Geçen gepleşigimizde Halkara pul gaznasynyň Türkmenistanyň ykdysadyýetine berýän bahasy bilen türkmen hökümetiniň bu ugurda hödürleýän resmi sanlarynyň arasyndaky çaprazlyklara syn etdik.
Halkara maliýe guramasy oktýabr aýynda çap eden hasabatynda Türkmenistanyň Jemi içerki önüminiň ösüş depginini 2023-nji ýyl üçin 2,5 göterim hökmünde çaklady, türkmen hökümeti bu sany birnäçe ýyl bäri 6,2 göterim töwereginde tas üýtgewsiz saklap gelýär.
Biraz öň, Guramanyň hünärmenleri sentýabryň ahyrynda türkmen statistikasynyň kemçilikleri boýunça aýrybaşga ylmy-gözleg işleriniň netijelerini çap etdi. Bu hasabat näme sebäpden Türkmenistanyň hödürleýän ösüş sanlarynyň ygtybarsyzdygyny seljerýär.
Beýleki bir iri halkara maliýe guramasy, Bütindünýä banky oktýabryň başlarynda Ýewropa we Merkezi Aziýa sebitlerindäki maliýe-ykdysady ýagdaýlar boýunça çap eden nobatdaky hasabatynda ýene bir gezek türkmen ykdysadyýet boýunça ygtybarly sanlaryň ýoklugy sebäpli, bu ýurdy hasabata goşmaýandygyny mälim etdi.
Şeýlelikde, iň iri halkara maliýe guramalarynyň ikisi-de Türkmenistanyň hödürleýän resmi ösüş sanlaryny sorag astyna almaga esas berýän hasabatlary çap etdi.
Halkara maliýe guramalary bilen ýakyn hyzmatdaşlygy nazarlaýandygyny öňe sürýän türkmen hökümeti öz resmi sanlary boýunça bildirilýän ikirjiňlenmelere reaksiýa görkezmeýär.
Berk döwlet gözegçiligindäki köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we elektron neşirler tas biragyzdan ýurduň ykdysadyýetiniň okgunly ösýändigini, ilatyň bolelin durmuşda ýaşaýandygyny gaýtalaýar.
Halkara pul gaznasy Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ösüş depginine türkmen hökümetiniň berýän bahasyndan pes baha berýär. Biz geçen gepleşigimizde bu çaprazlyklara syn etdik, nobatdaky gepleşigimiz Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçylarynyň toplan maglumatlarynyň esasynda azyk howpsuzlygynyň ýagdaýyna we bazarlardaky bahalara nazar aýlaýar.
Maliýe-ykdysady kynçylyklar
Türkmenistan indi ençeme ýyl bäri maliýe-ykdysady krizisden ejir çekýär. Ykdysady krizis wagtal-wagtal sosial krizise ýol açýar, käbir raýatlar seýrek hem bolsa azyk paýlary boýunça wagtal-wagtal öz nägileliklerini beýan edýärler. Muňa garamazdan, ýurtda syýasy durnuklylyk saklanyp galýar.
Türkmen hökümeti köplenç “çişirilen” sanlary ýurduň ykdysady kuwwatyna subutnama hökmünde hödürleýär. Döwlet mediasy paýtagtda we sebitlerde bina edilýän belent-belent binalary, ak mermerler we ýaşyl ýapyrgyçlar bilen bezelen ymaratlary ösüşlere beslenýän ýurtda höküm sürýän bagtyýarlyga delil edip görkezýär.
Döwlet telewideniýesinde görkezilýän bazarlardaky harytlaryň köpdürliligi we bol tekjeler, hamala, ýurtda azyk howpsuzlygynyň üpjünçiligine güwä geçýär. Ýöne bu ýerde bir mesele bar – pul. Işsizlik.
Bazarlarda dowam edýän gymmatçylygyň arasynda azyk harytlaryny, gök-bakjadyr, miweleri, ir-iýmişleri, şeker-şerbeti satyn almak üçin pul gerek. Pul tapmak üçin iş gerek. Iş bolmasa pul ýok, pul bolmasa çörek ýok.
Döwlet öz ilatyna ynsan mertebesine mahsus ýaşaýyş şertlerine eýe bolmaga, erkin ýaşamaga, işlemäge, önüm öndürmäge we gazanmaga mümkinçilik döretmegi öz üstüne alýar. Ýöne Türkmenistanyň şertlerinde sada halk döwletiň resurslaryndan doly peýdalanyp bilmeýär.
Belent-belent ymaratlar, bol tekjeli bazarlar, kaşaň-kaşaň dynç alyş merkezleri, paýtagtyň oklaw ýaly köçeleri we aýna ýaly tekiz şaýollary diňe “bagty çüwen azlyga” we “olar bilen ilteşikli adamlara”, şeýle-de, häkimiýetleriň ganatynyň astyndaky "saýlananlara" hyzmat edýär. Ykdysady ýagdaýy pes hojalyklar, sesi sem edilen köplük döwlet dükanlarynda çäkli möçberlerde ilata paýlanýan azyk paýlaryna mätäç galýar diýip, tankytçylar aýdýar
“Biziň etrabymyzda ilatyň 85-90 göterimi döwlet dükanlaryndaky ýeňillikli azyk paýlaryna garaşly galýar” diýip, bir sebit ýaşaýjysy ýaňy-ýakynda Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.
Çäkli möçberlerde satylýan un we ýag ýaly ýeňillikli azyk paýlarynyň bahalary ilatyň girdejilerine gabat gelýär. Ýöne bazar bahalary ilatyň agramly böleginiň aýlyk girdejilerine kybap gelmeýär.
Un
Lebabyň bazarlarynda ýokary hilli ýerli unuň bir kilogramynyň bahasy 8 manat, Russiýada we Gazagystanda öndürilen unlaryň kilesi 11-13 manat aralygynda bahalanýar. Şeýlelikde, 50 kilogramlyk bir halta ýokary hilli ýerli unuň bahasy 400 manat bolýar. Rus we gazak unlarynyň haltasy 550-650 manat bolýar.
Azatlyk Radiosynyň arhiwlerine salgylanyp, deňeşdirip görsek, 5 ýyl mundan ozal Lebap welaýatynyň merkezinde 50 kilogramlyk unuň bir haltasy 80-100 manat aralygynda bahalanýardy. Bu bolsa, unuň bahasynyň sebitde 4-5 esse gymmatlandygyny aňladýar. Has irki döwürler bilen, on ýyldan gowrak ozalky bahalar bilen deňeşdirsek, gymmatçylygyň gerimini göz öňüne-de getirmek kynlaşýar. Lebapda bölek satuwda 2012-nji ýylda ýokary hilli ýerli unuň bir kilogramynyň bahasy 90 teňňeden bahalanýardy, häzir 8 manat. Häzirki wagtda unuň bahasy bäş ýyl öňki bahalar bilen deňeşdirilende 300 göterim, 10 ýyl öňki bahalar bilen deňeşdirilende 750-800 göterim töweregi gymmatlapdyr. Ýurtda zähmet haklary her ýyl 10 göterim göterilýär, on ýylda aýlyk haklary 100 göterim ýokarlanan hem bolsa, bu ýokarlanyş bahalardaky gymmatlaýyş bilen bäsleşip bilmeýär. On ýylda 100 göterim ýokarlanan aýlyk haklary degişli döwürde 800 göterim gymmatlan unuň bahasy bilen bäsleşmekden ejiz gelýär.
Şu günler Balkan welaýatynda hem ýerli unuň bir kilogramy 8 manatdan bahalanýar. Gazagystanda öndürilen unuň bir kilogramy 11 manat. Russiýada öndürilen unuň bir kilogramy bu sebitde 16 manatdan başlanýar.
Ýag
Günebakar ýagynyň bir litri gündogar sebitde, hiline görä, 19-30 manat aralygynda bahalanýar. Pagta ýagynyň bir litri 18 manat, “Ahal” ösümlik ýagynyň 1 litri 30 manat.
Günbatar sebitde günebakar ýagynyň bir litri 26 manat, iň ýokary hilli günebakar ýagynyň bahasy 60 manada çenli çykýar.
2021-nji ýylda türkmen metbugaty ösümlik ýagynyň daşary ýurtlardan import edilýän iň esasy harytlaryň hatarynda galýandygyny habar berdi. 2020-nji ýylyň dowamynda daşary ýurtlardan import edilen günebakar ýagynyň agramly böleginiň, takmynan 88,4 göteriminiň Russiýa Federasiýasyndan satyn alnandygy mälim boldy. Bu ugurda 2021 we 2022-nji ýyllar üçin maglumatlar elýeterli däl. Ýöne hökümete ýakyn neşirler soňky ýyllarda ösümlik ýagyny öndürýän ýerli kärhanalaryň sanynyň artýandygyny habar berýärler. Iki ýyl töweregi mundan ozal, paýtagtyň Bagtyýarlyk etrabynda bir ýylda 7 müň tonna töweregi günebakar ýagyny öndürmäge ukyply bolan ýerli önümçilik kärhanasy işe girizildi.
Türkmen metbugatyna görä, 2022-nji ýylda ýurduň çäginde pagta çigdinden ýag öndürýän ýedi kärhana işe girizildi.
Muňa garamazdan, bazar tekjelerinde satuwa çykarylýan ösümlik ýaglary sada halk üçin gymmat bahalardan satylýar.
Türkmen hökümeti ýurtda importyň ornuny tutýan önümçilik syýasatynyň durmuşa geçirilýändigini, daşary ýurt önümlerine garaşlylygy azaldyp, ýerli önümçiligiň artdyrylmagyna üns gönükdirilýändigini gaýtalaýar.
Ösümlik ýagynyň içerki bazar bahalary gymmat bolup, ýurtda ösümlik ýagynyň önümçiligini artdyrmak tagallalarynyň çäklerinde, soňky ýyllarda ýurduň dürli sebitlerinde ýerli ýag önümçilik kärhanalary yzly-yzyna işe girizilýän mahaly, Türkmenistanyň Gümrük gullugynyň websaýtyna görä, Türkmenistan pagta ýagynyň eksporty boýunça gümrük pajyny talap etmeýär. Bu bolsa, pagta ýagynyň eksportyny höweslendirmäge gönükdirilen çärä meňzeýär.
Tüwi
Şu günler Lebap welaýatynda ýerli önümçilige degişli tüwiniň bir kilogramynyň bahasy, hiline görä, 18-25 manat aralygynda üýtgeýär. Daşary ýurtlardan import edilen tüwileriň bahasy 30-40 manat aralygynda üýtgeýär.
Günbatar Türkmenistanyň Hazaryň ýakasynda ýerleşýän Türkmenbaşy şäherinde bir kilogram tüwi 28 manat, “lazer” atlandyrylýan tüwileriň bir kilesi 45-55 manat aralygynda üýtgeýär.
Türkmenistanda tüwi hem edil günebakar ýagy ýaly daşary ýurtlardan import edilýän esasy azyk önümleriniň hatarynda galýar. Düýbi ABŞ-da ýerleşýän Masaçusets tehnologiýa instituty (MIT) tarapyndan dolandyrylýan Ykdysady obserwatoriýanyň maglumat bazasyna görä, Türkmenistan 2021-nji ýylda daşary ýurtlardan import eden tüwüsiniň agramly bölegini, 76,6 göterimini Hindistandan, 9,65 göterimini Birleşen Arap Emirliklerinden, 8,67 göterimini Pakistandan, 5,04 göterimini bolsa Russiýadan import edipdir.
Hindistan dünýäde iň esasy şaly öndüriji ýurtlaryň hatarynda gelýär. Ýöne Türkmenistanyň suw resurslary çäkli bolan Birleşen Arap Emirliklerinden tüwi import etmeginiň özi, dogrusy, geňirgendirýär.
Türkmenistanda her ýyl ýurt boýunça 18 müň gektara golaý ekerançylyk meýdany döwlet tabşyrygy esasynda şaly önümçiligine bölünip berilýär. Şeýle-de, ýurtda her ýyl 82 müň tonna töweregi şaly ösdürip ýetişdirilýär. Şaly köp suw talap edýär.
Et
Lebap welaýatynyň bazarlarynda bir kilogram goýun etiniň bahasy 28 manat, sygyr eti 50 manat, towuk budunyň bir kilogramy hususy dükanlarda 22 manat, döwlet dükanlaryndan 18 manat.
Balkanda sygyr etiniň kilesi 65 manat, jylka et 95 manat. Etiň bahalary ýurduň gündogar we günbatar sebitlerinde hem üýtgäp bilýär.
Etiň bäş ýyl öňki bahasy 30-45 manat aralygynda üýtgeýärdi, 10 ýyl gowrak mundan ozal iň jylka, saýlantgy etler 15 manatdan satylýardy.
Gök-bakja we süýt önümleri
Beýleki käbir azyk önümleriniň bahalary şeýle:
Türkmenabat: Ýyladyşhanalarda ösdürilip ýetişdirilen pomidoryň 1 kilesi 15 manat, hyýar 10 manat, sogan 7 manat, kartoşka 8 manat, käşir 5 manat, bulgar burçy 7 manat, ýerli almanyň bir kilogramy 15-17 manat, daşary ýurtlardan import edilen alma 30-40 manat, üzümiň kilesi 20 manat, bananyň kilesi 36 manat, pyrtykal 50 manat; 500 gram gatyk 5 manat, 500 gram smetana 12 manat, iň arzan margariniň 250 gramy 7 manat, iň ýokary hilli mesgäniň 500 gramy 40 manat, peýniriň bir kilesi, hiline görä, 30-200 manat aralygynda üýtgeýär.
Türkmenbaşy: pomidoryň kilesi 18 manat, hyýar 15 manat, sogan 15 manat, käşir 9-12 manat, kartoşka 10-14 manat, ýerli almanyň kilesi 20 manat, daşary ýurt almalary, hiline görä, 35-70 manat aralygynda, bananyň bir kilogramy 60 manat; süýdüň bir litri 24 manat, kagyz guta gaplanan el süýdüniň 1,5 litri 16-18 manat aralygynda üýtgeýär, mesge ýagynyň kilesi 200 manat.
Azyk paýlary
Azatlyk Radiosynyň Balkan welaýatyndaky habarçysy Türkmenbaşyda, çen bilen, ilatyň 80 göteriminiň döwlet dükanlaryndaky ýeňillikli azyk paýlaryna garaşly galýandygyny habar berýär. Sebit merkezi Balkanabatda, çen bilen, ilatyň 90 göterimi, Gyzylarbat, Magtymguly we Bereket etraplarynda ilatyň tutuş ählisi diýen ýaly ýeňillikli azyk önümlerine garaşly galýar.
Lebap we Balkan welaýatyndaky sanlardan çen tutulsa, bazarlarda dowam edýän gymmatçylygyň arasynda ilatyň agramly böleginiň döwlet dükanlarynda ilata hödürlenilýän ýeňillikli azyk paýlaryna garaşly galýandygyny arkaýyn aýtmak mümkin.
Ýerli häkimiýetler ilatyň güzeran şertleriniň gowulanandygyny aýdyp, mundan ozal, döwlet dükanlarynda ilata paýlanýan ýeňillikli azyk paýlaryny ýatyrmaga synanyşdy.
2019-njy ýyldan öň, Türkmenistanda ilatyň sarp edýän elektrik energiýasy, tebigy gazy we suw ýaly esasy hyzmatlar döwlet tarapyndan mugt üpjün edilýärdi.
Türkmen hökümeti ilatyň hal ýagdaýynyň gowulanandygyny aýdyp, hem-de bazar ykdysadyýetiniň talaplaryny göz öňünde tutup, bu ýeňillikleri hem ýatyrdy.
Häkimiýetler ýeňillikli azyk paýlaryny dowam etdirmek bilen halk bilen aradaky dilden ylalaşygy saklap galýar. Bu ylalaşyk haçan-da häkimiýetler 2019-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, halkyň tok, gaz we ýeňilligini ýatyranlarynda sarsylypdy.
Bazarlarda dowam edýän gymmatçylygyň arasynda ilatyň zähmet haklary döwlet telewideniýesinde görkezilýän “bagtyýar durmuşyň” alamatlaryna, şeýle-de, bazar sebedine gabat gelmeýär.
Zähmet haklary we girdejiler
Türkmenistanda iň pes zähmet haky 2024-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, 1280 manat möçberinde bellenildi. Bu häzirki wagtda 1160 manat. Iň pes zähmet hakyna üç halta töweregi ýerli un düşýär.
Azatlyk Radiosynyň habarçylary zähmet haklary barada hem käbir maglumatlary taýýarlady.
Balkanda jemagat hojalygy gullugynyň işgärleri, tämizlikçiler, garawul ýa-da bagbanlar 1250 manat möçberinde aýlyk alýarlar. Doly iş ýüküne eýe bolan mugallym 2400 manat töweregi aýlyk alýar, ýarym “stawka” mugallymlar 1200 manat çemesi aýlyk alýar. Iň ýokary wezipeli polisiýa işgärleri sebitde 1900 manat çemesi zähmet hakyna eýe bolup, Milli howpsuzlyk gullugynyň ofiserleri 3 müň manatdan 6 müň manada çenli aýlyk alýarlar. Habarçylarymyzyň maglumatlaryna görä, hususy kärhanalar öz işgärlerine döwlet edaralary bilen deňeşdirilende býujet işgärleriniň aýlyklarynyň üstüne 500-1000 manat has köp zähmet haky töleýärler.
“Türkmenistanyň şertlerinde dört adamly bir hojalyga has amatly şertlerde arkaýyn, aladasyz ýaşamak üçin aýda 25 müň manat möçberinde pul gerek” diýip, bazar bahalaryny ilatyň aýlyk haklary bilen deňeşdiren bir ýerli synçy aýdýar.
Lebap welaýatyndaky habarçymyzyň toplan maglumatlaryna görä, sebitde synp mugallymlary 2-3 müň manat aralygynda aýlyk alýarlar. Mekdepleriň hojalyk işgärlerine, iş ýüküne görä, 600-800 manat aralygynda töleg tölenilýär. Lukmanlaryň aýlygy 3 müň manat töwereginde, ýöne nobatçylyk ýaly goşmaça işler üçin goşmaça tölegler tölenilýär. Saglyk öýlerindäki lukmanlar 2200-2400 manat aralygynda aýlyk alýarlar. Çagalar baglarynyň terbiýeçileri 2 müň manat. Arçynlaryň işgärleri 1000-1400 manat aralygynda aýlyk alýar. Gaz üpjünçilik edaralarynda iň ýokary zähmet haky 4 müň manat, iň pes aýlyk haky 1200 manat. Zähmet haklary işgärleriň iş stažyna görä üýtgeýär.
Türkmenistan öz raýatlarynyň durmuş goraglylygyny kepillendirýär. Muňa garamazdan, 300-1000 manat aralygynda üýtgeýän döwlet kömek pullary we pensiýalar hojalyklaryň iň esasy zerurlyklaryny zordan kanagatlandyrýar.
“Gurluşyk işgärleri gündelik 50-100 manat aralygynda zähmet hakyny alýarlar. Ýöne olaryň işi irden sagat 7:00-de başlap, gije haçan gutarjagy belli däl” diýip, Lebap welaýatynda bazar bahalary bilen ilatyň zähmet haklaryny deňeşdiren ýerli synçy aýdýar.
Bu sebitde hem hususy kärhanalarda 600 manatdan 2 müň manada çenli zähmet haky tölenilýär. Ýöne habarçylarymyzyň maglumatlaryna görä, Aşgabatda ýerleşýän hususy firmalar öz işgärlerine 1000-5000 manat aralygynda töleg töleýär.
Ýöne hususy kärhanalar döwlet edaralary bilen deňeşdirilende işgärleriň dynç wagtyny çäklendirýär.
“Türkmenistanda hususy kärhanalarda bolsun, ýa-da döwlet edaralarynda bolsun, tapawudy ýok, zähmet haklary güzeran aýlamak üçin gaty az. Zähmet haklary hojalyklaryň aýda satyn alýan iýmit önümlerine zordan ýetýär. Dynç almaga, şypahanalara gitmäge, ýa-da daşary ýurtlara gezelenç etmäge pul ýok. Zähmet haklary diňe iýjek çöregiňi we zerur çykdajylaryňy ýapyp bilýär” diýip, ýerli synçy aýdýar.
Döwlet mediasy ýurtda höküm sürýän bagtyýar durmuşy wasp edýär. Ýöne ýerli synçylar bu reportažlaryň eklenç aladalaryna gümra bolan sada halkyň degnasyna degýändigini aýdýarlar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum