Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maryda sowuk howada mekdebe ýuka geýimli we şypbykly gatnaýan çagalar köpelýär


Ýuka geýimli we şypbykly mekdebe gatnaýan çagalaryň arasynda sowukda üşäp, syrkaw alamatlary bilen keselleýänleri hem köpelýär. (Illýustrasiýa suraty)
Ýuka geýimli we şypbykly mekdebe gatnaýan çagalaryň arasynda sowukda üşäp, syrkaw alamatlary bilen keselleýänleri hem köpelýär. (Illýustrasiýa suraty)

Türkmenistanda dowam edýän ýiti ykdysady kynçylyklaryň ilata ýetirýän täsirleriniň netijeleri esasanam pes girdejili gatlagyň arasynda barha köp göze ilýär. Marynyň Türkmengala we Ýolöten etraplarynyň geňeşliklerinde gyşyň sowuk günlerinde mekdebe ýuka eginbaşly we şypbykly gatnaýan çagalar köpelýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 19-njy dekabrda sebitden maglumat berdi.

“Bu çagalaryň aglabasy başlangyç synplaryň okuwçylarydyr. Olar howanyň temperaturasy 6 gradusa çenli ýetýän şu günlerde irdenki nyzamda bir sagada golaý daşarda, sowukda üşäp, titreşip durýarlar. Olara nebsiň agyrýar” diýip, ýagdaýlara şaýat bolýan ýolötenli ýaşaýjy gürrüň berdi.

Ene-atalaryň birnäçesi anonim şertde habarçymyza beren maglumatynda munuň sebäbini gyşky aýakgaplary we eşikleri satyn almaga maliýe serişdeleriniň ýoklugy bilen düşündirdi.

“Biz täze okuw ýyly başlanda çagalarymyza aýakgap alyp berdik. Ýöne onuň arzanlygy we hiliniň pesligi sebäpli iki aýa ýetmänkä ýyrtyldy. Häzir täze aýakgap we galyň penjek satyn almaga ýagdaýymyz bolmansoň, çagalarymyza tapan tupanymyzy geýdirip, mekdebe ugratmaga mejbur bolýarys. Bize iýjek çöregimiz gaýgy. Sebäbi iş ýok, gazanç ýok” diýip, ýolötenli ene aýtdy.

Bu ýagdaý çagalaryň saglygyna hem ýaramaz täsir edýär. Şu günler olaryň arasynda burunlary akyp, üsgürýän, syrkaw alamatlary bolan çagalar köpelýär.

“Bu sowukda esasanam kiçi synp okuwçylary galyň penjek, içi tüýli ädik, gulagyny ýapyp duran küti şapka, galyň jorap geýmeli. Ýöne olar şypbykly, ýuka köýnekli we žempirli gelýärler. Olar sowuga döz gelip bilmän keselleýärler” diýip, türkmengalaly bir mugallym anonim şertde gürrüň berdi.

Ol mugallymlaryň üýşüp, özaralarynda pul toplap, çagalara aýakgap we ýyly geýim alyp bermekçi bolandygyny, ýöne olaryň sanynyň juda köpdügi zerarly, bu meýillerinden dänendigini hem belledi.

“Olaryň iki-üç sanysyna alyp berip, beýlekilerine alyp bermeseň, çagalary ala tutýan ýaly bolar diýdik. Mugallymlaryň aýlyklary hem azlygy zerarly, öz maşgalalaryny eklemäge zordan ýetýär” diýip, türkmengalaly mugallym aýtdy.

Azatlyk ýurduň iri gaz ýataklarynyň ýerleşýän sebitinde ilatyň, hususan-da, kiçi ýaşly çagalaryň ýüzbe-ýüz bolýan ýagdaýlary barada sebitiň häkimiýetlerinden kommentariý alyp bilmedi.

Bu maglumat, ýurtda dowam edýän ýiti ykdysady kynçylyklaryň we giň ýaýran işsizligiň arasynda, güzeran eklenji kynlaşýan maşgalalaryň barha köpelýän mahalyna gabat gelýär.

Şeýle-de, bu ýurtda harytlaryň we hyzmatlaryň ýygy-ýygydan gymmatlaýandygy, döwlet dükanlarynda azyk, bankomatlarda nagt ýetmezçiligi baradaky habarlar bilen utgaşýar.

Türkmen häkimiýetleri ykdysady kynçylyklar we onuň ilata ýetirýän täsirleri barada hiç zat aýtman gelýärler. Ýöne olar “ýaş nesliň ýurduň geljegidigini we olaryň sagdyn kemala gelmegi üçin ähli zerur işleriň edilýändigini” ýygy-ýygydan tekrarlaýarlar.

Resmi media öňki prezident, häzir Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyny göterýän haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlyga mätäç çagalara hemaýat berýändigini wagtal-wagtal habar berýär.

8-nji dekabrda geçirilen hökümet maslahatynda bu gaznanyň serişdeleriniň hasabyna näsag çagalara operasiýalaryň we bejergileriň geçirilendigi mälim edildi.

Ýöne türkmengalaly we ýolötenli ýaşaýjylar bu gazna çagalara egin-eşikleriň, aýakgaplaryň we okuw esbaplarynyň kömek berilmegi barada ýazylýan arzalaryň jogapsyz galýandygyny aýdýarlar.

“Häkimiýetler hakyky gözüňe dürtülip duran problemalary, çagalaryň ýeter-ýetmezçilikdäki kynçylyklaryny görmezlige salýarlar” diýip, ýolötenli mugallym anonim şertde belledi.

Azatlygyň bu barada agzalýan gaznadan kommentariý almak synanyşyklary oňyn netije bermedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG