Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

PÝGG awtoulaglardaky radio antennalaryny uzaldyp, daşyna çykaran raýatlara yrsaraýar


PÝGG işgärleri Mary welaýatynda awto ulaglardaky radio antennalary bilen baglylykda sürüjilere yrsaraýar. Illýustrasiýa suraty.
PÝGG işgärleri Mary welaýatynda awto ulaglardaky radio antennalary bilen baglylykda sürüjilere yrsaraýar. Illýustrasiýa suraty.

Şu günler Mary welaýatynda Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň işgärleri köçe-ýol hereketiniň düzgünleriniň berjaý edilmegine gözegçiligi güýçlendirýärler. Sürüjiler polisiýa gözegçileriniň dürli bahanalar bilen özlerine yrsaraýandyklaryny, radio antennalaryny daşyna çykaran awtoulaglaryň jerime duralgalaryna äkidilmek howpy bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyny aýdýarlar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 24-nji iýunda maglumat berdi.

“Mary şäherine girenimizde, PÝGG-niň işgärleri bizi saklap, awtoulagdan kemçilik gözlemäge başladylar. Olar ilkibaşda resminamalarymy barladylar, soňra ähli zadyň düzüwdigini görüp, awtoulagyma goşmaça enjamyň oturdylyp-oturdylmandygy bilen gyzyklanyp başladylar. Ulagymyň bagažnigini açdyryp, magnitofon üçin goşmaça ses gataldyjy enjamynyň gurnalyp-gurnalmandygyny gördüler. Meniň awtoulagymda hemme zat bolmalysy ýalydy. Soňra kapodyňy aç, howa signalyny barlajak diýdiler. Ulagymyň çyralaryny ýakdyryp, çyralary barladylar. Ahyrsoňy, hiç hili bahana tapmansoň, awtoulagymyň radio antennasynyň daşyna çykýandygyny aýdyp, munuň gadagan edilendigini aýtdylar. Bu gadagan diýip, awtoulagymy jerime duralgasyna äkitmek haýbatyny atyp başladylar” diýip, bir sürüji gürrüň berýär.

Awtoulaglardaky radio antennalary radio tolkunlaryny tutmak üçin ulanylýar we bu antennalar köp sanly ulaglarda uzaldylyp ýa-da gysgaldylyp bilinýär.

Maryly sürüji awtoulaglar zawodda öndürilende oturdylan radio antennasynyň gadagan edilendigi barada özüne aýdylan sözlere ilkibaşda ynanyp bilmändigini gürrüň berýär.

“Oýun edýärsiňizmi, radio antennasy awtoulag zawodda öndürilende oturdyldy. Men munuň üsti bilen radioda Türkmenistanyň täzeliklerini diňleýärin diýdim welin, bolanok gadagan diýip, awtoulagymy jerime duralgasyna sürmegimi talap etdiler” diýip, sürüji aýdýar.

Ol özüniň Baýramaly şäherinde bu hili gadagançylyklara hiç haçan duş gelmändigini aýdyp, sebit merkezindäki polisiýa işgärlerinden öz ulagynyň jerime duralgasyna äkidilmezligini towakga edip başlaýar.

Ýöne sürüjiniň haýyşy netije bermeýär. Bir polisiýa işgäri ulagyň öňdäki oturgyjyna münýär we sürüjiden awtoulagy jerime duralgasyna tarap sürmegi talap edýär.

Awtoulagdaky radio antennasynyň ýol açan wakalaryna geň galan sürüji aýdylany edip, ýola düşýär, ýöne biraz salym soňra, polisiýa işgäri dymyşlygy bozup, “100 manat pul berseň, goýberjek ýöne awtoulagyň radio antennasyny Baýramaly şäherine barýançaň çykarma” diýip, gaýtadan sürüjä ýüzlenýär.

Sürüji bu teklip bilen razylaşýar, 100 manat para alan polisiýa işgäri bolsa, ulagdan düşüp, yzdan gelýän awtoulaglaryň birini saklaýar.

Sürüji öz başdan geçiren wakasyny beýleki sürüjilere gürrüň bereninde, has-da geň galandygyny aýdýar. Olar öz awtoulaglarynyň hem radio antennasy sebäpli, jerime duralgasyna alnyp gidilendigini, ýöne özleriniň 300 manat bilen sypmagy başarandyklaryny gürrüň berýärler.

Türkmenistanda sürüjiler Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň işgärleriniň dürli bahanalar bilen özlerine yrsarap, yzygiderli para alýandygyny aýdýarlar.

Galyberse-de, ýurtda indi ençeme ýyllardan bäri, awtoulaglara degişli adatdan daşary gadaganlyklar girizilýär. Gara we goýy reňkli awtoulaglaryň ak reňke boýalmagy talap edilýär. Häkimiýetler ak reňk talaplaryny ýurduň yssy howasy bilen bagly öňüni alyş çäreleri bilen ilteşdirýärler.

Geçen ýylyň aprel aýynda häkimiýetler awtoulaglardaky döwlet belgisi dakylýan çarçuwanyň gara reňkde bolmagyny gadagan etdiler. Şol bir wagtda, ulaglardaky radiator gözenekleri hem ak reňke boýalmaly edildi.

Öňki ýyllarda häkimiýetler paýtagt Aşgabatda sürüjilerden ulaglaryň zawoddan çykarylanda goýlan “diod lampaly” çyralaryny öçürmegi ýa-da düýbünden aýyrmagy talap etdiler.

Sürüjiler öz ulaglaryna goşmaça enjamlary oturtmazlyk talaplary bilen yzygiderli ýüzbe-ýüz bolýarlar.

Ýöne radio antennasynyň gadagançylygy boýunça ileri sürülýän talaplar, megerem, ýurtda ilkinji gezek hasaba alynýar.

Azatlyk Radiosy awtoulaglaryň radio antennalary bilen bagly girizilýän gadagançylyklar boýunça Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugyndan resmi teswir alyp bilmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG