Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Ýakyn Gündogara ikinji uçar daşaýjy gämi toparyny ýollady


Karl Winson uçar daşaýjy gämi (arhiw suraty)
Karl Winson uçar daşaýjy gämi (arhiw suraty)

ABŞ-nyň harbylary Ýakyn Gündogar sebitinde, regional howpsuzlyga abanýan wehimlere jogap hökmünde, ikinji uçar daşaýjy gämi toparynyň ýerleşdiriljekdigini mälim etdi. Bu aralykda, Birleşen Ştatlaryň güýçleri özüniň Gyzyl deňizdäki gämilerinden Ýemendäki Eýran bilen ilteşikli huti jeňçilerine garşy zarbalaryny dowam etdirýär.

Pentagonyň metbugat wekili Şon Parnelliň (Sean Parnell) 1-nji aprelde beren maglumatyna görä, Karl Winson uçar daşaýjy gämi Ýakyn Gündogarda eýýäm bar bolan Garry S.Truman uçar daşaýjy gämi toparyna goşular. Ol munuň “regional durnuklylygy üpjün etmek, agressiýanyň öňüni almak we sebitde kommersiýanyň erkin gatnawyny goramak tagallalaryny dowam etdirmek” üçin amal edilýändigini belledi.

Parnel Karl Winson uçar daşaýjy gäminiň Hindi-Pasifik sebitindäki planlaşdyrylan türgenleşikleri tamamlandan soň, Ýakyn Gündogara ugramak tabşyrylandygyny aýtdy, emma onuň haçan ol ýere aşjakdygyny aýdyňlaşdyrmady.

Bu baradaky bildiriş, ABŞ güýçleriniň Ýemendäki huti jeňçilerine garşy tas her gün amala aşyrýan zarbalaryna gabat geldi. Bu kampaniýa jeňçileriň regiondaky raýat gämiçiligine we harby suw transportyna abandyrýan howpuna soň bermegi maksat edinýär.

Birleşen Ştatlar huti jeňçilerini terrorçy topar hökmünde ykrar edýär. Jeňçiler 2023-nji ýylda Gazadaky uruş başlanandan soň, palestinlara raýdaşlyk bildirýändigini öňe sürüp, Gyzyl deňizdäki we Aden aýlagyndaky gämileri nyşana alyp başlady.

XS
SM
MD
LG