Ferganada jyn çykarmak däbi (ekzorzizm- efsun). "Jyn çalan" adam ýorgana oralyp goýlupdyr. Molla onuň depesinde doga okaýar.
Şeýle däp-dessuryň dowamynda, käte näsagyň garşysyna fiziki güýç ulanyp, ony urýarlar.
Urgynyň güýçli bolmagy-da mümkin. Sosial ulgamlarda şuňa meňzeş onlarça wideo bar. Soňky wagtlarda Özbegistanda jyn çykaryp, şypa beriji tebipçilik bilen meşgullanýanlar sosial ulgamlar arkaly öz hyzmatyny has-da güýçlendirdiler.
Daşkent welaýatynda bolan şeýle däp örän gussaly tamamlandy. Akkurgan etrabynda iki adam 42 ýaşly bir aýalyň "jynyny çykarýan" wagtynda, ony öldürdirler.
Akkurgan etrap jenaýat kazyýeti ol iki adamy jenaýatda günäli tapdy hem Özbegistanyň Jenaýat kodeksiniň 168-nji ("Kezzaplyk") we 102-nji ("Biperwaýlyk bilen ölüme sebäp bolmak") maddalary esasynda aýyplady.
Kazyýet bir "tebibe" 3 ýyl, ikinjisine bolsa 2 ýyl 6 aý azatlykdan mahrum etmek jezasyny berdi.
Iki adam bir sagadyň dowamynda doga okapdyrlar. Emma "iş kyn bolany" sebäpli, olar “jyny çykarmak” üçin, demir zynjyr, çekiç bilen näsagyň döşüne, garnyna, eline we aýaklaryna urupdyrlar. Netijede, ol aýal alan ýaralaryndan jan beripdir.
Bu hadysa 2023-nji ýylyň tomsunda bolup geçdi.
Däp berjaý edilende, şol otagda aýalyň garyndaşlary, onuň adamsy hem bar eken.
Hökmany medisina barlagynyň jemleýji netijesine görä, biçäre aýal gapyrgalarynyň döwülmegi, zaýalanan organlardan içe gan gitmegi zerarly ýogalypdyr.
Özbegistanda öň hem “jyn çykaryş” däbi geçirilende, adamlaryň ölen halatlary bolupdy.
"Kurhany şypa" ady bilen hem tanalýan bu däp tutuş arap we musulman dünýäsinde, şeýle hem dünýäde giňden ýaýran hereket. Özbegistanda hem giň ýaýrap, köplenç muňa aýallar ýüz tutýarlar.
«Käbir kejir jynlar bolýar, olary urup çykarmaly»
Adatça “jyn çykaryş” däbinde, molla "jyn kakanyň" depesinde doga oýlaýar we onuň egnine ýa başyna urýar.
Kokantdan bolan Gaýratjon kary Ferganada tanymal molla-tebipleriň biri.
– Eger adama jyn giren bolsa, ony çykarmak üçin, köp güýç gerek. Biz Kurhany ýa-da hadysdan okap, ony çykarjak bolýarys. Ýöne käbir kejir jynlar bolýar, olary urup çykarmaly. Ýöne yza ýeter derejede urmaly däl, biz jyn çalan adamyň egnine kakyp çykarýarys – diýip, Gaýratjon kary Azatlyk bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.
Jyn çykaryş däbini suratlandyrýan başga bir wideoda, molla syrkawyň egnine örtgi ýapyp, onuň üstünde ot ýakýar.
Mollanyň aýtmagyna görä, jynlar göýä otdan gorkýarmyş, olar oduň täsirinden çykyp gidýärmiş.
Häzirki wagtda sosial ulgamlaryň özbek segmentinde, hiç bir medisina bilimi bolmadyk, jynlary kowup çykarýan "şypa berijileriň" işjeňligi artýar. Facebook, «Одноклассники» we YouTube ýaly messenjerlerde "jyn çykarmak" bilen meşgullanýan mollalaryň ýüzden gowrak sahypalary bar.
Wideolarda goýlan ýazgylarda, “jynlaryň çykarylyşynyň” hakykydygyny ýa-da sahnalaşdyrylandygyny barlamak mümkin däl.
Olaryň bahasy bir hyzmat üçin, 200 amerikan dollary töweregi.
Bu "şypa berijiler" öz sosial ulgamyndaky sahypalarynda, rak (düwnük), süýji keseli, wirusly gepatit we aýal önelgesizligi ýaly kesellere "tiz we netijeli bejergini" wada berýärler.
Azatlygyň žurnalisti özüniň Facebook sahypasynda "jyn çykaryş terapiýasy” bilen meşgullanýandygyny aýdýan adam bilen gürleşmegi başardy.
– Ähli keselleriň sebäpleri adamyň içine giren jynlar bolup durýar. Biz jynlary dogalar okap kowýarys – diýip, adyny mälim etmedik söhbetdeşimiz aýtdy.
