüň bermegine görä, prezidentiň gatnaşmagyndaky bir sagatlyk köpçülikleýin bu tigirli gezelenç üçin ýoluň arassaçylygyny we howpsuzlygyny berjaý etmek işlerine müňlerçe adam gije-gündiziň dowamynda zähmet çekipdir.
"Işgärlere 3-4 sagatdan köp ýatmak mümkinçiligi berilmedi, olar ukusyny alyp bilmän, saglygyny ýitirýärler" diýip, çeşme belleýär. Onuň sözlerine görä, bu işlere gatnaşdyrylan adamlar 12-18 sagatlap zähmet çekmeli bolupdyr.
Aşgabadyň ýokary okuw jaýlarynyň we ýöriteleşdirilen hünär mekdepleriniň studentleriniň bir bölegi saglyk güni köpçülikleýin çärelere çekilen bolsa, başgalary taýýarlyklara, şol sanda öňünden geçirlen arassaçylyk işlerine çekilipdir.
"Şenbe güni ýene-de ähli studentleri öýlän çägi Arkadag şäheriniň daş töwereginde ekilen baglaryň düýbüni pil bilen depip, agdarmak, otyny otamak üçin mugt iş güýji hökmünde ulandylar. Olara nägileligini bildirmezligi we bu barada hiç ýerde gürlemezligi tabşyrdylar" diýip, arkadagly çeşme gürrüň berdi.
Lebapda ýöriş geçirildi
Bütindünýä saglyk güni mynasybetli ýörite çärelere lebaply býujetçiler we studentler gatnaşdy.
Köpçülikleýin çäreleriň ençemesi 2-nji we 4-nji aprel aralygynda geçirilip, olara ýerli häkimiýetleriň görkezmesi bilen dürli döwlet edaralarynyň işgärleri, ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň studentleri we orta mekdepleriň 12-nji synp okuwçylary gatnaşdyrylypdyr.
Azatlyk Radiosynyň Lebapdaky habarçysynyň maglumatlaryna görä, ýörişler Saýat etrabyndan başlap, Türkmenabat şäherindäki “Ak Öýe” çenli dowam edipdir. Çärä gatnaşan bir býujet işgäri mejbury ýörişiň irden sagat 7:00-da başlanandygyny, öýlän 15:00-a çenli dowam edendigini gürrüň berdi.
TW üçin sahnalaşdyrylan çäre
Ýerli çeşmeleriň aýtmagyna görä, Bütindünýä Saglyk Gününi dabaralandyrmak boýunça öňünden geçirilen bu çäreler hökümetçi metbugatda we sosial ulgamlarda görkezmek üçin sahnalaşdyrylypdyr.
Şäher häkimligindäki bir çeşme ýörişleriň wideo şekilleri Lebap welaýat telewideniýesinde görkezmek hem-de ýurduň döwletçi habar beriş serişdeleri üçin ýörite düşürildi diýdi.
"Biz bu ýörişe gatnaşmasak, işden çykarylyp bileris. Her ýyl şular ýaly çäreler geçirilýär, adyna bolsa saglyk güni diýilýär, ýöne netijede saglygymyz has hem ýaramazlaşýar" diýip, çärä gatnaşan bir mugallym aýtdy.
Türkmenabatda 7-nji aprelde hem ýöriş geçirildi. Munuň geçjek ýeri Türkmenabat şäheriniň esasy köçelerinden biri bolan Bitarap Türkmenistan köçesi 6-njy aprelde ýapyldy. 7-nji aprelde daňdan sagat 7:00-de başlanan ýöriş Farap etrabyndan Türkmenabatdaky “Ak Öýe” çenli dowam etdi. Oňa Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet uniwersitetiniň studentleri mejbury gatnaşdyryldy.
Ýokary okuw jaýyndaky çeşmäniň habar bermegine görä, ýörişe gatnaşmaly bolan studentler öz oýlerinde ýaşaýandyklaryna garamazdan, ýörite ýagdaýda ýokary okuw jaýynyň umumy ýaşaýyş jaýlaryna baryp, ýatmaly bolupdyr.
"Biz öýümize gitjek bolduk, ýöne fakultetden aýtdylar: ‘Ýatakhana gelip ýatyň, ertir irden ýörişe gidýärsiňiz’. Gitmesek-de bolmaz, soňra okuw bilen baglanyşykly kynçylyk bolup biler" diýip, adyny aýtmakdan saklanan bir student gürrüň berdi.
Türkmenabadyň ýaşaýjylary mejbury çärelerden bizar bolandyklaryny aýtdylar.
"Bu çäreleriň saglyk bilen hiç hili dahyly ýok. Irden 7-de ýol bilen ýöremek, yssyda ýüzlerçe kilometr ýol geçmek, suwsuz, iýmitlenmän — bu nädip saglyk güni bolýar?" diýip, ýaş mugallym nägilelik bilen gürrüň berdi.
Saglyk güni sebäpli Türkmenabadyň bazary ýapyldy.
Şäheriň ilaty üçin esasy azyk üpjünçilik nokatlarynyň biri hasaplanýan Türkmenabat şäherindäki gök bazar hem ýöriş geçiriljek güni “sanitar arassalaýyş güni” diýip görkezme bilen wagtlaýyn ýapyldy. Emma ýerli ýaşaýjylaryň pikiriçe, bazaryň ýapylmagynyň esasy sebäbi şäheriň merkezi ýerlerinden ilaty uzak saklamak we ýörişiň “tertipli” geçirilmegini üpjün etmek bilen baglanyşykly bolup biler.
Azatlyk bilen gürrüňdeş bolan türkmenistanlylar häkimiýetleriň yzly-yzyna geçirýän köpçülikleýin çäreleriniň, şol sanda Saglyk güni mynasybetli ýörişleriň diňe döwlet syýasatyny mahabatlandyrmak üçin ulanylýandygyny, onuň adamlara basyş bolup, ilatyň saglygyna erbet täsir ýetirýändigini aýdýarlar.
"Adam hukuklaryny bozmakda ýazgarylýan Türkmenistan mejbury çäreler bilen raýatlaryň azatlyklaryny depeleýär" diýip, çeşmeleriň biri hökümetiň Bütindünýä Saglyk gününiň manysyny ýoýýandygyny belledi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum