Özbegistanyň aradan çykan ilkinji prezidenti Yslam Kerimowyň uly gyzy Gülnara Kerimowa 2024-nji ýylyň 20-nji dekabrynda, Daşkent welaýatynyň Zangiata etrabyndaky №21 aýallar koloniýasyndan, şol etrapda ýerleşýän №42 belgili koloniýa geçirildi. Bu barada Azatlyga birnäçe garaşsyz çeşmeler habar berdiler.
“Gülnara 5-6 çemedan bilen koloniýadan şatlanyp çykyp gitdi. Ol köp ýyllaryň dowamynda ýakyn gatnaşykda bolan tussaglaryny gujaklap hoşlaşdy. Gülnarany GUIN-den gelen adamlar, biziň koloniýamyzyň başlygy Gülruh Kerimowa ugratdylar" diýip, aýallar koloniýasynyň işgärlerinden bir aýal Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugynyň žurnalisti bilen mikrofonsyz gürrüňdeş bolanda aýtdy.
Onuň sözlerine görä, Gülnara Kerimowa 19-njy dekabrda Özbegistanyň Jenaýat kodeksiniň 74-nji maddasy ("Jezany has ýeňil çäre bilen çalyşmak") esasynda, Daşkent welaýatynyň Zangiata etrap kazyýetiniň karary bilen koloniýadan boşadylypdyr.
Bu habar ne Içeri işler ministrliginiň metbugat gullugy, ne-de düzediş bölümi, ne-de Özbegistanyň Ombudsmen edarasy taýdan, resmi ýagdaýda tassyklandy, ýöne şol bir wagtda, Gülnara Kerimowa üçin düzediş edarasynyň görnüşiniň üýtgändigi baradaky maglumatlary hem inkär etmediler.
Çeşmeleriň maglumatyna görä, Gülnara Kerimowany ýeňilleşdirilen koloniýa geçirmek baradaky karar koloniýa administrasiýasynyň aladasy esasynda kabul edilipdir. Onda aradan çykan prezident Kerimowyň gyzynyň kazyýetiň çykaran höküminiň eýýäm üçden bir bölegini türmede oturandygynyň nazara alnandygy nygtalypdyr.
"Aslynda, bu madda koloniýanyň içki düzgünlerini bozanlara degişli bolmaly däl. Gülnara jeza çekmek tertibini yzygiderli bozýan tussaglaryň biridi. Türme jezasyny çekýän döwrüniň dowamynda, ol birnäçe gezek düzgüni bozdy, käýinç we duýduryş aldy" diýip, aýallar koloniýasynyň işgäri gürrüň berdi.
Geçen ýylyň iýulynda Azatlygyň Özbek gullugy öz çeşmelerine salgylanyp, Yslam Kerimowyň uly gyzy Gülnaranyň 2019-njy ýyldan bäri Zangiata etrabynda ýerleşýän №21 aýallar koloniýasynda oturan döwründe, "aýratyn gatnaşykdan” peýdalanýandygyny habar berdi. Bu koloniýanyň öňki tussaglarynyň biri türmede Kerimowanyň "islän ähli zadyna ýetip bilýändigi", oňa uly azyk paýlarynyň berilýändigi, ýokary hilli matadan tikilen eşikleriň elýeterlidigi hem "giň çäkde erk berilýändigi" barada gürrüň beripdi.
Şeýle-de, žurnalistler Kerimowanyň jeza möhletini geçýän türmesiniň işgärleri bilen anonim şertde gürrüňdeş boldular. Olar Kerimowanyň penitensiar edaranyň "administrasiýasynyň baş agyrysyna" öwrülendigini aýdypdylar. Mundan öň Özbegistanyň ilkinji prezidentiniň gyzy aýallar koloniýasynda ýaramaz daraşmalardan şikaýat edipdi.
Ýatladyp geçsek, Gülnara Kerimowa kakasynyň prezidentlik döwründe, Ýewropa ýurtlarynda abraýly diplomatik wezipeleri eýeledi, ägirt köp baýlyk toplady, Googoosha lakamy bilen sahna çykyşlaryny ýerine ýetirdi we gymmatly şaý-sepleriň dizaýny bilen meşgullandy.
Emma 2014-nji ýylda Özbegistany berk gysymynda dolandyrýan kakasy bilen gatnaşyklarynyň bozulandygy barada habarlar ýaýrandan soň, jemgyýetçilik nazaryndan ýitdi.
2013-nji ýylda Özbegistanda Gülnara Kerimowa garşy döwlet emlägini talamak we salgytdan gaça durmak boýunça, iki iş açyldy. Birinji iş boýunça ol 2015-nji ýylda, 5 ýyl azatlykdan mahrum edildi, ikinji iş boýunça, 2017-nji ýylda, 10 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi. Soňra ol jezanyň ýerine 5 ýyl azatlykdan çäklendirme girizildi.
2020-nji ýylyň martynda bolsa Daşkent şäher kazysy dildüwşük guramakda, zorluk bilen pul almakda, bergä batmakda we talaňçylykda, hapa pullary ýuwmakda we beýleki jenaýatlarda aýyplama bildirip, ony 13 ýyl 4 aý zähmet-düzediş koloniýasyna iberdi. Ol 2019-njy ýylyň baharyndan bäri Daşkent welaýatynyň Zangiata etrabyndaky 21-nji aýallar koloniýasynda, tussaglyk möhletini geçýärdi.
Kerimowa garşy iş Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda we Ýewropanyň birnäçe ýurdunda korrupsiýa we pul ýuwmak bilen bagly şuňa meňzeş jenaýatlarda aýyplanyndan soň gozgaldy. Barlagçylaryň maglumatlaryna görä, Kerimowa ýurtda mobil aragatnaşygyna ygtyýarnamanyň berilmegi üçin, telekommunikasiýa we beýleki kompaniýalardan (köplenç daşary ýurtly: MTS, WimpelCom, ING, Telia Sonera) bir milliard dollar töweregi para alypdyr.
Soňra ol öz ýoldaşlarynyň kömegi arkaly bu puly deňiz kenaryndaky kompaniýalaryň üstünden, daşary ýurda çykaryp, ondan gowrak aýratyn jaýlary we beýleki gozganmaýan emlägi satyn alýar. Özbegistanyň häkimiýetleriniň maglumatlaryna görä, Gülnara Kerimowanyň we onuň jenaýat toparynyň daşary ýurtdaky emläginiň umumy möçberi 1,4 milliard dollara golaý. Özbegistanyň hökümeti ol pullary häzire çenli-de yzyna aljak bolup çalyşýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum