Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mekdeplerde okuwçylardan abatlaýyş işleri üçin pul toplanýar, synag soraglary satuwa çykarylýar


Illýustrasiýa suraty. Arhiwden alyndy.
Illýustrasiýa suraty. Arhiwden alyndy.

Şu günler Mary welaýatynyň mekdeplerinde abatlaýyş işlerine niýetläp, şäher ýerlerinde her okuwçydan 100 manatdan, oba mekdeplerinde 50 manatdan pul toplanýar. Bu aralykda, okuw ýyly ahyrlaýan mahaly, mekdeplerde synag soraglarynyň jogaplary 50 manatdan satuwa çykarylýar. Bular barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 15-nji maýda sebitden maglumat berdi.

“Mekdeplerde her ýylda ene-atalardan pul çöplenýär. Synp otaglary üýtgeşik abatlanmaýar. Oturgyçlar, partalar döwük, käbir okuwçylara klaslarda orun tapylmaýar. Köne mekdeplerdäki SSSR döwründen galan penjireler, gapylar, ýyladyş ulgamlary asla çalşyrylmaýar. Çöplenýän pullary näme edýärler, belli däl!” diýip, maryly ene-atalar aýdýarlar.

Täze gurlup ulanylmaga berilýän mekdeplerde hem abatlaýyş işleri üçin okuwçylardan pul toplanýar. Ene-atalar täze mekdepleriň remonta mätäç däldigini belleýärler.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan bir mugallyma çöplenýän pullaryň belli bir möçberiniň mekdep müdirine geçirilýändigini gürrüň berýär. Mekdep müdirleri özlerine berilýän pullaryň mekdepleriň daş-töweregini abatlamaga gönükdirilýändigini aýdýarlar.

Türkmenistanyň orta mekdeplerinde her ýylda mekdepleriň remont işleri üçin okuwçylardan pul serişdeleri ýygnalyp alynýar. Bu tejribe bir döwür, 2022-nji ýylyň maýynda Aşgabadyň mekdeplerinde bes edildi. Ýöne sebitlerde bu çäreler arakesmesiz dowam etdi.

Pul bermekden ýüz öwürýän ene-atalaryň çagalary pes bahalar bilen jezalandyrylýar. Olar mugallymlar tarapyndan ýazgarylýar.

Barlykly hojalyklardan 200 manatdan 500 manda çenli pul kömekleri soralýar. Bu tölegleriň öwezine olaryň çagalarynyň çärýeklik bahalarynyň ýokarlandyryljakdygy wada berilýär.

Ýerli hünärmenler ýaş nesilleriň eýýäm bilim ojaklarynda para, pula öwrenişdirilýändigini, pul bilen çözgüt tapmagyň ýaş ösdürimleriň aňyna siňdirilýändigini, şeýlelikde mekdepleriň ‘galplyk ojagyna’, jogapkärçiliksiz nesilleriň ösüp ýetişýän mesgenine öwrülendigini aýdýarlar.

Marynyň mekdeplerinde okuwçylardan ýygnalýan pullar diňe abatlaýyş işleri bilen çäklenmeýär. Azatlyk Radiosynyň habarçylary mekdeplerde synag soraglarynyň okuwçylara satylýandygyny habar berýärler.

“Synaglaryň soraglary jogaplary bilen bilelikde 50 manatdan satylýar. Şpargalkalar mekdep administrasiýalary tarapyndan satylýar. Bu şpargalkalary satyn alan okuwçylar synag wagtynda jogaplary kagyza göçürýärler” diýip, bir maryly ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Türkmenistanyň orta mekdeplerinde başlangyç we esasy orta bilim programmalaryny tamamlaýan okuwçylar sepgit synaglaryny tabşyrýarlar. Bu synaglary üstünlikli tabşyran okuwçylar bilimiň indi basgançagyna geçip bilýärler.

“Synaglar 4-nji klasdan başlanýar we soňky klaslara çenli dowam edýär” diýip, bir magaryf işgäri Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Orta mekdebi tamamlan okuwçylar jemleýji döwlet synaglaryny tabşyrmaly bolýarlar. Bu synaglarda üstünlik gazanan okuwçylara umumy orta bilim hakynda şahadatnamalar, attestatlar gowşurylýar.

Ýöne ýaşaýjylar okuw ýylynyň soňky hepdelerini baha düzediş möwsümi atlandyrýarlar we, hususan-da, çagalaryny ýokary okuw jaýlaryna ýerleşdirmek isleýän ene-atalar mekdeplere para, pul berip gowy bahaly gutardyş şahadatnamalaryny almaga çalyşýarlar.

Orta mekdepdäki para, pul ýokary okuw mekdeplerinde hem dowam etdirilýär. Şeýlelikde, ähli sepgitleriň para, pul bilen aşylmagyna, sowatsyzlygyň rowaç almagyna şert döredilýär.

Azatlyk Radiosy Marynyň orta mekdeplerinde abatlaýyş işlerine niýetläp, okuwçylardan pul toplanylmagy barada, şeýle-de synag soraglarynyň jogaplary bilen bilelikde satuwa çykarylmagy barada welaýat bilim müdirliginden teswir alyp bilmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG