Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maýyl howada pyntyklan miweli baglaryň sowuk howada ösüşden galmagyndan gorkulýar


Illýustrasiýa suraty. Türkmenistan.
Illýustrasiýa suraty. Türkmenistan.

Şu günler Balkan welaýatynda maýyl howa dowam edýär. Ýöne öňümizdäki günlerde howanyň birden sowamagyna garaşylýar. Bagbançylyk hojalyklary howanyň sowamagy zerarly, pyntyklan miweli baglaryň ösüşiniň kesilmeginden, sowuk urmagyndan gorkýarlar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 14-nji fewralda sebitden maglumat berdi.

Hususan-da, Magtymguly we Bereket etraplarynyň ýaşaýjylary miweli baglaryň ösüşden galmagyndan gorkýarlar.

“Adamlar pyntyklan miweli agaçlaryň, sowuk sebäpli, ösüşiniň kesilip, sowuk urmagyndan gorkýarlar. Olar baglaryň hasyllylygynyň öňümizdäki hasyl möwsüminde pese gaçmagyndan alada galýarlar” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy bagbanlary sitirleýär.

Türkmenistanyň döwlet telewideniýesiniň “Watan” habarlar gepleşigi Balkan welaýatynda 14-nji fewralda gündiz 26 gradusa çenli maýyl howanyň bolmagyna garaşylýandygyny habar berdi, gije howanyň temperaturasy 11 gradusa çenli peselýär.

Ýöne howa maglumatlaryny çap edýän internet neşirleri öňümizdäki günlerde, 16-njy fewraldan başlap, sebitde howanyň sowamagyna garaşylýandygyny habar berýärler. Gidrometeorologiýa maglumatlaryna görä, günbatar welaýatyň käbir sebitlerinde anna güni howanyň temperaturasy gündiz 10 gradus, gije -4 gradus bolar. Ertesi güni, 17-nji fewralda bolsa howanyň temperaturasy gündiz -2 gradus, gije -5 gradus bolar. Hakyky duýuljak sowugyň temperaturasy -15 gradusa çenli peselýär. Bu ýagdaý, hususan-da, bagbançylyk hojalyklaryny alada goýýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary sebitde soňky wagtlarda howanyň temperaturasynyň käbir etraplarda +25...+30 gradusa çenli maýyl bolandygyny habar berýärler. Maýyl howa ir gülleýän miweli baglaryň möhletinden öň pyntyklamagyna getirdi.

“Adamlar hem, hamala, ýaz çykan ýaly ýeňil köýnekde gezip başlady. Ýene iki günden Türkmenistana aralaşmagyna garaşylýan sowuk howa akymy, käşgi, daýhanlary we çopanlary kyn güne goýmasa bolardy” diýip, balkanly ýaşaýjylar aýdýarlar.

Ýerli neşirler öňümizdäki günlerde sebite aralaşmagyna garaşylýan sowuk howa akymy barada habar bermeýär.

“Döwlet metbugaty, gazet-žurnallar adamlara duýduryş bermeýär. Internet hem häzir her kime elýeterli däl, esasan-da, gumdaky çopan goşlarynda elýeterli däl” diýip, balkanly ýaşaýjy gürrüň berdi.

Türkmenistanyň iň selçeň ilatly Balkan welaýatynyň, hususan-da, dag eteklerindäki ilatly ýerlerinde miweçilik bilen meşgullanylýar. Toprak-howa şertlerine laýyklykda, Magtymguly we Etrek etraplarynda esasan nar, injir, hurma, zeýtun we hoz ekilýär.

Balkan welaýatynyň çürt-kesik kontinental klimaty bolup, howa şertleri sebitiň çäginde içki territorial aýratynlyklara eýe bolup bilýär. Meselem, Bereket we Serdar etraplarynda Garagum çölüniň täsiri sebäpli, tomsuna yssy, güýz aýlarynda gurak we bahar paslynda ygally howa bolýar. Bu sebitlerde gyş pasly adatça gysga bolýar. Balkan welaýatynyň günorta we günbatar sebitleriniň howa şertlerine Hazar deňzi uly täsir ýetirýär.

Türkmenistanda soňky ýyllarda adatdan daşary howa şertleri gaýtalanýar, howanyň birden sowap, birden maýlamagy, gündogar we günorta-gündogar sebitlerde gum sowrulyp, çäge syramagy ýaly howa hadysalary gaýtalanýar.

Durnuksyz howa şertleri, hususan-da, oba hojalyk pudagyna oňaýsyz täsir edýär.

Magtymguly we Bereket etraplarynda erik we ülje agaçlary ir pyntyklan bagbançylyk hojalyklary, garaşylýan sowuk howa akymy zerarly, öňümizdäki hasyl möwsüminde miweli baglarynyň hasyllylygynyň pes bolmagyndan alada galýarlar.

Magtymguly etrabynda genetiki serişdeler ylmy-önümçilik synag merkezi bolup, resmi maglumatlara görä, bu merkezde miweli agaçlaryň aýratynlyklary öwrenilýär. Döwlet metbugaty ozalky ýyllarda bu merkezde naryň, injiriň, zeýtunyň, gündogar hurmasynyň, üzümiň, badamyň, almanyň, armydyň, behiniň we beýleki miweli ösümlikleriň genofonynyň döredilendigini habar berdi.

Türkmen bagbanlary soňky ýyllarda banan, kofe ýaly ýerli toprak-howa şertlerine gabat gelmeýän miweli ösümliklerden we ir-iýmişlerden hem hasyl alyp başlady.

Azatlyk Radiosy Balkan welaýatynda garaşylýan sowuk howa akymy barada Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugyndan teswir alyp bilmedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG