Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Krokusa" hüjüm etdi diýilýän "Welaýat Horasan" topary barada nämeler mälim we näme üçin ol Russiýany nyşana aldy?


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

22-nji mart agşamy Moskwanyň «Krokus Siti Holl» konsertler zalyna edilen hüjümde, resmi maglumatlara görä, azyndan 137 adam ýogaldy. Onlarça adam keselhanalarda galmagyny dowam etdirýär. Konsert zalynyň özi partlamalar netijesinde, doly diýen ýaly weýran boldy.

Jogapkärçiligi dünýäniň köp ýurtlarynda terrorçy hökmünde ykrar edilen “Yslam döwleti” topary öz üstüne aldy. Toparyň beýanatynyň dogrudygyny anonim ýagdaýda Nýu-Ýork Taýms gazeti, CBS News telekanaly, şeýle hem Reuters habarlar agentligi tassykladylar. ABŞ-nyň häkimiýetleri bu hüjümiň arkasynda, “Yslam döwleti” guramasynyň Owganystandaky “Welaýat Horasan” topary durýar diýip hasaplaýarlar.

«Welaýat Horasan» barada nämeler mälim?

Harby analitik we Ysraýylyň öňki polisiýa işgäri Sergeý Migdal bilen häzirki dartgynlyk barada, Nastoýaşeýe Wremýa telekanaly söhbetdeş bolanda, ol hüjümiň hakykatdan-da DAIŞ-iň owgan ganaty tarapyndan gurnalan bolmagynyň mümkindigini öňe sürdi. Onuň pikirine görä, munuň sebäbi Amerikanyň we Günbataryň goşunlarynyň Owganystandan çekilmeginden soň, Orsýetiň "Talyban" bilen dostlukly gatnaşyklaryny ýola goýmagy bilen baglanyşyklydyr.

«2021-nji ýylyň tomsunda prezident Baýdeniň goşunlarynyň utançly ýagdaýa düşüp, amerikalylar çykyp gideninden soň, ol ýerde näme boldy? “Talyban” häkimiýet başyna geldi. Bilşiňiz ýaly, gadagan edilen "Talyban" toparyny, şol sanda ençeme ýyldan bäri Russiýada ekstremist diýlip gadagan edilen gurama hasaplanýanyň, birdenkä, täze hökümet diýen ýaly, dostdugy ýüze çykdy. Sakgally talyplar Sankt-Peterburg ykdysady forumynda arkaýyn aýlanýarlar. Tizden olar käbir aýdym we tans bäsleşiklerine hem-de hytaý we belaruslar bilen bilelikde, tank biatlonyna gatnaşarlar.

Bu “Talyban” bilen örän ýakyn gatnaşyklar, ýöne şol ýerden, başga kynçylyk başlanýar, çünki "Talybanyň" esasy duşmany bar. "Talybanyň" iň elhenç we ýowuz duşmany “DAIŞ Horasan”, ýagny "Yslam döwletiniň" owgan şahasydyr. Näme üçin olaryň esasy duşmany, hatda Şah Masudyň oglundan-da tapawutly, ýogsa ol Owganystanyň demirgazygynda, özbek we täjik serhetleriniň golaýynda ýerleşýän käbir territoriýalara gözegçilik edýär. Töwerekde başga-da söweşýänler bar, uruş entek tamamlananok, emma bularyň ählisinden, iň howply salýan “Yslam döwletidir”. Olar häkimiýet ugrunda, Kabula garşy aç-açan göreşýärler. "Talyban" hökümetine garşy iň güýçli terrorçylykly hüjümleri amala aşyrýar, olaryň hyzmatyny edýänleri we meýdan komandirlerini öldürýär. Şol bir wagtda, "Talyban" toparyny “Yslam döwletinden” tapawutlylykda, yslamyň arassalygyna bolan ideýalarynda juda ýumşak, örän adamçylykly, ýeterlik derejede päk däldigi üçin tankyt edýärler.

“Yslam döwleti” Russiýanyň we Ýakyn Gündogaryň esasy ýaranlarynyň biri bolan Eýran hökümetine hem garşylyk görkezýär. Mysal üçin, Eýranda general Kasem Süleýmaniniň wepat bolan günündäki hatyra mirasymynda, “Welaýat Horasanyň” gurnan hüjüminden, 100-den gowrak adam öldi.

Häzir Russiýa "Talybany" iş ýüzünde açyk goldaýar. Sebäbi näme? Sebäbi Kreml yslam däplerini ýöredýän "Talyban" režimini ýa-da Eýranyň şaýy aýatollalary tarapyndan girizilen düzgünleri halaýandygy üçin däl, belki-de, Eýran bilen “Talybanyň” Amerika garşy durýandygy üçindir.

Soňky aýlara çenli bularyň bary jemlendi, ýagny “Yslam döwleti” we onuň owgan şahasy Russiýany iki duşmanynyň – has takygy Eýrandaky aýatollalar režiminiň we Owganystandaky “Talyban” režiminiň esasy goldawçysy hasaplaýar. Olar eýýäm käbir zatlary etdiler, diňe "Talyban" gullukçylaryna ýa-da Eýranyň polisiýa ofiserlerine hüjüm etmek bilen çäklenmän, mundan birnäçe aý ozal Russiýanyň Kabuldaky ilçihanasyna hüjüm guraldy. (...) Indi Moskwanyň eteginde, olar üçin Russiýa esasy duşmanyň birine öwrüldi» diýip, harby analitik Sergeý Migdal Nastoýaşeýe Wremýa telekanaly bilen söhbetdeşlikde aýdýar.

Duýduryşlar, hamana, Ukrainanyň we Günbataryň gatnaşygy ýaly görüldi

Birnäçe ýurtlaryň ýörite gulluklary, şol sanda ABŞ Moskwanyň territoriýasyndaky konsert meýdançalaryna terror toparlarynyň hüjüm taýýarlaýandygyny öňünden, Orsýete duýduryş berdiler. Şol wagt Wladimir Putin bu habarlary öjükdirme hem howsala salma diýip atlandyrdy.

DAIŞ hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne alandan soň hem Wladimir Putin 23-nji martda eden çykyşynda, terrorçylykly hüjümi gurnamakda we hüjümçilere kömek bermekde, Ukrainany aýyplady. Orsýetiň döwlet mediasy hem Ukrainanyň gatnaşygy we "Günbataryň yzynyň bardygy" barada, işjeň ýazýar. Harby-syýasy analitik we taryh ylymlarynyň kandidaty Ýuriý Fedorowyň pikirine görä, Kreml bu hüjümi Ukraina garşy urşy dowam etdirmekde we ol urşy aklamakda, syýasy maksatlar üçin ulanar:

«Rus terminologiýasynda “gurjak oýnadýanlar” diýen bir geň adalga bar, ýerine ýetirijilere "gurjakçylar" diýýärler, bu ýerde, umuman, ol ýa-da beýleki bir ýol bilen ol terrorçylyk hereketini taýýarlan we ugrukdyran nazara alynýar. Şeýle diýilýär, hamana, biz düşünýäris, biz bilýäris, bu Günbataryň Russiýa garşy alyp barýan urşunyň bir elementi we ş.m, we ş.m. Bu öňden aýdylýan aýdym, ony rus propagandaçylary we syýasy liderleri 2000-nji ýyldan, terror hereketleri başlanaly bäri aýdyp gelýärler.

Şol döwürde bir tarapdan, hawa, käbir musulman ekstremistleriniň bardygyny biz aýdyň bilmelidik, Demirgazyk Kawkazdan ýa-da arap ýurtlarynyň bir ýerinden gelen terrorçylardygyna, emma ony kimiň eliniň uzadýandygyna düşünmelidik, olaryň elini Günbatar uzadýardy. Umuman, ol belli derejede düşnükli. (...)

Olar [hüjümiň taýýarlygy barada] bilmelidiler, has dogrusy, çak etmelidiler, muny bilerdiler. Emma olar düşünipmi ýa-da düşünmän bilgeşleýinmi, umuman, bu pajygaly wakanyň bolmagyna ýol berdiler.

Öňki ýagdaýlaryň – Russiýada bolup geçen şeýle uly terrorçylykly hereketleriň ählisinde, bilşimiz ýaly, goý, ol 1999-njy ýylyň Moskwadaky partlamasy bolsun, goý, Dubrowkada bolsun ýa-da Osetiýada terrorçylykly hüjümimi, mekdebe edilen hüjümmi, olaryň hemmesi soňundan belli bir syýasy maksatlar üçin, Kremle ýakyn käbir ulgamlar tarapyndan ulanylandygyny biz bilýäris» diýip, Ýuriý Fedorow aýdýar.

Terrorçylykly hüjüme Ukrainanyň gatnaşygy hakda aýdylýan aýyplamalar barada, Nastoýaşeýe Wremýa telekanalynyň efirinde, Ukrainanyň Prezident edarasynyň başlygynyň maslahatçysy Myhailo Podolýak şeýle diýdi:

«Ol ýerde "ukrain yzlary" hatda golaýyndanam baranok. Şol “Krokusda” terrorçylykly hüjümiň bolup geçen güni irden, iň agyr terrorçylykly hüjümler amala aşyryldy, Ukrainanyň energetika gurluşyna, şol sanda "Dnipro" gidroelektrik bekedine hüjüm boldy. Elbetde, biz başga zatlar bilen başagaý. Bizde doly möçberdäki uruş barýar, şol urşuň çäginde-de biziň takyk koalisiýamyz bar, hyzmatdaşlarymyz bilen biziň belli bir özara ylalaşykly baglanyşygymyz bar. Biz Russiýanyň syýasy režiminde hereket edýän usullary ulanmaýarys. Ýeri gelende aýtsak, Putin ony gaýta-gaýta görkezdi».

Anna güni agşam “Piknik” rok aýdym-saz toparynyň konsertiniň başlamagynyň öň ýanynda, kamuflýažly ýaragly hüjümçiler “Krokus siti holl” konsert zalyndaky adamlara ýaragdan ot açyp başladylar. Biraz wagtdan soň, partlama boldy hem güýçli ýangyn tutaşdy. Bu hadysa 2004-nji ýylda Beslan şäherindäki mekdebe edilen hüjümden bäri Russiýada iň uly terrorçylykly hüjümdir. Şonda 300-den gowrak adam ýogaldy. Russiýanyň Derňew komiteti terrorçylykly hüjümden “Krokus siti hollda” azyndan 133 adamyň ýogalandygyny habar berdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillen

Forum

XS
SM
MD
LG