Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebaply ýaşaýjylar: PÝGG işgärleri ‘talaňçylyk’ bilen meşgullanýar


Türkmenistanda awtoulaglaryň reňki bilen bagly çäklendirmeler, ulaglara dakylan goşmaça enjamlar we beýlekiler sürüjileriň polisiýa tarapyndan aňsat nyşana alynmagyna sebäp bolup bilýär.
Türkmenistanda awtoulaglaryň reňki bilen bagly çäklendirmeler, ulaglara dakylan goşmaça enjamlar we beýlekiler sürüjileriň polisiýa tarapyndan aňsat nyşana alynmagyna sebäp bolup bilýär.

Lebap welaýatynyň ençeme ýaşaýjylary şu günler Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň (PÝGG) işgärleriniň dürli ‘bahanalara’ esaslanyp, sürüjilerden para almak işlerini güýçlendirendigini aýdýarlar. Olar polisiýany ‘talaňçylykda’ we ‘garakçylykda’ aýyplaýarlar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 11-nji iýulda maglumat berdi.

“Ýol gözegçiligi polisiýasy awtoulagymyň bagažynda çagalaryma satyn alan balygymy gördi-de, utanman, balygy elimden alyp, sürüjilik şahadatnamamy yzyna gaýtaryp berdi” diýip, 6-njy iýulda Farap – Türkmenabat gara ýolunyň ugrunda PÝGG işgäri tarapyndan saklanyp, awtoulagyndan ‘bahana tapylan’ bir türkmenabatly sürüji aýdýar.

Ol ‘maşynyň hapa, diskleriň reňki ýerlikli däl, apteçka ýok, maşynyň reňki gyzyl, köne maşyn bilen şähere çykmak bolanok’ ýaly bahanalar bilen öz sürüjilik şahadatnamasynyň polisiýa tarapyndan elinden alynandygyny we özüne jerime ýazmak haýbatynyň atylandygyny aýdýar. Ýöne awtoulagyň bagažyndaky balygy alandan soňra, polisiýa işgäri sürüjiniň şahadatnamasyny yzyna gaýtaryp berýär.

Çärjew şäherçesinden bolan beýleki bir sürüji polisiýa işgäriniň özünden suw satyn alyp getirip bermegi talap edendigini gürrüň berýär.

“Ýol gözegçiligi gullugynyň işgäri ala taýagyny galgadyp, meni saklady-da “howa gaty yssy, maňa iki sany ‘goşa çynar’ suwundan getirip bersene” diýip, gödek gürleşdi” diýip, çärjewli sürüji aýdýar.

Ýöne ol bu talaba garşy çykyp, öz hukugyny talap edip başlaýar. Şondan soňra ýagdaý has-da çylşyrymlaşýar we polisiýa işgäri sürüjiniň awtoulagyndan ‘bahana tapmaly bolýar’.

“Maşynyň tigirleriniň diskleri talaba laýyk däl, içerki yza seredilýän aýnadan hem monjuk asylypdyr, goşmaça enjam gadagan diýip jerime ýazdy” diýip, sürüji aýdýar.

Türkmenistanda raýatlaryň awtoulaglaryna degişli bir topar resmi we resmi däl talaplar öz güýjünde galýar. Awtoulaglaryň reňki, ulaglara dakylan goşmaça enjamlar we beýlekiler sürüjileriň polisiýa tarapyndan aňsat nyşana alynmagyna sebäp bolup bilýär.

Çärjew etrabynyň Çärjew şäherçesiniň, şeýle-de Ulywahym obasynyň we başga-da birnäçe obanyň ýaşaýjylary Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen aýry-aýry söhbetdeşlikde özleriniň ýol gözegçiligi gullugynyň işgärleriniň hereketlerine bildirýän nägileliklerini täze derejelere çykaryp, olary “talaňçylykda” we “garakçylykda” aýypladylar.

“Lebap welaýat Ýol gözegçiligi gullugynyň işgärleri etraplaryň arasyndaky gara ýollarda ‘garakçylyk’ bilen meşgullanýarlar” diýip, oba ýaşaýjylary aýdýar.

“Bu bolýan zatlar edil ertekilerdäki ýaly: patyşa ýol gurýar we öz nökerlerini ýolda goýýar, olar hem halky talaýar” diýip, lebaply ýaşaýjylar gürrüň berýärler.

Türkmenabat şäheriniň içeri işler edaralaryndaky bir çeşme ýolbaşçylaryň “her bir işgärden paç soraýandygyny” aýdyp, polisiýa düzümlerinde “giň ýaýran parahorlygyň” düýp sebäplerine aralaşýar.

“Içeri işler edaralarynyň başlyklary her bir polisiýa işgärinden paç soraýar. Her hepde başlyga tabşyrmaly puluň möçberi bar. Polisiýa bölümlerine täze işe kabul edilen ýaşlar hem has-da ‘aç’. Okuwyny tamamlap, kakasynyň puluna alan diplomyny ödemek üçin, mümkin boldugyndan para alýarlar. Adam garypdyr, ýa gurplydyr, parhy ýok. Kimiň tanşy güýçli bolsa, paradan sypýar” diýip, içeri işler edaralaryndaky çeşme aýdýar.

Gara ýollaryň kenarynda gök-bakja önümleri bilen meşgullanýan ýaşaýjylar hem polisiýanyň basyşlaryndan öz paýlaryny alýarlar.

Ýerli ýaşaýjylar ýol gözegçiligi gullugynyň işgärleriniň ýol kenarlarynda gawun, garpyz, kädi we beýleki gök-bakja önümlerini satýan söwdagärleriň harytlaryna göz dikýändigini aýdýarlar.

“Polisiýa olary gorkuzyp, onlarça kilogram kädi, garpyz, we beýleki gök-bakja önümlerini alýar. Belki-de, kanun boýunça ýoluň ugrunda söwda etmek gadagandyr, ýöne ynsanlygy unutmaly däldir” diýip, ýerli ýaşaýjylar aýdýar.

Azatlyk Radiosy ýurduň içeri işler edaralarynda, şol sanda ýol gözegçiligi gullugynda işgärleriň raýatlardan para almagy bilen bagly hadysalar barada yzygiderli habar berýär.

Ýurduň dürli sebitlerinde soňky hepdelerde awtoulaglaryň daş keşbi bilen bagly gözegçilik işleri güýçlendi.

Iýun aýynyň ahyrlarynda Mary welaýatynda awtoulaglardaky gara reňkli detallara we goşmaça enjamlara gözegçilik ýygjamlaşdy.

Biraz öň, PÝGG işgärleri günorta-gündogar sebitlerde awtoulaglardaky radio antennalaryny uzaldyp, daşyna çykarýan sürüjilere-de basyş edip başlady.

Türkmenistanda indi köp ýyl bäri gara, ýa-da garamtyl, goýy reňklerdäki awtoulaglar gadagan edilýär. Dilden girizilen bu gadagançylyk boýunça resmi görnüşde düşündiriş ýa-da beýanat berilmeýär.

Şeýle-de, ýurtda awtoulaglaryň öndürijiler tarapyndan göz öňünde tutulmadyk abzallar bilen enjamlaşdyrylmagy, şol sanda prožektorlar, gözüňi gamaşdyrýan çyralar, gysgaldylyp, ýa-da artdyrylyp goýulýan pružinler, tüsse çykaryjy we ses abzallary, şeýle-de, bellenen kada bozulyp garaňkyladylan ýa-da ýalpyldaýan aýnalar, aýnalaryň ýüzüne tutulýan dürli örtükler gadagan edilýär.

Azatlyk Radiosy Lebap welaýatynda polisiýa işgärlerine bildirilýän aýyplamalar boýunça Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň welaýat bölüminden resmi teswir alyp bilmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG