ABŞ tarapyndan goldanýan güýçler 2019-njy ýylda "Yslam döwleti" toparynyň ýok edilendigini yglan etdiler. Ýöne soňky ýyllardaky ýagdaýlar, toparyň abandyrmagy dowam etdirýän howpunyň däl-de, onuň diňe Yrakdaky we Siriýadaky territoriýalara gözegçilik edýän döwletiniň soňuna ýetilendigini görkezdi.
Ekstremist topar çydamlylygy görkezýär we dünýäniň beýleki ýerlerinde gaýtadan janlanýar, we onuň amaly mümkinçilikleri has-da ýaýbaňlanýar.
YD 2024-nji ýylyň ýanwar aýyndan bäri Eýrandan we Russiýadan Germaniýa we ABŞ-a çenli bütin dünýäde amala aşyrylan ýokary derejeli hüjümleriň jogapkärçiligini öz üstüne alýandygyny öňe sürdi.
"YD global howpsuzlyk üçin tutanýerli howp we dünýädäki iň ganly terror guramasy bolmagynda galýar" diýip, howpsuzlyk hünärmeni we Waşingtonda ýerleşýän "Shtuni Consulting" guramasynyň başlygy Adrian Ştuni (Adrian Shtuni) Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda aýtdy.
"Gurama indi esasan özbaşdak işleýän sebit şahamçalarynyň dinamiki ulgamyna bil baglaýar" diýip, ol belledi.
YD-nyň häzirki ýagdaýy nähili?
Analitikler YD-nyň garaýyşlarynyň we islegleriniň üýtgemändigini, ýöne ekstremist toparyň 2019-njy ýylda territorial ýeňlişinden bäri düýpli gurluş we amaly ewolýusiýany başdan geçirýändigini aýdýarlar.
Soňky ýyllarda bütin dünýäde, esasanam ekstremizme garşy göreşmek mümkinçiligi az bolan sebitlerde YD şahamçalarynyň köpsanly görnüşi peýda boldy.
"YD-a [garşy göreşmek] merkezleşdirilmedik gurama hökmünde proto-döwletden has kyn bolup biler. Ol proto-döwlet hökmünde dolandyrylanda, uly nyşanady" diýip, düýbi Nýu-Yorkorkda ýerleşýän “Soufan Group” maslahat beriş merkeziniň syýasat we gözleg müdiri Kolin Klark Azatlyk Radiosyna aýtdy.
YD we onuň şahamçalary soňky bir ýylda bütin dünýäde amala aşyrylan ganly hüjümler bilen öz barlygyny duýdurdylar.
2024-nji ýylyň ýanwar aýynda Eýranyň günortasyndaky Kerman şäherinde iki sany janyndan geçen hüjümçiniň amala aşyran goşa bomba hüjüminde 100 töweregi adam öldi.
Şol wakadan iki aý soň dört hüjümçi Moskwanyň etegindäki "Krokus siti holl" konsert zalyny nyşana aldy, köpçülikleýin ok atyşykda we pyçaklamakda 145 adam öldi.
Awgust aýynda Somaliniň paýtagty Mogadişuda janyndan geçen hüjümçiniň bomba hüjüminde azyndan 20 adam öldi. Birnäçe günden soň Germaniýanyň Solingen şäherinde geçirilen festiwalda YD-niň agzasy birnäçe adamy pyçaklap, üç adamy öldürdi.
Toparyň täsiri Birleşen Ştatlara çenli baryp ýetýär. 1-nji ýanwarda YD-dan ruhlanan hüjümçi Nýu-Orleansda Täze ýyl baýramyny belleýän mähellä bir ýük ulagyny sürdi. Wakada 14 adam öldi we başga-da onlarça adam ýaralandy. Hüjümçi, Tehasda doglan ABŞ goşunynyň öňki weterany Şamsud-Din Jabbar polisiýa tarapyndan öldürildi.
Ştuni bu hüjümleriň diňe bir “YD markasynyň terrorçylyk zorlugynyň dowam etdirilýändigini däl-de, eýsem guramanyň çydamlylygyny, uýgunlaşmagyny we dünýä derejesine ýetmegini" hem görkezýändigini aýtdy.
Londonda ýerleşýän global howpsuzlyk boýunça aňtaw maslahat beriş merkezi "Dragonfly" tarapyndan toplanan maglumatlara görä, YD we onuň şahamçalary soňky üç ýylyň dowamynda her ýylda ortaça 600 töweregi hüjümi amala aşyrdylar.
Bu görkeziji, ondan ozalky üç ýylyň dowamynda her ýylda ortaça 770 hadysa barabar bolan hüjüm sanyndan pes bolsa-da, hüjümler barha köp ýowuz häsiýete eýe bolýar. "Dragonfly" merkeziniň "TerrorismTracker" maglumatlar bazasyna görä, her hüjümde ölenleriň sany 40 göterim ýokarlanýar.
YD ekstremistleri nirede işjeň häsiýete eýe we olar nädip işe alynýarlar?
YD öz şahamçalarynyň üsti bilen Afrikadaky, Aziýadaky we Ýakyn Gündogardaky käbir nokatlarda güýçli barlygyny we işjeňligini saklaýar.
YD-niň iň işjeň şahamçalarynyň biri hökmünde ýüze çykan toparlardan biri, öz işini Owganystanyň çäginden hem has daşary giňelden we Merkezi Aziýa ýurtlaryndan, esasanam Täjigistandan we Özbegistandan söweşijileri çekýän "YD-Horasan welaýaty" toparydyr.
Bu aralykda, Somali toparyň Afrikadaky global giňelmesiniň möhüm merkezine öwrüldi. Topar Somalidäki durnuksyzlykdan peýdalanyp, ony Efiopiýadan, Sudandan we Tanzaniýadan söweşijileri özüne çekýän berkitmeleri we torlary döretmekde ulanýar. Munuň bilen bir wagtda, topar sebitde amhar we swahili ýaly birnäçe dilde ideologiki wagyz-nesihat işini ýaýbaňlandyrýar.
Emma bu topar Sahel sebitinde hem çalt depginde ýaýbaňlanýar. "YD-Günbatar Afrika" topary Çad kölüniň basseýninde esasy agdyklyk edýän terrorçylyk guramalarynyň biri bolmagynda galýar.
Topara işe alynmaklyk diňe bir gury ýerde däl, eýsem onlaýyn görnüşinde hem alnyp barylýar.
YD öz işini nähili maliýeleşdirýär?
YD girdeji çeşmelerini diwersifikasiýa etmek we taktikany üýtgetmek arkaly maliýe durnuklylygyny saklaýar.
Ýolbaşçylygyň ýitirilmegine garamazdan, YD-niň Yrakdaky we Siriýadaky esasy özeni 10 million bilen 20 million dollar aralygynda ätiýaçlyk saklaýar, bu serişde toparyň pul üçin adam alyp gaçmak, talamak, salgytlar we ogurlyk arkaly pul ýygnaýan sebit bölümleri tarapyndan doldurylýar diýip, ABŞ-nyň Gazna departamenti geçen ýylky hasabatynda belleýär.
Afrikada "YD-Somali" ýaly şahamçalar kärhanalardan we maliýe ulgamlaryndan millionlarça dollar talaýarlar.
YD global ätiýaçlyk we haýyr-sahawatlary geçirmek üçin cryptocurrency-den has köp peýdalanýanlygy sebäpli global baglanyşyk möhüm bolup galýar. Toparyň maliýe durnuklylygy, howpsuz gaçybatalgalary saklamak, maliýe gözegçiliginden gaçmak we global ulgamlary goldamak bilen baglanyşyklydyr.
Terrorçylyga garşy tagallalar nähili netije berýär?
Terrorçylygyň global derejesine ýetmegi terrorçylyga garşy göreşde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy talap edýär. Şeýle-de, ýurtlardan aňtaw maglumatlary paýlaşmagy, strategiýalary deňeşdirmegi we ekstremistik işjeňlige has ejiz sebitlerde howpsuzlyk mümkinçiliklerini güýçlendirmegi talap edýär.
Bularyň haýsydyr biri çäklendirilse, YD ýaly ekstremist toparlar gülläp ösmegiň ýollaryny tapýarlar. Şular ýaly ýagdaýlar ABŞ-nyň Owganystandan we Fransiýanyň Afrikadaky Sahel şäherinden tapgyrlaýyn esasda çekilmeginden soňra ýüze çykypdy.
Birleşen Ştatlar Yrakda, Siriýada we Somalide YD-nyň nyşanalaryna garşy edilen soňky zarbalarda bolşy ýaly sebitdäki hyzmatdaşlar bilen terrorçylyga garşy global tagallalary dowam etdirýär.
Şu aýda ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky koalisiýa Yrak güýçlerine Abu Khadija ady bilen hem tanalýan Abdullah Maki Musleh al-Rifaýy öldürmäge kömek etdi. Yrak hökümeti tarapyndan "Yrakdaky we dünýädäki iň howply terroristleriň biri" hökmünde häsiýetlendirilen Abu Khadija YD-nyň Yrakdaky we Siriýadaky lideridi.
Ýöne “ABŞ-nyň ünsüni içerki tarapa gönükdirýän we dünýä arenasyndaky roluna täzeden baha berýän" mahaly, Waşingtonda ileri tutulýan ugurlaryň üýtgemegi, “ekstremizme garşy global göreşe päsgel berip biler” diýen artýan aladalar bar diýip, Ştuni duýdurýar.
Bu makala Azatlyk Radiosyndan Abubakar Siddiki, Reý Furlong, Riin Aljas, Meliha Kesmer we Kubat Kasymbekow dagy goşant goşdy.