Käte "şypa berijiler" syrkawa kömek edýäris diýip, zyýan ýetirýärler.
Mundan 3 ýyl ozal sosial ulgamlarda özüni "dünýädäki iň güýçli Raşid tebip" diýip tanyşdyran Garagalpagystanyň ýaşaýjysy Raşid Kartbaýew müňlerçe näsagy diňe süňk uny hem towuk ýeleginiň üwelen püri bilen bejerjek bolup, näsaglaryň we sosial ulgamy ulanýanlaryň melamatyna galdy.
Kartbaýewden ýörite telegram kanaly arkaly ýüz müň suma süňk ununy satyn alan näsaglar munuň diňe öz saglygyna zyýan ýetirendigine nägile boldular.
Tahyýataş etrabynyň ýaşaýjysy leýkoz keselinden ejir çekýän 12 ýaşly gyzyny Raşid tebibiň ündewi bilen himiki bejerişden aýryp, towuk ýeleginiň pürüni bereninde, çaganyň ýagdaýynyň ýaramazlaşyp, soňra ýogalanyny aýtdy.
Özbegistanyň Baş prokuraturasy 2019-njy ýylda, Andijan welaýatynyň Şährihan etrabyndan, halk arasynda “Hasan domulla” diýlip tanalýan H. Ysmaýylowyň "şypa berijilik" bikanun işlerini togtatdy. Ol halk tebipçilik bejeriş däbi bilen hiç bir rugsatsyz meşgullanyp gelipdir.
Şährihan etrap administratiw sudy Ysmaýylowa iň pes iş hakynyň 5 esse möçberinde (şol wagtky baha boýunça 110$-dan köp), jerime saldy.
Baş prokuraturanyň maglumatyna görä, oňa her gün 300-400 raýat ýüz tutupdyr, şol sanda goňşy respublikadanam gelýänler bar eken.
Ysmaýylow keseline garamazdan, ähli näsaga şol bir dermany – gara nohut, suw, bal we pisse garylan bulamagy beripdir.
Netijede, hukuk goraýjy edaralar we etrap salgyt gullugy tebibiň bikanun işini togtadýar.
Keselleri okkultizm-efsun düzgüni we dini dessurlar arkaly bejermek, halk tebipçiligi hasap edilmeýär.
Saglygy goraýyş ministrligi: ýalançylardan ägä boluň!
Mundan ozal Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew halk medisinasyny gözegçilige almagy buýrupdy. Prezidentiň "Özbegistan Respublikasynyň halk medisinasyny tertibe salmak çäreleri barada" 2018-nji ýylyň 12-nji oktýabryndaky permanyna laýyklykda, halk tebiplerine (şypa berijilere) ýörite rugsatnama (lisenziýa) almak borçlandyryldy.
Şundan ugur alyp, Saglygy goraýyş ministrligi raýatlara saglygyny howp astyna salmazlygy we "dini öz ýaramaz bähbidi üçin peýdalanýan" ýalançylardan ägä bolmagy duýdurdy.
Tebiplerden kömek soran aýallaryň kä halatlarda, jynsy zorlukdan ejir çekendigi barada öňräk habar berildi.
Bäş ýyl ozal sosial ulgamlarda, “bejeriş” wagtynda ýaş aýalyň ýanynda, ýalaňaç mollanyň ýakyn oturan wideosy ýaýrapdy.
Şol wideodaky molla tutuş Andijan sebitinde aýallary önelgesizlikden "halas edýän" "şypa beriji" hökmünde tanalýardy.
Synçylaryň pikirine görä, Özbegistanda ýeterlik derejede gowy hilli medisina hyzmatlarynyň bolmazlygy adamlary başgaça bejergi almaga, käte şübheli usullardan şypa gözlemäge mejbur edýär. Netijede, çäresi bolmadyk syrkawlaryň käbiri ýalançylaryň pidasy bolýarlar hem jenaýatça duşýarlar.
– Özbegistanda hili gowy lukmançylyk hyzmatynyň ýetmezçiligi sebäpli, adamlar derdine çäre gözläp, dürli şypa berijilere we exorcist-efsunlara ýüz tutmaga mejbur bolýarlar. Bu ýagdaý öňem bardy, emma häzir köpeldi. Eger gelniň çagasy bolmasa, maşgalasy ony ginekologa däl-de, tebibe ýa-da molla alyp barýar. Adam ruhy hassalyga duçar bolsa, «jyn çalypdyr» diýip, onuň hossarlary molla ýüz tutýarlar. Bu aslynda, Özbegistanyň saglygy goraýyş ulgamynyň nähili derejede gynançly ýagdaýa düşendigini görkezýär – diýip, ferganaly graždan aktiwisti Abdusalom Ergaşow Azatlyk bilen söhbetdeşlikde aýtdy.
Forum